SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GOB

GOBZY, dial. Kerwene gidilende, käse, çäýnek, gyrkylyk we ş. m. salyp, öz ýanyň bilen äkitmek üçin gaýyşdan tikilýän gap, guty.


GOBSUNDYRMAK, Ýerinden turuzjak bolup gozgandyrmak, hereket etdirmek, gymyldatmak.


GOBSUNMAK, Ýeriňden turjak bolup synanyşma hereket etmek. Ol kümüş gynly gylyjynyň baljy taýyny özüne bakan öwürdi-de gobsundy. Artyk oturan ýerinden gobsundy. Aşyr gobsundy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädnm).


GOBSUNYŞMAK, Ýeriňden turjak bolşup synanyşmak, hereket edişmek, gymyldaşmak.


GOBSY, Itelgi, ýardam. Batga batyp çöken düýe bi neme gobsy berip turuzdylar.