SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GOT

GOTAZ, Bezeg üçin dakylýan ujy ýüplük pürçükli düwme, ujy seçekli düwme. Kumuş gupba, gara gotaz,

saçynda, Düzüm-düzüm sallanyşyp dur eken («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). Aýnanyň darak tutýan eli göz ilginsiz inip galýardy, gotazlary galgaýardy, köýnekçäniň gotazlary sagrysyndan dökülip duran Meleguşa bazbendi goşa ýumruk ýaly ini dört barmak göwüsbent dakypdyr (B. Kerbabaew, Aýgytly

ädim).Ol gotazlarynyň ujuny oýnap, Arzygözele seretdi( N. Pomma , Taýlak hyzzyn).

           

GOTAN, zool. Alkymy holtumly, uzyn çüňkli, suwly yerlerde ýaşaýan uly ak guş. Aýsoltanyň ak gotanyň ganaty ýaly pel-pelleýän eli göründi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


GOTOWA'LЬNÝA, Çyzgy enjamlary ýerleşdirilen guty.


GOTUR 1 ýüzi mama dişän, ýüzünde mama keseliniň yzy galan. Ýüzi gotur adam.

2. Malyň, adamyň hamyna düşýän gijilewükli kesel. Gulman baýlardan uç sany çallyk geçini nesýe aldyk, ol geçilerem gotur çykdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Bir bar eken,  bir ýok eken,  gadym  eýýämde kellesi kel, gözi kör,  endamy gotur bir  tilki  bar eken

(«Türkmen  halk  ertekiler   ýygyndysy»).   Gotur düýe.

Gotur goluňda bolmasyn, ýamýn — ýanyňda    (nakyl).


GOTURAKY, Çala gotur, gotur nyşany bar bolan. Ballynyň goturaky ýüzüne gynanç gatyşykly şatlyk gelip gondy. Goturaky, çagaly, betgylyk Ballynyň keşbini, ýadyna salanda, ýüregi bulanýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GOTURAMAK, Gotur keseli bilen kesellemek, gotur bolmak. Düýäňizde goturany barmydy? (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GOTURLYK, Mama keseli bilen kesellemek netijesinde gotur bolmaklyk.

goh

GOH [go:h], Şowhunly çykýan gykylyk, galmagal, gopgun. Uly goh turupdyr («Mydam taýýar» gazeti) <>Goh turuzmak — galmagal etmek, gopgun turuzmak, gykylyklamak. Sansyz aýak gyrmylt-gyrmylt, Oba içinde goh turuzdy (B. Kerbabaew, Poemalar).