SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GOJ

GOJA, 1. Ýaşuly, garry. Komandir bilen ýerli daýhanlardan bolan bir gojany görenden soň, ol ynandy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Gadam aga örän hoş gylyk goja (N. Pomma, Goşgular).

2. Üstünden bir näçe asyrlar geçen, köne, garry. Goja, daglardan ýol ala, Ak ýüzi goşa hal ola («Görogly» eposy). Goja daglar.


GOJALMAK, Gojalyk ýaşyna ýetmek, garramak. Asyrlar oň gara saçyn agartmaz, Ömür baky hiç gojaljak yok oňa' («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GOJALYK, Gojanyň ýaşynda bolmaklyk, garrylyk. Potduk aga, gojalyk bilen nädýärsiň? !


GOJAMAN  [gojamagn], 1. Örän garry,  gojalyk ýaşyna ýeten. Miweler astynda bökjekläp ýaşlar, Ýaşlyga aýlandy gojaman başlar (B. Kerbabaew, Aýlar).

2. Üstünden köp ýyllar, asyrlar geçen, köne. Gojaman çynarlaryň şahala ry al asmana gol uzadýar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ak ýorgandan çykdy gojaman daglar (B. Kerbabaew, Aýlar).