GÖZ, 1. Göreç organy we görejiň özi, garak. Gözüň şar şekilli
Gözüň agyrsa, eliňi çek, içiň agyrsa damagyňy (nakyl). Göz agyrydan adam ölmez, soramaga hiç kim gelmez (nakyl). Göz ujy bilen gözleme: gözleriňe zor geler; dil ujy bilen sözleme: özüňe azar geler (nakyl). 2. Agajyň gapdalyndan ösüp çykan çybyk düýbi. Bu agajyň gözi köp eken. 3. Iňňede we temende sapak ötürilýän deşik. Iňňäniň gözi döwlüpdir. 4. Tüpeňiň ok salynýan ýeri bilen birlikde nili. Tüpetsiň ikinji göz okludy (J. Akyew, Mergeniň ogly). 5. Suwuň başlangyç çykýan ýeri, çeşmäniň gözbaşy. Suwuň gözi bitipdir. 6. Penjiräniň, äpişgäniň, aýnanyň aýna salnan bölegi. Aýnanyň bir gözi döwlüpdir. 7. Horjunyň zat salynýan ýeri. Horjunyň iki gözi hem aňry-bäri ňäz -nygmatdan doludy. GÖZARA [göza:ra], Baka goýulýan mallar kellesini çykaryp iým iýer ýaly, agylyň diwarynyň her ýerinde goýulýan deşik. Hol bir gapdaldaky goýun agylyndan üç sany goýun, iki sany tokly gözaradan boýunlaryny uzadyp seredişýärdiler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). GÖZBAGÇY [gözba:gçy], Çalasyn hereket etmek bilen adamy aldawa salýan gipnozçy. Sen jadygöý, gözbagçy! (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler). Düýn bu ýerik Apelьbaum diýen gözbagçy geldi (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany). GÖZBAGÇYLYK [gözba.tçylyk], Gözbagçynyň käri, jadygöýlik. Ýalan gowga salyp külli jahana, Gözbagçylyk üçin gurdy bahana (Mollamurt, Saýlanan eserler). Emma welin, munda hiç bir hili gözbagçylyk ýokdur (N. S. Hruşew, Pagtanyň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak ugrunda). GÖZBAŞ, 1. Suwuň çykýan ýeri, çeşmäniň akyp başlaýan ýeri. Berýer hersiniň iş paýyn, Ýasawul gözbaş-dan paýlap (Çary Aşyr, Poemalar). 2. göç. m. Bir zadyň başlaýan ýeri. Azatlygyň gözbaşyny tapanlar, Hemmeňe kän salam. Ata Salyhdan (Ata Salyh, Saýlanan eserler). GÖZBOÝAGLYK, ser. G ö z b o ýa g ç y l y k. Bu ýaş gözboýaglyk üçinmi? («Sowet edebiýaty»'žurnaly). GÖZBOÝAGÇY, gepl. d. Aldawçy, ýalançy, kezzap. Biziň aramyzda gözboýagçy adam bolmaly däldir. GÖZBOÝAGÇYLYK, Aldawa salmaklyk, büs-bütin. ýalan iş, aldawçylyk, kezzapçylyk. Gözboýagçylyk etmek üçin goltuklaryny kitapdan dolduryp ýören ýaňralary öwmeli däl-de, hakykaty okaýan adamlary öwmeli (B. Pürliew, Ilkinji gün). GÖZ-GÖRTELE, Aç-açan, il ýüzüne, görnüp durka, ile äşgär, mese-mälim, görnetin. Ol Wepanyň ölümi barasyndaky bildirişi aýtmadyk bolup, göz-görtele ýalan sözledi (A. Gowşudow, MähriWepa). Gowaça bejergisine göz-görtele päsgel berýärdi («Kolhoz günleri»). GÖZ-GULAK: göz-gulak bolmak habardar bolmak, esewan etmek, seretmek. Ol durmuşyň nämälim hem çolaşyk ýollarynda, hemişe şol gylyçdan göz--gulak bolmalydy (M. Ibrahimow, Ol gun geler). Men özüm bir göz-gulak bolaýym (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). GÖZGÜLBAN [gözgulba:n], Şalpy-şaraň; ile masgara. Ony gözgülban edip, atyň öňüne basyp getiripdirler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Olaryň beýle gülban bolup durşuna biziň haýpymyz geldi (N pomma, Egri eýikmez). GÖZGYNY [gözgy:ny], Gaty kynçylykly, horlukly, güzap, naýynjar. Onuň görnüşi örän gözgynydy. şindizem taşlaman çüýrük düzgüni, Halk içinde bolup ýörmüň gözgyny («Sowet edebiýaty» žurnaly). GÖZGYNYLYK [gözgy:nylyk], Gözgyny halda bolmaklyk, gözgyny ýagdaýda bolmaklyk, güzapçylyk,naýynjarlyk. Ýazyna şol traktorçy gözgynlyk bilen, ekin meýdanyna çykýar (N. S. Hruşew, SSSR-iň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek çäreleri hakynda). GÖZGYNYÇYLYK [gözgy:nyçylyk], ser. Gözgynylyk.Nälet siňmiş işsizlik kyn! Şondan gözgynyçylyk ýok (M. Gorьkiý, Ene). GÖZDAŇDY, Çagalaryň göz daňlyp oýnalýan oýnynyň ady. Gözdaňdy gyzykly oýundyr. GÖZEG, Çuwal, horjun ýaly gabyň agzyny gözemek üçin edilýän halkajyklar. Horjuna gözeg etmeli. Bu çuwalyň gözegi bolmansoň, muny gözäp bolanok. GÖZEG: gözeg salmak seretmek, bakmak, garamak, äňetmek. Soň ýerinden turup, dürbüsi bilen oklaryň uçýan tarapyna pugta gözeg saldy, sagadyna seretdi (A. Gowşudow, MähriWepa). GÖZEGSIZ, 1. Gözegçilik edilmeýän, hiç hili gözegçiligi bolmadyk. Jaýy gözegsiz galdyrmak. 2. Gözegi bolmadyk, gözeg edilmedik, gözelmedik. GÖZEGÇI, Gözegçilik edýän, esewanlyk edýän, seredýän, äňedýän adam, gözegçi. Ýoldaş maýor, 2-nji rotanyň gözegçisi pulemiotçy Saryew! (X. Ysmaýylo; Powestler). Aýtguly demir ýola gözegçi bolup işe girdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). GÖZEGÇILIK, Göz-gulak bolmaklyk, gözegçi bolmaklyk, garawulçylyk, gözetçilik. Olar hatarlaryň göni bolmagyna we inedördülleriň dogrulygyna gözegçilik etmelidirler (N. S. Hruşew, Pagtanyň öndurilişini mundan beýläk-de artdyrmak ugrunda). GÖZEL, 1. Owadan, ýaraşykly, gelşikli, görmegeý.; Her kimiň öz sypaty özüne gözel diýen ýaly, özüne şol görnüşi oňa gözeldi (A. Gowşudow, MähriWepa).Seýdi öz döredijiliginde Türkmenistanyň gözel tebigatyny uly ussatlyk bilen suratlandyryp bilipdir.(«Edebiýat»). 2. göç. m.Aýal gyz maşgala. Başyň galdyr, seret, Eýran gözeli, Seret-de synlap gör, tana ozaly. («Oktýabrь ýalkymy). Bir kemsiz gözel bolmaz (nakyl). GÖZELEK: gara g ö z e l e k owadan gara gözli. Ynha gözleri oýnaklap duran bir gara gözelek (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). GÖZELLIK, Ýakymly şekillilik, görmegöýlik, owadanlyk. Ýagşy ýigit, biz tebigatyň eçilerine garaşyp durmaýarys,onuň baýlygyny, gözelligini gaňrap alýarys (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Sýužetiň halkylygy, çekilen suratlaryň gözelligi, şygryň gulaga ýakimlylygy ol poemany şol wagtky edebiýatdan saýlaýardy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). GÖZLEMEK Gözegleri ýüp bilen daňylmak, köjelemek. Çuwallaryň hemmesiniň agzy gözelegdir. Gözelen harjunda neme bar? GÖZEMEK Çuwalyň, horjunyň we ş. m. gabyň içinden zat dökülmez ýaly köjüklerinden eýläk-beýläk atanaklaýyn ýüp geçirip daňmak. Agaýunus iki horjunyň agzyny gözäp, özüniň hem zerli-zerli geýimlerini aldy («Görogly» eposy). Çuwallary gözemek. GÖZENEK, 1- Atanaklaýyn görnüşde kakylyp, çeklip edilen germew. Şondan. soň ol bagyň bir burçunda gözenek agylça içinde towuklaryň öňüne sepilen arpiny gördi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). 2. Gara öýleriň durlugy, gamşy aýrylan täriminiň deşikleri, şol gözenegiň öňi. Öýüň gözeneginde ýatan ala ganjyk geçip barýan ýaba tupuldy (A. Durdyew. Saýlanan eserler). Sadap, näme üçin gözenegi açaňok (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GÖZETLEMEK, 1. Seretmek, bakmak, garamak. Her dozoryň yzyndan gözegçilik etmek üçin bellenen adamlar hüşgärlik bilen olaryň signalyny gözetleýärdi (A. Gowşudow, MähriWepa). Ýapon içalylarynyň gömtlemkk synanyşyklary puja çykýardy («Mydam taýýar» gazeti). 2. Garaşyp durmak. Birini gözetlep durmak. GÖZETMEK, Gözeglerinden ýüp geçirip daňdyrmak, köjetmek. Horjuny gözetdim. Çuwalyny başga birine gözedipdir. GÖZETÇI, ser. Gözegçi. Her bir işde özüň gözetçi bolmasaň bolmaýar (A. Gowşudow, Kepetdagyn eteginde). Gylyç mergen iberdi diýip aýt, meni hemmesi, tanaýar, bolmasa sen şu ýerde gözetçi bol, men gideýin (A. Gowşudow, MähriWepa). GÖZETÇILIK, ser. Gözegçilik. Diňe alyp barýan işinde derňew gözetçiligi güýçleneni sebäpli, hemişekisi ýaly, bir sagat-iki sagatlap lomaý wagt ogurlygyny edip bilenokdy (A. Gowşudow, MähriWepa). GÖZEŞMEK, Gözäp bermek, gözemäge kömek bermek, köjeşmek. Horjuny gözeşmek. Çuwallary gözeşeniň üçin sag bol. GÖZLEG, Zady tapmak maksady bilen edilýän agtaryş,ideg, barlag. Piotr hem bikär ýere özüne iş tapýar, derde galýar, gözleg bilenem adam tapyp bolarmy? (Gowşudow, MähriWepa). Şagal bir gün ajykdy, awuň gözlegne çykdy .(«Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. göç. m. Isleg, arzuw. Onuň gözlegi iň çetdäki raýonyň iň çetdäki kolhozy (N. Pomma, Taýlyk-hyzzyn) GÖZLEMEK- Tapmak maksady bilen agtarmak, barlamak,aňtamak, yzarlamak. Eli taýakly adamlar, assyrnyk bilen kimidir birini gözleýärdiler.(B.Kerbabaew' Aýgytly ädim). GÖZLENMEK- Agtarylmak. seredilmek, barlanylmak.Has amatly öri meýdanlary gözlenip gazeti tapylýar we özleşdirilýär («Sowet Türkmenistany» GÖZLETMEK , Tapmak üçin agtartmak, barlatmak, aňtarmak, seretdirmek,ýiten maly gözletmek. Saýlawçylaryň spisogyndan biriniň familiýasyny gözletdim. GÖZLEŞMEK, 1. Tapmak maksady bilen gözlemäge kömekleşmek, aňtaşmak, barlaşmak. Biriniň ýitiren zadyny gözleşmek. Gözleşmäge başga adam hem ýokdy. 2. göç. m. Ýardam etmek, garaşyk etmek, kömekleşmek. Komsomollar daýhanlara gözleşýär, Hojalyklar arkalaşyp birleşýär (Mollamurt, Saýlanan eserler). GÖZLI, Gözi bar bolan. Gözli agaç. <> G ö z l i k ö r syýasy sowatsyz, gözýetimi giň bolmadyk, dar düşünjeli. Artyk, biz gözli kör ekenik (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ýiti gözli akyldar, pähimli, daşdan görýän, eserdeň. Sypmasyn ol gola düşmän, Ýiti gözli bolgun, inim! (Ata Salyh, Saýlanan eserler). GÖZLI-BAŞLY, Öýli-işikli, maşgalaly. <> G ö z-l i-başly (bo l m ak) etmek öýermek. Indi seni öýerip, gözli-başly etmegimiz gerek (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Meniň bir ýetişen inim bar. Şony gözli-başly etmek maksadym, bar («Sowet edebiýaty» žurnaly). GÖZLÜK, 1. Çybyn-çirkeýden goranmak üçin, atyň, eşegiň gözüniň ýokary ýanyndan dakylýan seçekli gaýyş. 2. Juwaza, haraza we ş. m. goşulýan iş mallarynyň gözüne tutulýan mata. GÖZMONJUK [gözmo:njuk], 1. Dini düşünjeli aýallaryň «göz degmesin» diýip, özüniň ýa-da çagasynyň boýnuna, malyna dakýan ala monjugy. 2. göç. m. Owadan, eýjejik, gowy. Onuň iki sany gözmonjugy ýaly eýjejik çagasy bar. GÖZÜGARA, Mätäç, zar, tamakin. Indi sen menden hem gözügaramy?! GÖZÜGARALYK, Zada mätäçlik, hary-zarlyk, tamakinlik. <> Gözügaralyk etmek içigaralyk etmek, görüp bilmezlik etmek. Sen indi meniň şujagaz günüme-de gözügaralyk edýärsiňmi?! GÖZÜKDIRMEK, Heniz tejribesi bolmadyk adama, haýwana iş ýol öwretmek, tälim bermek, nähili işlemelidigini görkezmek. Tazyny awa gözükdirmek. Ony saza gözükdiren ussady boldy. GÖZÜKMEK, 1. Işe birneme öwrenişmek, hünäri ele alyp başlamak; berilýän tälime öwrenişmek (mal hak-da). Ol indi gözügip ugrapdyr. 2. Dini düşünjä görä: çaga we ş. m. göz-dil degmek. GÖZÇYKGYNÇ, Bihaýaçylykly edilýän hereket, akyla sygmajak iş, bihaýaçylyk. Beýle gözçykgynç iş etmek bolmaz. GÖZÝETIM, 1. Gözüň görýän, saýgarýan, ýetýän aralygy. Günüň kümüş nury bütin gözýetime bolluk bilen dökülýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bütin meýdan eliň aýasy ýaly tekiz, gözýetimi dolduryp ýazylyp ýatyr («Kolhoz günleri»). 2. Adamyň bilim derejesi, düşünje. Emma onuň paýhasy, gözýetimi. kem-kemden giňelýär, üýtgeýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol dünýäniň köp ýerlerina aýlanyp görmegi, öz gözýetimini giňeltmegi arzuw edipdir («Edebiýat»). GÖZÝAŞ [gözýa:ş], Gözden akýan, çykýan ýaş. Gözýaş çabga ýaly dökülýerdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gäz-ýaşymy sil edip, köp agladym daşardan («Türkmen halk aýdymlary»). <>Gözýaş dökmek ser. G ö z ýa ş etmek. Gözýaş etmek aglamak, |