SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ALD


ALDAW [a:ldaw], Hile ýa ýalan söz, galp hereket, nädogry söz.

Eýsem, bu bulançaklygyň sebäbi näme? Elbetde, dünýäniň aldawy, albaýy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). * Aldawa salmak— aldanmaga sezewar etmek, aldatmak.

Elbetde, garra öz ýalňyşyny düşündirmek, ony aldawa salýan adam bar bolsa, şony aýtdyrmak, oňa çäre görmek zerurdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ALDAWAÇ [a:ldawa:ç], Aldap adamyň ünsüni çekýän zat, özüne çekiji.

Aldawaç bilen çagany güýmemek.


ALDAWÇY [a:ldawçy], Ýalançy, ýalan sözleýän, kezzap, hilegärlik bilen adam aldaýan.

Birden bir aldawçy möjek, niredendir, peýda bolýar (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


ALDAWÇYLYK [a:ldawçylyk], Mydama ýalan sözlemeklik, aldamak bilen meşgul bolmaklyk. Rehimsizligi, hyrsyzlygy, aldawçylygy bilen ýüze çykdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Olaryň elmydama aldawçylyga, sözde ýuwmarlamaklyga, zor aýakdanlyga we sypajaňlyga ýüzlenýändiklerini durmuş görkezýär (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika), Ata, sen şu aldawçylygy goý!


ALDAJY, Alyp-ýolup barýan, aldamak ýa-da başga hili ýol bilen bir zady ele salýan.

Kolhozyň ýigitleri öz mallaryny aldajy duşmandan goraýarlar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ALDAMAK [a:ldamak], Aldawa salmak, ýalan sözlemek, bir zady nädogry aýtmak, galp aýtmak.

Gurt laňňa galyp oturdy-da: — Näme meni aldamak isleýär-miň? — diýdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Görsene, muny, ýene «El ýagdaýy . agyr!» diýip; bizi aldaýar — diýip, Näzik özbaşyna hüňürdedi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Aldamaga oglan ýagşy, hudaý ursun garryny (nakyl).


ALDANMAK [a;ldanmak], Aldawa düşmek, birine öçüni aldatmak, ýalan habara, nädogry zada ynanmak, aldawa gitmek. Möjek özüniň aldananyny bilip, başyny aşak salyp, seňkilläp gidiberenmiş. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Bir wagtda men özüm oň  sözüne aldandym (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Indi aldanmagyň geçendir wagty (Mollamurt, Saýlanan eserler).


ALDATMAK [a:ldatmak], Aldawa düşürmek, aldawa salmak.


ALDAŞDYRMAK [a:ldaşdyrmak], Ýalan sözläp bir näçe adamyny aldamak, aldawa salmak, aldap çykmak. Ol hemmeleri aldaşdyryp çykdy.


ALDYGYNA,. Ýetişip bildiginden, çalt, irmän-arman, başardygyna, birsyhly, yzyny üzmän.

Aldygyna nahar iýýär. Aldygyna işlemek. Aldygyna geplemek.


ALDYM-BERDIM:   a l d y m-berdime salma k— 1) gaty gyssamak, heläklemek, erbet ýagdaýa salmak.

Bu günki dörän duýgy Aýsoltany aldym-berdime saldy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Abdykerim hanyň duýdansyz gözden gaýyp bolmagy Artygy aldym-berdime saldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim);

2) haýdap işlemek, haýdap gutarjak, ýerine ýetirjek bolmak. Olar aldym--berdime salyp, jaýy gutaryp barýarlar.


ALDYM-BERDIMLI, Heläkçilikli, örän güýçli, gyssagly.

Özlerini şol bir gezek ýeňenler bilen aldym-berdimli söweş edip hem biljekdiler (M. Gorьkiý, Eserler).


ALDYMGAÇ, Aýal köýneginiň ýakasyna, donuň gyrasyna tutulýan dürli reňkli sapaklardan edilýän

jähek.


ALDYRMAK, 1. Başga bir adamyň üsti bilen bir zat almak, edinmek. Matany. Merede aldyrdym-.

2. Ogurlatmak. Jübiňdäki puluňy aldyrmak.

3. Ýitirmek, gidermek. Gury saman tapman, barja gurbuny hem aldyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýogsam bu ýerzeminde ýatyp, bütin ýoldaşlarymyzy ýeke-ýekeden aldyrmagymyz mümkin .

(M. Ibrahimow, Ol gün geler).

4. Agyzlandyrmak, emmegi öwretmek, emdirmek (owlak-guzy, gele we ş. m. hakda).

Ogulnezik! — diýip, guzulary enelerine aldyrmak işi bilen hysyrdanyp ýören bir aýala gygyrdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

* Ald y rany bar ýaly — örän gyssagly, örän howlukmaç.

Şol wagtda bolsa Hümmet wolostnoý, aldyrany bar ýaly, gapyny kakman, şakyrdap girdi (B. Kerbabaew, Aýgytly edim).