SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GOM

GOM [go:m] I, Guýçli ýel zerarly deňizde emele gelýän uly tolkun, güýçli tolkun.


GOM [go:m] II, Örküžiň gapdaly, küpe, arka.Süňki somalyşyp, eräpdir gomy, üstüne güpürdäp ýykylýar tamy (Ata Köpek Mergen, ýürek depderi).


GOMALMAK, Ýerliksiz-ýere öwünmek, gopbamsyramak, gomparmak.


GOMALTMAK, Ýerliksiz-ýere öwundirmek, gopbamsyratmak, gompartmak.


GOMALYŞMAK, Ýerliksiz-ýere öwünişmek, gopbamsyraşmak, gomparyşmak. Näme beýle gomalaşyp ýörsüňiz!


GOMEOPAT, Gomeopatiýadan spetsialist.


GOMEOPATIK, Gomeopatiýa degişli. Dermanyň gomeopatik dozasy.


GOMEOPATIÝA, Keseli dermanyň kiçi dozasy bilen bejeriş usuly.


GOMLAMAK [go:mlamak], 1. Örküjiniň gapdallaryna ýag ýygnamak semremek (düýe mallary hakynda). Bu gurçynyň reňki hurmaýy ýaly gyzaryp, garaköli ýaly buýra atdy, örküji gomlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç. m. Goltugyndan götermek, hemaýat bermek.


GOMPARMAK, Hondan bärsi bolan bolmak, öwünjeňlik etmek, gopbamsy bolmak, çişmek, gomalmak. Ýusup  şa gomparyp otyr («Görogly» eposy). Ýeri how, halypa ne beýle gomparýarsyň!


GOMPARYŞMAK, Köp bolup gomparmak, hondan bÄrsi boluşmak, gomalyşmak.


GOMPY, Özüňi hondan bärsi saýýan, öwünjeňlik edýän, gomalýan. Gompy adam.