SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GOP

GOP: gop bermek—1) birini ýa-da bir zady götermek üçin kömek bermek, turmaga ýardam etmek. Mamanyň egninden gop berip galdyrdy. Açlyk adamyny gör nähili ejizledýär — diýen oý bilen, Artyk ony gop berip galdyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim);

2) birini götergilemek, meçew bermek. Aýsoltana ejesiniň şol sözi goltugyndan gop berip galdyrana döndi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Sazyň äheňi bolsa, biri-birini mäkäm gysýan elleriň goltuklardan gop berip galkyjakladýan, göwünleri göwünlere jebisleýän siňňin ýylylyk ýaly syzylýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Haý berekella, Wüşi beg, gaýrat et bakaly, Wüşi beg! — diýip, her wagt onuň goltugyndan gop beren ýaly edýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde.).


GOPARMAK, 1. Gögerip oturan ýa-da bir ýere berkidilgi zady sogurmak, sogrup çykarmak. Tokaý agaçlaryny goparmak üçin olaryň wagty köp bolupdyr (Orta asyrlar taryhy). Ol jaýyň ilerki işigini goparmak aňsat — diýip pyşyrdady (A. Gowşudow, Eserler).

2. Ýüzüniň gatyny aýyrmak, gatyny gaçyrmak. Ussa tamyň köne suwaglaryny goparyp, bir ýüzüni tutuş täzeden suwady.


GOPARTMAK, 1. Gögerip oturan ýa-da bir ýere berkidilgi zady sogurtmak, sogrup çykartmak. Guran agajy gopartmak.

2. Ýüzüniň gatyny aýyrtmak, gatyny gaçyrtmak.


GOPARYLMAK, Sogrulyp aýrylmak, çykarylmak. Goparyldy şorlukdaky ýylgynlar, Depeler-de pytradylar her ýan (A. Haýydow, Gök asman). Guran agaçlaryň hemmesi goparyldy.


GOPARYŞMAK, Goparmaga, sogurmaga kömek edişmek. Sogan goparyşmak.


GOPBAM [gopba:m], ser.Gopbamsy. Ol  özüni şeýle bir gopbam we batyrgaý tutýar  (M.ÝU.Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).  Olaryň her biri oňa gopbam söz urup, ony aýratyn hezzetlemek üçin alyp gitdiler  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GOPBAMLYK [gopba:mlyk], Gopbama mahsus bolan gylyk-häsiýet, ulumsylyk, gedemlik. Hormat et hem syla, Gulak as ile, Gopbamlyk gowy däl, Gir dogry ýola («Tokmak» žurnaly). Goňşularynyň hormat goýmazlyklary onuň gopbamlygyny ýatyrar eken («Mydam taýýar» gazeti).


GOPBAMSY [gopba:msy], Ile göwni ýetmeýän, özüni hondan bärsi tutýan, ulumsy, gedem, gopbam. Görogly bu gopbamsy hanlara, despotik soltanlara boýun egmeýär («Görogly» eposy).


GOPBAMSYRAMAK [gopba:msyramak], Özüňi hondan bärsi tutmak, gomparmak, çişmek. Seniň ulumsylygyň, gopbamsyramagyň hiç kime geregi ýok («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol asla nämesine gopbamsyran bolýar-ka?   (M.ÝU. Lermontow,  Biziň zamanymyzyň gahramany).


GOPBARMAK, Hondan bärsi bolmak, ulumsy bolmak, gomparmak, çişmek.


GOPGUN,  I. Güýçli galmagal, gykylyk, wagyrdy. Olar öz oýunlarynyň gyzgalaňy bilen töwereklerinde    gopgun  tursa-da duýmaýardylar(A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Olaryň öýlerte töwereginde  gülki,gopgun durdugyça köpelýärdi. bu gün daň atandan jagyl-jugul gopgun bilen Artamonow telegrammany okap gutarmanka, dabara gopgun bütin töwerege ýaňlanyp gitdi (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).

2. göç.  m. Dawa, jenjel.Bu Mähri bilen Wepanyň üstünde turan gopguny ýadyňa salýardy. (A.  Gowşudow, Eserler).  Nerazylyk, jenjel, yene köpeldi   (B.  Kerbabaew, Aýgytly ädim).  Olar ownuk-uşak gopgun turuzsalar hem mümkindir  (X. Ysm ýylow, Powestler).


GOPGUNLY, 1.Gykylykly, galmatally,  zenzeleli Tanslar daýandy, gollar sallandy, Dym-dyrsa aýlandy gopgunly meýlis  (B. Kerbabaew, Aýlar).

2. göç. m. Dawaly, jenjelli. Komissiýanyň birinji mejlisi gopgunly geçdi. Oňa gopgunly günler hem, Aýnanyň ag haly hem, Tejeniň guraklygy hem täsir etmändi (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gopgunly iş.


GOPDURMAK, Ýerinden turuzmak, galdyrmak. Atageldi, bar, dostuňy ýerinden gopdur, gideliň, wagt geçip barýar!


GOPMAK,  1. Ýüzi dökülip aýrylmak, gaçmak, soýulmak   (suwagy,  gabygy,  kesmegi).  

Tamyň suäagy dyr.

2. Döwlüp aýrylmak, döwülmek.Çäýnegiň gulpy gopdy.

3.  Sogrulyp aýrylmak, sogrulmak. Durdygyça kynlaşsa-da oň haly, ýylgyn gopaýmasa, ol hem gopjak däl  (N. Pomma,  Goşgular). 

4. göç. m. Ýerinden galmak, turmak. Nabat ýerinden gopdy (N. Pomma, lanan eserler). Giç gopdum öýdýän,  ýetişip bilmedim. (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

<> Gykylyk [galmagal]    gopmak — ser. G y k y l y k.  Töwerekden kylyk gopdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GOPUZ, Türkmen  gyzlarynyň  agyz  bilen çalýan demir dilli saz guraly. Gopuzyň sesine sesin goşupdy Ýaş ýüregim şoňa gaýnap joşupdy  (N. Pomma, Saýlanan eserler). Köp wagtlar gezdim göz ýaşym döküp Indi şady-horram bolasym gelýär, Sazly gopuzymy alyp elime, Köp şatlanyp,indi çalasym gelýär. (Ş. Kekýlow, Saýlanan eserler).


GOPUK, Gopup aýrylan,  gopan. Bu  çäýnegiň digi gopuk-la!