SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GON

GONAK, ser. M y h m a n. Biz olara gonak bolduk.


GONAKLYK, ser. M y h m a n l y k.


GONALGA, 1. Gonar ýaly ýer, gonmak üçin ýer, düşelge. Uruglar aw we iýilýän otlar gözlegipde öz gonalgalaryny üýtgedip, göçme durmuşda ýaşapdyrlar (Gadymy dünýä taryhy). Arçyn han, hasapsyz uçan guş gonalgasyny ýalyňýandyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GONAM [go:nam], Gabyr, gör, mazar.

<>Gonam başy —soňra gonamçylyk bolan açyk bir meýdanda ilki jaýlanan adam, mazar.


GONAMALÇY, Toýda-tomaşada, hudaýýoluda we ş. m. gelene-gidene hyzmat edýän, märekä eserdeňlik edýän adam. Ýowaryň gonamalçysy Sary ony hormatly ýer-de düşek üstünde oturtdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GONAMÇYLYK [go:namçylyk], Ölen adamlaryň jaýlanýan ýeri, mazarçylyk, mazarystan. Soň Magtymgulynyň gonamçylygyna aýlanyp gaýdarys (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Ony Saragtdaky Jöhitdepe diýen gonamçylykda jaýlapdyrlar («Edebiýat»).


GONDALAW, Gapdaldan berilýän we ýetirilýän päsgel, zyýan, ezýet, azar. Biz sygyr çopanyň gondalawyn-dan gaçyp, öňki ýerimizi üýtgetdik. Hywada, Horezm ülkesiniň her bir ýerinde sähelçejik gondalaw baryny bildimmi, men oňa şol gijede ýetip bilýän, şol gije-de çym-pytrak edip bilýän. Başarsa, duşmanyň ýeňsesinden gondalaw berip durmak üçin, Çernyşow ony Tejende galdyryp gaýdan eken (B. Kerbabaew, Aýgytly ädnm).


GONDUBAG [go:nduba:g], Bir zady daňmak, baglamak

üçin daňynyň bir görnüşi. Sygryts aýagyny gondubag

salyp daňýarlar.            .

GONDURMAK, 1. Gonmaga mümkinçilik bermek, uçup ýören zady ýere düşürmek, uçmagyny bes etdirmek. samolýoty gondurmagy oýlandy («Sowet edebiýaty»).

2- göç. M ,Pugta urmak. Agsak mürzäniň küýi ýagyrnysyna tüpeň teýini gonduryp, ony gyzyl wagona süssüren sep diýýärler, şeýlemi? Elindäki pil bilen biriniň ýeňsesine gondurasy geldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GONMAK,1. Ýerde oturmak, howadan ýere düşmek (uçýan zathakda)Onuň gidýän tarapyna eňişip, Eý

Polat guş biziň guýa gon! — diýýär ( N. Pomma , Goşgular)

2. Dynç almak üçin arkaňdaky ýüküňi düşürmak,ýüküňi düşürüp oturmak. Dynç almak üçin aralykda bir gondyk.

3.Göçe – göçlükde bir ýurtdan  ikinji bir ýere baryp ornaşmak, täze ýurt tutmak. Kimler gonmandyr bu   yurd,Ýurdaa gonan göçer bir gün    («Görogly»    eposy)

Göçen ýurduts gadyryny gonaňda bilersiň   (nakyl).

4. Alçy ýa-da towha oturmak   (aşyk oýnunda).


GONORAP, Ýazan eseri, ýerine ýetiren işi üçin ýazyja, alyma, hudožnige we ş. m. berilýän pul, galam haky. Awtorlyk gonorary.


GONÇ, 1. Aýakgabyň topukdan ýokarky bölegi. Dohow bu sapar gonjy gasyn-gasyn ädigini çykaryp, ýalpyldawuk botinka geýipdir (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Özleriniň seresap ädimlemezlikleri sebäpli, käbirleriniň ädiginiň gonjy suwdan doldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Balagyň bir ýan bölegi. Näme-de bolsa, bu gaty zat içki balagynyň gonjundady (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Mamagülüň içki geýiminiň gonjunyň agzyndaky bir sere bejergisi görünýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegin-de).