SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GOŞ

GOŞ  1. Ýaşaýyşda  öý  hojalygynda ulanylýan ýorgan-düşek we ş. m. zatlar. Men on minudiň içinde goşumy eltip, seniň goşuňa gatyp biljek (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Derwaýys goşlaryny göterip, yzan-çuwan ylgaşýan aýallar, çagalar-da eşelona bakan haýdaýarlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim);. Öýüň goşy.

2. Ýanyň bilen äkidilýän ýük, aňry-bäri zatlar. Hoşgeldi goşlaryny gapyda goýup, jaýlarynyň işigindäki bu görnüşleri hyrydar göz bilen synlady (A. Gowşudow, Kepetdagyň eteginde).

3. Çöl meýdan ýerlerinde goş-golam goýlup, wagtlaýyn mesgen tutulýan ýer. Çolugy bilen baş çopan goşdadylar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Birden gökden düşen ýaly bolup, bularyň goşunda üç atly, bir pyýada, dört sany ýaragly adam häzir boldy (A. Gowşudow Mähri—Wepa).

4. gäç. m. Ýer sürmek üçin goşulan mallar. Olar ýerli-ýerden goş goşup, gök otly, mahmal ýaly çyg ýeri ala dörjük ederdi. Galyň ýigidiň jany bilen deň görýän maly goşdan, döwekden çykarylyp, näçe gezek berildi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GOŞA I, Iki, jübt. Ýyldyrym çakypdy onuň ýüzünde, Goşa damja ýol edipdi ýüzünde («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ojakdan elli-altmyş ädimlikde bir goşa göz ýylpyldaýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GOŞA II, Iki nilli tüpeň. Duldan asylgy duran goşasyna ýapyşdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Begenç goşa tüpeňini egnine ildirdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Egninde goşasy ýuwaş hiňlenýär, Owazasy töwerekde ýaňlanýar (N. Pomma, Saýlanan eserler).


GOŞAWUÇ, Iki eliňi birleşdirip tutanyňdaky emele gelýän el aýasyndaky boşluk. Goşawujyny iým-den dolduryp, daşaryk çykdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GOŞAWUÇLAMAK, Goşawuç bilen almak. Suwdan goşawuçlap ýüzün ýuwanda, Özüne-de göründi oň sypaty (N. Pomma, Saýlanan eserler). Işikden gelene goşawuçlap paý berdiler (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


GOŞALAMAK, Goşa, iki etmek. Hemmeler hasyl alnandan soň ogullaryny öýermek, toý etmek, gyzlaryna sep, inji almak, sygyrlaryny goşalamak pikirindedi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GOŞALANMAK, Goşa bolmak, iki bolmak, iki bolup görünmek. Aýsoltan öz aladasynyň goşalananyny duýup galdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Harplar onuň görejine goşalanyp göründi. Onuň ýaňaklary dylçaryp, alkymy goşalanyp görünýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GOŞANT, Bir zadyň üstüni ýetirmek üçin goşulýan paý, bölek, ýetne, urna, zat. Ol öz goşandyny goşmaga barýar, Işlemäge Garagumuň çölüne («Sowet edebiýaty» žurnaly). Käwagt bolsa araçäkçilerden az-owlak däri alyp, özüniň hümmetsiz derisine goşant edýärdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GOŞAR, anat. Bilegwd aşak bölegi. Ak goşaryň kuwwatly, çyn zähmetiň burawy ( N. Pomma , Saýlanan eserler). Goşarlarynda iýmeşik tüýleri bardy. Ol tüpeňine ikinji gezek ok sürende, Kelhan onuň goşaryndan tutdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GOŞARLAMAK, Göreşilende garşydaşyň bilindäki guşakdan tutman, öz goşaryňdan tutmak. Aga Merediň bilinden pugta goşarlap tutdy.


GOŞARLATMAK, Göreşde garşydaşyňa biliňden goşarlap tutdurmak, pugta içiňi bermek. Biliňden goşarlatmak.


GOŞ-GOLAŇ, Içeri goşy, öý goşy, ýorgan-duşek, gap-çanak we ş. m. zatlar. Olar goş-golaňlaryny hasyr-husur eşegiň üstüne atdylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bu goş-golaňlary bilen Hoşgeldi maşyna münüp, ýakyndaky duralga bardy (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde). Görogly goş-golaň, paty-putularyny goýan ýerine — Üçgümmez dagyna ýetdi («Görogly» eposy).


GOŞGUÇY, Goşgy duzýän, goşgy ýazýan adam, şahyr.


GOŞGY, 1. Şygyr bilen ýazylan şahyrana eser. Wepanyň goşgular ýazan depderiniň içinden şeýle bir gyzykly zat çykdy (A. Gowşudow, Eserler).

2. gepl. d. Şygyrlaryň umumy ady. Ol güllerden. Lermontowyň goşgularyny okan ýaly lezzet alýar (N. Pomma, Sebäbini soň bildim.) Onuň pioner otrýadyna nyzam etdirip, baýramçylyk, ýygnaklarynda goşgy okap, deklamatsiýa aýdyp ýöreni ýaňy dälmidi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GOŞDAŞ, Meýdan ýerlerinde bir goşda ýa-da ýakyn ýanynda goş tutup ýaşaýan. Ol çopanlar goşdaş ýaşaýarlar.


GOŞDURMAK, 1. ser. Gardyrmak.

2. Arasyna birikdirtmek, arasyna gardyrmak. Ýekeje sygrymy goşduraý! — diýip, Nabat eje çopana ýüz tutdy.

3. Sürmek uçin araba we ş. m. berkitdirmek. Aty araba goşdurmak.

4. Düzdurmek, ýazdyrmak. Goşy goşdurmak.


GOŞLAMAK, Ulag mallarynyň birini münüp, beýlekisini ýanyň bilen idip gaýtmak. Aşyr öz ýanynda ýene bir ýabyny goşlap, Artygyň üstünden geldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Serwijan atlanyp, bir atam goşlap geldi («Görogly» eposy).


GOŞMA, Goşulyp emele gelen.

<> Goşma at — ser. At.

Goşma sözlem — ser. S ö z l e m.


GOŞMAK, 1. Öňküsiniň üstüne goýmak, üstüni artdyrmak, üstüni ýetirmek. Içip köpçüligi ň içine barmak gelşikli zat däl — diýip, sözüniň üstüne goşdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Garmak, garyşdyrmak, birikdirmek. Ýykylmyş köne dünýe, Awy goşduň aşyma (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler).

3. Köp zadyň arasyna garmak, birikdirmek. Komandir özüniň bir näçe ýigitlerini goşup, Gurdy we onuň ýoldaşlaryny batgaçylygyň üstünden geçýän ýoda salyp ugratdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

4. Mala, araba, azal we ş. m. tirkemek, arabany, azaly we ş. m. mala tirkemek, döwek döwmek üçin ýabylary ýa eşekleri biri-biriniň gapdalyna çatmak. Daýysynyň ýabysy bilen düýesini goşup, çygly ýerden keş çekip ugrady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

5.Goşgy, щygyr düzmek, ýazmak.Goşgy goşmak.

6.Ýaryşdyrmak, çapyşdyrmak. Meni öz pellämden çykarjak. bolsaň, at goşjak däl  (B. Kerbabaew, Aýgytly

 ädim).


GOŞMAÇA, Öňküden hem başga, öňkiniň üstesüne, öňküden daşary, üstüne goşup. Daýhanlar goşmaça talaplary öňe sürüpdirler (Orta asyrlar tary).


GOŞULMA, gram. Özbaşyna ulanylman, sözlere goşulyp ulanylýan bölek, affiks. Düşüm goşulmasy

Zaman goşulmasy. ýöňkeme goşulmasy.

<> S ö z  ýasaýjy goşulma — goşulan sözünden täze many ýasaýan goşulma.


GOŞULMAK, 1. Garylmak, gatylmak. Bu ýaga bal goşulypdyr.

2. Arasyna eltilmek, içine girizilmek,birikmek. Garly hem baryp, gyşaryşyp ýatan bir üşmege goşuldy  (A. Gowşudow, Powestler we hekaýala).

3.Bilelikde, birlikde hereket etmek. Emma çaganiň diňmän, gaýta öň küsinden hem beter  aglap başlany üçin, onuň özi-de saklanyp bilmän, oňa goşulyp aglamaga başlady (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

4.Nyzamly, tertipli, sazlaşykly bolmak. Emma goşulan aýaklary beýnisiniň buýrugyna emel  etmedi.

(B.  Kerbabaew,  Aýgytly  ädim).


GOŞULYŞMAK, 1. Bir näçe bolup birleşmek, garyşmak. Ýene atlanyp, goşulyşyp sürübersinler. («Görogly» eposy).

2. Sazlaşykly çykmak, sazlaşmak.


GOŞUN, Döwletiň ýaragly  güýçleri ýa-da  onuň bölegi. Dumly-duşdan goşun ýöreýärdi (A. Gowşudow  Mähri—Wepa).


GOŞUNTGY, ser. G a r n u w. Bu onuň bir goşuntgasy bar bolsa eerek.


GOŞUNÇYLYK,  Harby gulluk  ýagdaýy. Kyrk  ýyllap goşunçlykdan tarhan gezen daýhan birdenkä soldat  bermegi örän ýokuş gördi  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GOŞUŞMAK, Garmaga, goşmaga kömekleşmek. Palçyga saman goşuşmak.


GOŞÇY, 1. Goş saklaýan, goşa seredýän. Biziň bu itimiz goşçy bolupdyr, asyl goşuň ýanyndan ýitmeýär.

2 Goş goşýan, goş sürýän adam.


GOŞÝUMRUK, Birleşdirilen iki ýumruk. Daşyň ululygy goşýumruk ýalydy («Mydam taýýar» gazeti).