SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GOR

GOR I, 1. Agaranly düýe çalynyň küýzedäki galyndysy; düýe süýdünden çal etmek üçin gerek bolýan gönezlik . Gory ýeten düýe çaly Artygyň gaňşyrawugyny tütetdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Çal tutmak üçin goruňyz barmy?

2. göç. m. Artdyryp goýlan zat, maýa. Onuň ozaldan birneme gory bardyr. Ol gor baglapdyr.


GOR II, Palçykdan salynýan jaýyň, haýatyn bir pagsasy. Ene bir gor goýýaýsak, tamyň boýy ýetjek.


GOR [go:r] III, Otdan galýan ownuk köz, ownuk köz gatyşykly kül. Myralynyň atyna iým bermäň-de, torbasyna gor salyp geýdiriň— diýip tabşyrypdyr (Myraly). Tomsuň jöwzasynyň astynda çaýkanyp ýatan otly gora meňzeýän ürgün mele çäge bu gün gara bukulp ýatyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

<> Gonjuna    gor    guýmak—aladaly,    howsalaly  ýagdaýa salmak, gaharyny getirmek, howsala salmak .Häli - şindi sawçylyga gelýänler onuň gonjuna gor guýýardy (Sowet edebiýaty» žurnaly).


GORAW [go:raw], ser. Gorag 1.


GORAWAÇ [go:rawa:ç], Gorap saklaýan zat, gorag üçin serişde.


GORAG [go:rag], 1. Gorap saklamak üçin edilýän çäre, saklaw. Soňky wagtlarda duşmanlar şol obany gorag astynda saklamaga başlapdyrlar (A. Gowşudoa, Essrler). Sen hak zähmetimiň goragyndasyň («Sowet edebiýaty"» žurnaly).

2. Bir zadyň öňüne edilýän päsgelçilik. Meýdan-gorag tokaýlaryny ekmek hakyndaky kapar.


GORAGÇY [go:ragçy], Gözegçilik edýän, gorap saklaýan adam; goraýjy. Biz siziň goragçyňyz (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim), Ol Zöhräniň, Tahyryň hem-de olaryň erkin söýgi baradaky pikirleriniň goragçysy hökmünde çykyş edýär. Ýönekeý türkmen adamy Keminäni özüniň ýakyn bir goragçysy hasabynda ondan häli-şindi tymsallar getirýär («Edebiýat»).


GORAÝJY [go-.raýjy], ser. G o r a g ç y. Şol yoluň gahryman goraýjylaryna we işgärlerine ýadygärlikler bina etmek barada şu gün karar kabul edildi («Sowet Türkmenistany» gazeti) .


GORALMAK [go:ralmak], Esewanlyk edilip saklanmak, gorap saklamak üçin gözegçilik edilmek, garawulçylyk edilmek. Goralan göze çöp düşer (nakyl).


GORAMAK [go:ramak], 1. Ekine we ş. m. gözegçilik etmek, garawulçylyk çekmek, esewanlyk etmek. Harmany otdan-suwdan, mal-garadan goramak.

2. Watany duşmandan saklamak. Duşmanlardan azatlygy goraýas, Meýil etseler, biz rehimsiz daraýas ( N. Pomma , Saýlayan eserler).


GORANMAK [go:ranmak], 1. Daşky sredanyň zadyň zyýan, zelel ýetirmezligi üçin özüňi goramak. Keseliň ýokuşmagyndan. goranmak atňatdyr (N. A. ÝAblokow, Ýokançly içege keselleri).

2. Watany howply ýagdaýdan goramak, duşmandan özüňi goramak. Goranmak işinde bolan taýýarlyklara göz gezdiriljek meýdana gitjek (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


GORATMAK [go:ratmak], Gözegçilik etdirmek, gorap saklatmak, garawulçylyk etdirmek, seretdirmek. Üzüm goratmak.Ekini mal-garadan goratmak.


GORAŞMAK  [go:raşmak], Gorap saklamaga  kömekleşmek,bilelikde goramak. Ekin goraşmak.


GORGUN, Atyň gezeriniň, çapyş hereketiniň bir görnüşi (at gorgunyna gidende, bir wagtyň içinde bir öň aýagyny we bir art aýagyny ýere basýar) . Ol iki atlynyň öňüne düşüp, gorgunyna sürdi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GORDURMAK, 1. Aty gorgunyna sürmek. Başlyk ýene-de atyny gorduryp geldi («Kolhoz günleri»).

2. göç.m. Pekrini  bilmek üçin gürletmek. Stepanowiň iberen wekillerini gordurypt göreris («Sowet edebiýaty- Žurnaly).


GORJAW ;  gorjaw bermek— bir zada et diýip Küşgürmek, öjükdirmek. Oňa gorjaw berýän adam bar.


gorjamak [go'-RJamak], 1.  Dörjelemek, ölçermek.(Ot barada).  

 Ody gorjasaň, öçer, goňşyny gozgasaň goçer .(nakyl).

2. Bir zadyň içini arassalatmak üçin dyrmalatmak.

3. Öň bolup geçen bir zady gozgatmak, agzatmak. Derdini gorjatmak.


GORJAŞDYRMAK [go-rjaşdyrmak], 1. Dörjeşdirmek, ölçerişdirmek (ot hakda). Ody gorjaşdyrmak.

2. Bolup geçen zady ýüze çykarmak üçin gorjap ýörmek.


GORIZO'NT, Asmanyň ýa-da ýeriň ýüzüniň göz bilen görüp bolýan çägi, gözýetim. Gorizontda hiç zat görünmezlik.


GORIZONTA'LЬ, Gorizonta parallelь bolan göni çyzyk.


GORILLA, zool. Merkezi Afrikada ýaşaýan adam pisint maýmyn.


GORKA, Batyrgaý däl, ätiýaçly ýagdaýda, çekinibräk. Işe gorka ýapyşmak.


GORKA-GORKA, Gorky bilen, çekine-çekine, ýaýdana--ýaýdana. Ol gorka-gorka yza çekildi. Oglanjyk gorka--gorka güjügiň ýanyna baryp, oňa çörek oklady.


GORKAK., Batyr däl, towşan ýürek, gorkup ýören. Gorkaklar, namartlar, dönükler bolsa masgaralanýar we galyndyrmaz gargyş aşagynda galýarlar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Kakam könelşien garry adam, sen ondan. hem beter gorkak bolupsyň (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

Gorkagy kowsaň, batyr bolar (nakyl).


GORKAKLYK, Gorkaga degişli bolan gylyk-häsiýet, batyr dällik, towşan ýüreklik. Işde gorkaklygyň geregi ýok. Gorkaklygyň hem gözüni çykarýarsyň.


GORKMAK, 1. Bir zatdan, hereketden we ş. m. heder etmek, gorky duýgusy peýda bolmak, ürkmek. Mehrijamal gorkup: — Waý! — diýip gygyrdy (A. Gowşu-dow, Eserler).

Gorkana goşa görner (nakyl).

2. Heder etmek, ätiýaç etmek, çekinmek. Biz ähli mugallymlar bolup ondan gorkardyk (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


GORKUZMAK, 1. Garaşylmadyk hereket bilen zähresini  ýarmak, allaniçigsi tisgindirmek, ürküzmek. Duýdansyz üstüne baryp gorkuzmak.

2. Belli bir hereket bilen heder etdirmek, ätiýaç etdirmek. Mehrijamal bada-bat agasynyň gorkuzmak ýoly bilen aýtdyran sözlerini ýene gaýtalapdyr (A. Gowşudow, Eserler). Olar özleriniň şu hileleri bilen sekiz batyry gorkuzyp, howsala saljak bolupdyrlar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

3. Howp salmak, gorky salmak. Aýtmady diýmäň, kimde-kim meni gorkuzjak bolup garşymdan çyksa ýa-da meniň bilen ýaka tutuşsa, menden eýgilik tamasyny etmesin (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Derýanyň joşmagy halky gorkuzdy.


GORKULY, Gorkusy bar bolan, howply, hatarly. Gowaça ekini üçin iň gorkuly zyýankeşleriň biri gowaça sowkasydyr (P. P. Boguş, Türkmenistanda gowaça sowkasy we oňa garşy göreş çäreleri). Görogly gorkuly ýerlerde bolýar («Görogly» eposy).


GORKULYK, Gorkuly ýagdaý, howplulyk, hatarlylyk ýagdaýy. Men bolsam-a gitmezdim, gorkulyk! — diýip. Wlasowa sözledi (M. Gorьkiý, Ene). Obanyň içinde hiç hili gorkulyk. ýok.


GORKUNÇ, Eýmenç, erbet, aýylganç, elhenç. Emma ertesi waka Sähediň oýlaşyndan-da gorkunç bolup çykdy (A. Gowşudow, Eserler). Ýorganyň astynda hem oňa dünýe gorkunçdy (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


GORKUNÇLY, Örän eýmençli, elhençli. Tebigatyň gorkunçly hadysalarynyň wehimi olaryň durmuşyna hemişe howp salýar (Gadymy dünýä taryhy}.


GORKUNÇLYK, Eýmençli, gorkunçly ýagdaý. Bir gorkunçlyk bar ýaly bolup dur (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


GORKUSYZ, 1. Hiç hili gorkusy bolmadyk, howp-suz, wehimsiz (ýer]. Gorkusyz er.

2. Hiç zatdan gorkman, batyrlyk bilen, ätiýaçsyz. Biz hiç zatdan. gorkusyz barýardyk.


GORKUSYZLYK, Gorkusy ýokluk, ätiýaçsyzlyk, howpsuzlyk, wehimsizlik.


GORKUŞMAK, Bilelikde gorkmak, ätiýaç edişip başlamak, howatyr edişmek. Gorkuşyp oturmak. Gorkuşyp başlamak.


GORKY , Bir zat sebäpli döreýän wehim, heder etmek duýgusy, güýçli tisginiş. Onuň ýüzünde gorkynyň we howlukmaçlygyň hemişe agdyklyk edýän bir keşbi öňküligine galýardy (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler). Gorkynyň ölüme haýry ýok (nakyl).

<> Gorka düşmek — gorkuly ýagdaýda bolmak, gorkmak. Bäbek, atlymydyň ýa pyýada? — diýip, özüniň gorka düşmegi bilen sorady (N. Saryhanow, aýlanan eserler).


GORKY-ÜRKI, ser.  G o r k y. Şol pursatda meniň ýüregimde hiç hili gorky-ürki ýokdy  («Sowet edebiýat»  žurnaly) Artyk uruş  gidýänini, gorky-ürkini unutdy-da, öz jigitlerine el bulap, şähere bakan at goýdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

GORRA, Erkeklik mäzine şikes düşen, perzent önmek ukyby bolmadyk, tök (erkek adam hakynda). aýallaryň  lybasyna girip, bir hili täsinlik bilen ökläni göteripdir (N. W. Gogolь, Eserler).


GORSAW [go:rsaw], Içi ownuk közli kül. Tamdyryň gorsawyna kartoşka gömdük.

<> Gorsaw açmak — ,uz açan ýaly hereket etmek, ot açmak. Olar az wagt saw açdylar.


GORSANMAK [go:rsanmak], 1. Özüň üçin otda gorda gorsap zat bişirinmek, kesenmek.

2. Oda-köze düşmek, dek oturman, oňa-muňa kakynjyramak. Adamlar azar berip gorsanyp oturma! Biderek gorsanyp ýörme.


GORSATMAK [go:satmak], Birine otda,  gorda gorsadyp zat bişirtmek, kösetmek. Mekgejöwen gorsatmak.


GORSAŞMAK [go:saşmak], Otda gorsap zat bişrişmek, köseşmek, gorsamaga kömekleşmek.


GORSULDAMAK,   1. Uly aýakgaply gors-gors edip ýöremek, gorsuldyly ses çykarmak. Gorsuldap ýörmek.

2. göç. m.. Hondan bärsi bolup ýörmek, gopbamsyrap Gorsuldan bolup ýörmek.


GORSULDATMAK, Gorsuldyly ses çykarmak, suldyly seslendirmek. Iwan orlan otlaryň üstünden äpet   ädimini gorsuldadyp, howuz taýa ylgaýardy (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GORSULDY, Giň aýakgap geýip ýörelende çykýan ses.


GORULMAK, Aşaklygyna süýşüp dökülmek, goýulmak (çäge we ş. m. hakda).

<> Içiň gorulmak! ser. I ç. Ol haçan içi gorlandan soň, öýüne gaýdyp gelýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler)


GORUM, Gäminiň düýbi. Gorumdaky suwlar sag taýa eňip, Nawuň bir gapdalyna agram salýardy  (Ş. borjakow,  Kaspi  kenarynda).  Iňlis formasyndaky sany soldat eli syrtyna daňylgy bir balykçyny parohoduň gorumyna  süýräp getirdi  («Sowet edebiýag žurnaly).


GORHANA [go:hagna], Ok-däri we ş. m. partlaýjy maddalar saklanylýan jaý, sklad. Bu obanyň ok-däri

hem ýangyç saklanýan gorhana öwrülenligi berlen gürrüňlerden aýdyň boldy (A. Gowşudow, Mähri-

Wepa).           


GORÇI'TSA, 1. bot. Sary gülli ot görnüşli ösümlik.

2. Çörege we ş. m. çalmak üçin şu ösümligiň tohumyndan taýýarlanan ýiti ajy önüm.


GORÇIÇNIK, Ýapylan ýerine gan üýşürýän, ýüzüne gorçitsa hamyry çalnan plastyrь, ýapy.

Onuň endamyna gorçiçnik ýapdylar (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GORÇY  I,  Gor tutýan.         I


GORÇY II, zool. 1. Garaköli goýun bilen gazaky goýnuň aralygyndaky goýnuň ady.

2. Goýnuň goňra ýakyn we ak bilen goňruň aralygyndaky reňki.


GORŞO'K,   Ýaşajyk çaganyň  aýagyny tutmak ,metaldan ýa-da farfordan edilen gap. Çagany gorşokda

oturtmak.


GOSPITALIZIRLEMEK, Syrkawy gospitala salmak, keselhanada bejermek.


GO'SPITALЬ,   Harby   keselhana, harby gullukçylar bejerilýän keselhana, keselhananyň bir görnüşi.Ol ýaralandy, bir näçe gospitalda ýatdy,  Ol gospigalyň jaýlarynyň  daş ýüzünden geçýän ýabyň köprüsiniň ýanynda duran maşyna bakan ýüzlendi (A. şudow, Saýlanan eserler).