SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GOL

GOL I, 1. Bedeniň egninden tä eliň barmaklaryna çenli bolan bölegi. Elimdäki bir çogmak güllerden her haýsysynyň goluna bir gyzyl gül berip geçip gitdim (L. Durdyew, Saýlanan eserler). Ol iki goluny sallap, messan basyp ýöräp gelýärkä, onuň ýalpyldawuk gara saçlary iki göwsüniň üstünde  oýnap, biri-birine öwsün atýar ( N. Pomma , Sebäbini soň bildim). Kesew uzyn bolsa, gol ýanmaz  (nakyl).

2. Dokumentiň we ş. m. ýüzüne bir zady tassyklamak üçin hut öz eli bilen ýazan familiýaň. Adamzat bagty  üçin dünýäde, Parahatçylyk bolsun  diýip golçekyäň (Nury Annagylyç,  Goşgular).

3. Käbir ösüm-agaçlaryň baldagy, şahasy. Gojaman çynarlaryň şahalary al-asmana gol uzadýar  (B. Kerbabaew, Aygytly ädim).

* Gol asty —köp hukuklar boýunça birine garaşyly, öz erksiz, bakna. Patyşanyň gol astynda Ezilýärdi

halkyň seniň (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

* Gol bermek - päliňden gaýtmak  maksady bilen ruhanyadamdan (işandan, pirden)  doga almak we diňe dini düzgüne hyzmat etmek (dini düşünje boýunça). Şu pire gol berip, sopy bolup goýandyr («Görogly» eposy).


GOL [go:l] II, Gum ýerinde iki gerşiň aralygyndaky giň oý ýer, giden peslik. Maşynlar wazlaşyp ýaňladýar goly, üstleri hem pagta-galladan doly (N. Pomma, Saýlanan eserler). Çopanlaryň çyn mähriban hossary, Çarwalar goş basýar gollar içinde («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).


GOLA [go:la], 1. Gurşundan guýlan kenek, aşyk. Gola kenek.

2. gepl. d. Gurşundan guýlan möhür, peçatь. Gola bolsa polkownigiň berşi ýaly, Babahan arçynda galypdy. Arçynlyk golasy Babahana geçýär (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Myrat arçyn ýene aldy golany («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GOLAWRAMAK, Uzak ýoly pyýada geçmek we ş. m. sebäpli gaty ýadamak, ysgyndan düşmek, halys bolmak, aşa ýadamak. Daga awa gidip, halys golawradyk.


GOLAÝ, 1. Daş bolmadyk, uzak däl, ýakyn. Seniň şol ogluň urşuň golaýyna barjak gümany barmy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Birdenkä şäheriň gündogar çetinde gyzyl gwardiýanyň duran ýeriniň golaýynda atyşyk. başlandy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Garyndaşlyk taýdan ýakyn bolan, ýakyn. Ol haty, belki, ol özüniň iň golaý adamlaryna ýazandyr, belki, aýalyna ýa çagalaryna ýazandyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

3. Çen, çak, möçber, ýakyn töwerek, çemesi.


GOLAÝ-GOLTUM, 1. ÝAkyn aralyk. Bu gürrüňçilige bolsa golaý-goltum, oba-goňşular-da gatnaşýardylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Onuň ady bilen aşnalary golaý-goltumdaky obalardan ýygnanyp, Artygy uly dabara, aýratyn höwes bilen garşy aldylar.

2. Ýakyn garyndaş. Golaý-goltumyňy çagyryp toý etmek.


GOLAÝLAMAK, 1. Bir ýere, bir zada golaý gelmek: ýakynlamak. Otly stantsiýa golaýlady.

2. Ýakyn gelmek, ýakynlamak (wagt hakynda). Gije daňa golaýlapdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Indi kakasynyň hem geler wagty golaýlaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Otlynyň geler wagty golaýlapdyr.


GOLAÝLATMAK, Golaý aralyga eltmek, golaý getirmek, ýakynlatmak. Kem-kemden olaryň aralaryny golaýlatdylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Şofior maşynyny köprä golaýlatdy-da duruzdy.


GOLAÝLAŞMAK, 1. Bir ýere, bir zada has golaýlamak, golaý gelmek, ýakyn gelmek, ýakynlaşmak. Elguşy möjege has golaýlaşypdy, («Sowet edebiýaty» žurnaly). Otly stantsiýa golaýlaşýardy.

2. Ýetip gelmek, ýakynlaşmak (wagt hakda). Ol şol mahal garaňkynyň golaýlaşmagyna begendi (A. Gowşudow, Eserler).


GOLAÝLYK, 1. Uzak dällik, ýakynlyk. Işleýän ýerimiň golaýlygy-da her zatça bar.

2. Garyndaşlyk taýdan bolan ýakynlyk. Olaryň garyndaşlyk taýdan bir golaýlygy bardy.


GOLAK, Goly bolmadyk, eli kesik, golsuz. Golak adam.


GOLAKLYK, Golak bolmaklyk, goldan mahrumlyk, golsuzlyk.


GOLAŇ,  Öýüň  gamşynyň daşyndan aýlanýan ýüp.


GOLBAG [golba:g], Hamyt bilen arabanyň goluny baglamak üçin ulanylýan gaýyş, golgaýyş.


GOLGAÝYŞ, ser. Golbag.


GOLGARAMA' Birine garaşly bolan, birine tabyn, bagly ýagdaý, elgarama. Olaryň özleri hem keseki döwlete golgarama (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GOLDAW, Kömek, garaşyk, hemaýat, ýardam. Emma ol başlangyç doly goldaw tapmandyr («Sowet edebiýaty žurnaly). Araky pul maňa oňat goldaw boldy.


GOLDAMAK, Arka çykmak, kömek bermek, garaşyk etmek. Özüm ölsem, ruhum goldar sizleri. Ähli türkmen halklary hem saňa ýar bolup, seni goldar, oglum! («Görogly» eposy).


GOLDATMAK, Arkasyny tutdurmak, kömek berdirmek.


GOLDAŞ, Kömek berýän, goldaýan. Saklamak täji döwletdir, At ýigidiň goldaşydyr («Görogly» eposy).


GOLDAŞMAK, 1, Goldamaga kömek bermek, arka çykyşmak, kömek edişmek.

2. Bile götermek, birlikde tutup götermek. Içi arpaly agyr haltalary ene-de gol-daşyp başlady («Kolhoz gunleri»).


GOLLANMA', 1. Gerekli, degişli ugur boýunça alynýan kitap, görkezme esbaby.

2. Bir zady, işi ýerine ýetirmek üçin kanunlar ýygyndysy.


GOLLANMAK, Bir zady öz işinde peýdalanmak, ulanmak. Men şol kanunlar ýygyndysyny gollanýaryn.


GOLLAŞMAK, Biri-biriň goluna gol salmak, gol-gola berip tutuşmak.


GOLSUZ, 1. ser. G o l a k. Iki golsuz, bir aýaksyz adamyny basmagyň bolsa duşmana has hem ýeňil düşjegini bilýärin (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Gol çekilmedik, gol goýulmadyk. Aýtgula töhmet edip, golsuz hatlar ýazdylar ( N. Pomma , Taýlak hyzzyn).


GOLSUZLYK,  ser. Golaklyk


GOLTAŞMAK, Juda ýakyn durmak, biri-biriňe goluň degmek, goluň kaklyşyp durmak. Mährijamal nämedir bir zat barasynda ýürekden syzdyryp gürruň bermek üçin, Wepanyň  sag  gapdalyna goltaşdy. (A.  Gowşudow, Mähri—:Wepa).


GOLTGY,  Kömek,  hemaýat,  goldaw. Göwünlik sözi bilen bize goltgy berýärdi (A. Gowşudow powestler we hekaýalar). Üç ýyllap azap edip okadan mogallamyň oňa goltgy berjek bolup goşmaça soraga geçmegi Artygy alщyratdy   («Mydam taýýar» gazeti).


GOLTUK, 1. Goluň egin bilen birleşýän ýeriniň,aralygy. Onuň goltugyna ýara çykypdyr.

2. Ýan bilen arasyndaky boşluk, giňişlik.  Onuň goltugynda düşen bukja bardy  (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

<> Goltukdan    götermek — ýardam etmek, kömek edip aýaga galdyrmak, gurplandyrmak.


GOLTUKLAMAK, 1.  Goltugyňda götermek, goltugyňa alyp götermek, goltugyňa almak. Çüýşegöz depderini goltuklap geldi (A. Gowşudow, Eserler).

2. Biriniň goltugyndan tutmak, birniň goltugyna girip götermek, goltugyndan tutup ýörmek, kömek etmek.    Suwa gark bolan adamy goltuklap daýzam alyp gelýärdi (L. N. Tolstoý, Saýlanan  eserler).


GOLTUKLATMAK, Goltugyňdan tutdurmak.


GOLTUKLAŞMAK, Biri-biriňiň goltugyndan tutmak, gol tutuşmak. Gyzlar goltuklaşyp baga girdiler.


GOLÇA, Ýag, bal we ş. m. zatlar salar ýaly agzy giň, içi syrçaly  kiçižik küýze.Gülnäz golçadaky gatykdan mis jama guýup, alyny gemrilen agaç bilen ony çalmaga başlady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Eline ullakan ak keseni alyp, golçadan gowudakly ýag çykarýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GOLÇUNAR [golçuna:r], 52 kart bilen 11 ýa-da; 21sana çenli utuk gazanylýan kart oýnunyň ady. Golçnar oýnamak.


GOLÇUR, Ösumligiň gapdaldan çykýan ösüntgisi. kelte şaha. Meret küýki jöwenleriň ýaş golçurlaryny ýygmaga durdy (N. Pomma, Sebäbini soň bilidim.) Däne üçin ekilen ösümliklerde golçurlary ýok etmek möhüm agrotehniki usuldyr («Mekgejöwenden ýokary hasyly nähili almaly»).


GOLÝAZMA , Awtoryň öz eli bilen ýazan teksti, asyl nusgasy, elýazma. Dissertatsiýanyň golýazmasy. Halk dörejiligine degişli eseriň golýazmasy.