ALYJY, Hyrydar, satyn alýan. Malyň gowy bolsa alyjysy köp-le. ALYK, Malyň gulagyna kesilip salynýan tagma, edilýän bellik. Munuň özi meniň çakgym bilen alnan alykdyr (A. Gowşudow, MehriWepa). ALYM [a:lym], Ylmyň haýsy hem bolsa bir pudagyndan ökde, köp bilýän, ylymdar adam. Ol ýerik Ukrainadan alymlar geldiler («Pioner» žurnaly). Seniň deň-duşlaryň köpüsi her haýsy bir ugurdan alym bolup ýetişipdir (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde) . ALYMLYK [a:lymlyk], Ylymlylyk, ylymdan baş çykarmaklyk, alym derejesine mynasyplyk. Olaryň arasynda alymlyk satan kişi bolup, biderek zatlar bilen meşgullanýan ruhanylara belli orun berilýär (Orta asyrlar taryhy). Alymlyk derejesini almak ugrunda çalyşmak. ALYMSAK, gepl. d. Para almagy gowy görýän, hiç bir zatdan doýmaýan, betnebis, nebsewür. Alymsak adam. Işan-mollalar alymsak bolman nätsin, olaryň eklenji il üstünden ahyry. ALYMSAKLYK, Alymsak bolmaklyk, almyty gowy görmeklik, nebsewürlik. Onuň alymsaklyk häsiýeti bar. ALYN [a:lyn], 1. Adamyň, haýwanyň we ş. m. kelle süňküniň ýüz tarapy, öň tarapy. Azady ýanyna çagyrdy, başyny sypalady, gujagyna aldy-da, alyndan öpdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). At rysgaly alynda (nakyl). 2. Bir zadyň garşysy, öň tarapy. 3. Kömekçi söz rolunda: Gözläp ýören zadyň alynyňda ýatyr. * Alynyndan diremek maddy we moral taýdan kömek etmek, ýardam bermek. Adybeg ýykylan- sürşen ýerimizde biziň alynymyzdan direýär («Görogly» eposy). Onuň ogly ýetişdi-de, atasynyň alynyndan diredi. * Alynyňa ak gün dogsunbagtyň açyk bolsun, işiň şowly bolsun, işiň rowaç tapsyn. * Alynyňy diremek haraý gözläp bir ýere barmak, ýüz tutmak. ALYNDAŇY [a:lyndany], Aýal-gyzlaryň maňlaýlaryna daňynýan ýaglygy. Ol uly börügindäki on sim alyndaňynyň üstünden ýaşyl öýme aýlapdyr-da, şelpeli ildirgiç ildiripdir (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ALYNMAK, 1. Özüň üçin bir zat almak, edinmek. Özüme bir «Pobeda» maşyn alyndym. 2. Ýygnalmak, toplanmak, ele düşürilmek. Geçen maldarçylyk ýylyn-da diňe 2 doňuzdan 55 jojuk alyndy («Sowet Türkmenistany» gazýeta). Gektardan 30 tsentner pagta hasyly alyndy. ALYS, Ýakyn däl, gaty uzak, daş. Ýakyna getirdiň alys ýollary («Oktýabrь ýalkymy»). Alysdan şirin sözliňiz, Geldi, Öwez oglum geldi («Görogly» eposy). Alys ýerden pyýada, Geldim ençe ýol geçip (B. Kerbabaew, Poemalar). ALYHEZRET [aglyhezret], kön. s. Beýik mertebeli adama ýüz tutulyp aýdylýan söz. ALYŞDYRMAK, 1. Gerek-ýarak zatlary taýýar etmek, alyp goýmak, almak. 2. Her kim birini alyp gitmek, dagatmak. ALYŞMAK, 1. ser. Çalyşmak 1. Men Meret bilen çakgymy alyşdym. 2. Biri bilen gatnaşyk etmek, gelişmek; alşyp-berişmek. Ýolli goňşulary bilen goňşy okara alyşýan adam däldi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 3. Birine bir zat almaga kömekleşmek. Men Durda kitap alyşdym. ALYŞ-ÇALYŞ, Harydy arzan alyp gymmat satma, ownuk söwda. Onuň belli käri bolman, işi alyş--çalyş edip ýörmek. |