SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÖB

GÖBE [gö:be], Köwüş ussalarynyň tikini endiganlamak we ş. m. üçin ulanýan tutarly ýasy guraly.


GÖBEK [gö:bek], 1. Çaga ene garnyndaka, ony enesi bilen birleşdirýän we iýmitlendirýän içege. Goňşudan gelen gartaň aýal çaganyň göbegini kesdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Ýetim oglan öz göbegini özi keser (nakyl).

2. Garnyň ortasyndaky kesilip daňlan düwün, içege düwni.

3. Rezin pökginiň ýel berilýän deşiginiň iç gapdalyna ýerleşdirilen tokgaja rezin. Pökginiň göbegi gaçypdyr.

<>Göbek ene — ýaňy dogan çaganyň göbegini kesen aýal. Mama eje meniň göbek enemdi.

Göbegiň gömlen ýeri—dogan ýeriň, enden bolan ýeriň.

Göbegiň gömlen ýaly bolmak — bir ýerden hiç ýana gitmän oturmak. Seniň göbegiň gömlen ýaly, ömür içerde otyrsyň-la! — diýdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GÖBEKLI [gö:bekli], Göbegi bar bolan.

<> Erkek göbekli — ser. E r k e k. Erkek göbekliden hatda on-ýaşar oglan-da görünmeýär (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÖBEKLIK [gö:beklik], 1. Ýokarsy üç burç, aşagy hem gönjük ýaly, üsti gaşly, aýallaryň gursagyna dakynýan bezeg şaýy.

2. Göbegin teweregi.