SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GOÝA

GOÝAG ,Elguşa berlen ýüňüň ýa-da tüýli hamyň gaýdyp agzyndan çykan görnüşi, gusugy.


GOÝAZ ,Salykatly,   akylly, goýry. Ol bir hili goýazly ýaly akylyna aýlanan adam ýaly görünýär (B. Kerbabaew. Yhlas— myrat).


GOÝAZYLNMAK, Salykatly bolmak, akyllanmak. Maýsa has goýazylynydyr(B.Kerbabaew, Aýgytly Ädim).


GOÝALMAK, Suwy azalyp goýy bolmak, suwuklygy aýrylmak.Çernil ötsküsinden goýalypdyr.

* Baly   goýalypdyr ser.   B a l.   Kolhozyň bag-bakjalaryndaky baly goýaldy(A.Gowşudow,  Mähri— Wepa).


GOÝALTMAK, Suwuny çekdirip,goýy hala öwürmek. Köp gaýnadyp goýaltmak.


GOÝALYŞMAK, Suwy çekilişip, öňküsinden birneme goýalmak, goýy bolmak. Bulamak goýalyşyp başlapdyr.

<> Akyly goýalyşmak — ser. A k y l. Akyly goýalyşan adam.


GOÝAŇ, med. Guragyry keseli, süňk agyry keseli, rewmatizm.