SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GOÝU

GOÝULMAK, Bir ýerde ýerleşdirilmek. Kitaplar etajerkada goýuldy.


GOÝULGMAK, Sygyr, goýun guzlandan soň, birinji günki süýdünden bişirilýän önüm. Oglum, ajygansyň, me, saňa goýultmak bişirdim (A. Durdyew, Saýlanan eserlsr) . Aýsoltan eje sygyrlary guzlasa, goýultmagyn-dan dadyrman iýmezdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GOÝUM, Amanat kassada goýlan pul. Amanat kassada goýum goýmak.


GOÝUMÇY, Goýum goýýan adam, goýumyň eýesi. Goýumçylaryň sany barha köpelýär. Amanat kassanyň goýumçysy bolmak.


GOÝUN !, Goşa toýnaklylar otrýadyndan bolup, süýt, Ýüň, et üçin saklanýan öý haýwany. Bu ýerde geçen ýyl orta hasap bilen her ýüz ene goýundan 105 guzy alyndy («Sowet Türkmenistany» gazeti) . Goýun ýüze ýetýençe, derisi müňe ýeter (nakyl).

Goýny ýel alsa, geçini asman-dan gözle (nakyl) .


GOÝUN II, kön. s. ser. Gujak. Gülübän goýnuna gunar Aşgabat, Gün-günden

GOÝUN II, kön. s. ser. Gujak. Gülübän goýnuna gunar Aşgabat, Gün-günden güýç alyp, geçer Aşgabat («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). Goýnuna dolmak. Goýnundan sekiz jennet ysy gelýär. Goýnumdan dökülse ~ gonjuma (nakyl).


GOÝUNGUŞ, zool. Torgaýa meňzeş guş. Kesellerden başga ýüpek gurçuklaryna serçe, goýunguş, geçiguş, her hili arylar, alaka ýaly gemrijiler uly zyýan berip biler (W. Z. Raenko, Ýüpekçilik boýunça öňde baryjy tejribe).


GOÝUNDARÇYLYK [goýunda:rçylyk], Oba hojalygynyd bir pudagy hökmünde goýunlary öndürip ösdürmeklik. Türkmenistanda goýundarçylyk hem ösdürilýär.


GOÝUNÇY, Goýun sürüsiniň yzyna düşýän, süri bilen öwrenşen (it, eşek we ş. m.) . Öýleriň arka tarapynda hem symgylt ullakan goýunçy köpek zynjyryna böküp durýardy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


GOÝUNÇYLYK, ser. G o ýu n d a r ç y l y k. Goýunçylygy has giňden öndürijilikli ösdürmek gerek.


GOÝUŞMAK,   Goýmaga  kömekleşmek. Kitaplari  etažerkada goýuşdym.