SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GOÝ

GOÝ, Şeýle bolsun, hiç zat diýme, degme. Goý  ýaňlansyn ýaşlygmyzyň aýdymy (N. Pomma, Goşgular) Närazylyk, goý, kimden çyksa çyksyn, bizden çykmasyn (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GOÝBERIBERMEK, Yzly-yzyna goýbermek, duran zadyňy birden sypdyrmak, bilgeşleýin goybermek, atanlykda goýbermek.


GOÝBERILMEK,  1. Paýlanmak, ýaýradylmak, berilmek. Gurluşyga gerekli enjamlar arzan bahasy goýberilýär.

2. Daňysy çözülmek, boşadylmak. Daňylgy mallar hem goýberildi.

3. Girmäge rugsat edilmek. Jaň bolandan soň, kluba goýberilýär.

4. Öňi açylmak, tutulmak (suw we ş. m. hakynda). Ekine suw goýberildi. 

5. Çykarylmak,  neşir edilmek, çap  edilmek. Ol makala gazetiň şu nomerinde goýberildi.


GOÝBERMEK,  1. Paýlamak, ýaýratmak, bermek. Kolhozlar awans däne goýberýärler.

2. Daňysyny çözmek, boşatmak. Men iti goýbermegiň nähilidigini  size görkezerin (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

3. Goýmak, salmak, ibermek. Seniň damaryňa şu sülügi goýbermeli edipdir («Sowet   edebiýaty»    žurnaly). Hat ýazyp goýbermek.

4. Öňüni açmak, tutmak (suw we ş. hakynda). Kanala suw goýbermek. 

5.  Çykarmak, neşir etmek, çap etmek. Makala goýbermek. 

6. Aýyrmak, sypdyrmak. Gyz utanyp ýüpden elini goýberdi   (B. Gurbanow, Duşuşyk) .

7. Aşaklygyna oklamak, taşlamak. Dik duran  yerinden özüni  ýassygyň. üstüne goýberda(B.Kerbabaew,   Aýgytly   ädim).  

8. Kömekçi işlik funktsiýasynda  ysnyşyp gelýän  işligi  bilen birlik-de gymyldynyň  bolup gutaranyny   aňladýar.   Towla goýbermek, aýdyp goýbermek, ýylgyryp goýbermek, kowup goýbermek, silterläp goýbermek.


GOÝBOLSUN: goýbolsun   etmek— etjek bolýan işiňi etmezlik kararyna gelmek. Ýakubyň gürrüňi bu işi goýbolsun etmäge ony mejbur etdi(sowet edebiýaty»  žurnaly).


GOÝDURMAK, 1. Alnan zady  öňki yerinde, başga bir ýerde galdyrtmak, taşlatmak.  

2.  Zatlary tertibe getirtmek, yerleşdirtmek. Annaguly bu zatlar tamynda yerbe-yer  goýdurdy (A.    Durdyew, Saýlana eserler). Men stoly şu ýerde goýdurdym.


3. Bes etmek, taşlatdyrmak. Şahyr öz goşgusynda nas atmagy goýdurmak isläpdir   («Edebiýat»).

4. Oturtdyrmak,  saldyrmak. Aýna goýdurmak, Diş goýdurmak.


GOÝMAK,  1. Eliň bilen ýerleşdirmek, ýene ýerinden galdyrmak,  taşlamak.  Gülaýym ýuwaşlyk bilen ýerde goýdy («Görogly» eposy). Genral onuň öňünde iki dilde maşinkada peçat edilenşertnamany  goýdy  (B   Kerbabaew, Aýgytly  ädim).

2. Bes etmek , taşlamak. Çilimi goýmak. Bagşy aýdymasyny goýdy, Ol sesini goýdy.

3. Kömekçi işlik fuktsiýasynda gelip, aşakdaky ýaly ulanylýar: 

a)  ysnasyp gelýän isimleriniň manylary  bilen baglanyşykly hereket aňladýar. Gol goýmak, rezolýutsiýa goýmak, ýoldan goýmak;

b) ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň  bolup gutaranyny aňlatýar. Alyp goýmak, edip goýmak, orup goýmak,  gurup goýmak.


GOÝRY 1 Saýasyna gün düşmeýän, goýy. Ýaldyraşyp ýuwaşjadan seslenýär, Goýry saýa salyp, barha beslenýär (N. Pomma, Saýlanan eserler). Goýry köl-de haly atyp, bular uzak sözleşdi («Mydam taýýar» gazeti).

2. Ýenil-ýelpaý däl, agras, saldamly, salykatly. Goýry adam.


GOÝTUK, Boýy  kelte, kiçijik. Şol  goýtuk  adam gelip gitdi.


GOÝY, 1. Suwuk bolmadyk, soraşyp duran. Şu günler düýäniň goýy ölümi kändir («Görogly» eposy).

2.Goýry, tutuş. Goýy gara tüsseler burugsap, towlanyp asmana galýarlar. Onuň gözi harmanyň goýy kölegesine düşýär (A. Durdyew, Saýlanan eserler).