SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÖW

GÖWDE, 1. ser. G ö w r e.

2. Ölen adamyň göwresi, jeset.


GÖWDELI, Göwresi uly. Iri göwdeli Garamka Kapylow hem gatnaşýardy (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GÖWDERI, Erşi gyzyl, argajy gök, elde dokalýan ýüpek mata. Akgözeliň gögerçin ýaly öwşün atýan göwderi köýnekli gyzy siltenjiräp gepledi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GÖWDÜKMEK, Açdan-aç gezmek (mal hakynda). Bu goýun göwdügipdir.


GÖWDÜŞ, dial. Agzy giň, düýbi inçe, golça ýaly gap.


GÖWEK, Goýun, geçi bilen çaknyşmazlyk üçin tekäniň, goçuň garnynyň aşagyna tutulýan keçe, halta.


GÖWEN, bot. Daglyk ýerlerde bitýän we sakgyz önümi alynýan ösümlik.


GÖWENEK, zool. Gyrga meňzeş, pelpelläp uçýan ýyrtyjy guş. Iňrik garalandan soň, ekinçiligiň töwere-ginde pelpelläp, gaýyşyp ýören göweneklere duş gelmek bolýardy.

<>Göwenek bolmak — biriniň ýa-da bir zadyň üstüne abanyp durmak. Hawa, gürrüts beriň, bizem eşideli! — diýip, iki elini öňküsi ýaly skameýkanyň söýgedine diräp, olaryň üstüne göwenek bolup başlady (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


GÖWEÇ, Içinde gyzyl-kümüş eretmek üçin berk materialdan edilen, oda durnukly gap.


GÖWNEJAÝ [göwneja:ý], Göwne makul, maksada laýyk, pisindiň oturýan, göwne laýyk. Emma göwnejaý saraýy ýok (B. Pürliew, Ilkinji gün). Seredemde gülüp bakdyň  göwnejaý («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GÖWNEMEK, Razy bolmak, kaýyl bolmak, islemek. Be, men erli-suwly, öz erkli adam bolarmykam, eýsem, Halnazar baý otsa göwnärmikä? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Biz göwnesek-göwnelgesek gitmeli bolduk («Sowet edebiýaty» žurnýly).


GÖWNETMEK, Razy etmek, razy boldurmak, razyçylygyny almak. Pökgeniň bu gürrüňi biderek bahana-dyr, men ony özüm göwnederin (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GÖWNÜÝETIJILIK, Bir zada pisindiň oturmaklyk, göwne laýyklyk, makul görüjilik. Wüşi kel özüne göwnüýetijilik bilen oturgyçda oturdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GÖWNÜÝETMEZLIK, Bimakul görmeklik, halamazlyk. Göwnüýetmezlik bilen garamak.


GÖWRE, 1. Bedeniň guşaklykdan boýna çenli aralygy.

2. Kellesiz tutuş beden. Nemets kapitanynyň agyr göwresi ýerde çabalanyp aýagyny kakyşdyryp ýatyrdy (A. Gswşudow, Mähri—Wepa). Baş bolmasa, göwre läş (nakyl).

3. ser. Göwrum!. * Uly göwräňi kiçeltmek — birine haýyş bilen ýüz tutup ýa-da birinden zat sorap, ýüzüňi saraltmak.


GÖWRELI, Aýagy agyr, iki gat, göwresinde çaga galan, hamyla. Göwreli aýal.


GÖWRELILIK, Aýagy agyrlyk, hamyla bolmaklyk, göwrede çaga galmaklyk. Özüniň göwreliligi äşgär mälim bolup duran hojaýyn aýal semawaryň başynda oturdy (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler). Onuň göwreliligi bildirmeýärdi.


GÖWRÜM, 1. Daş görnüşiň möçberi, gabara, göwre.

2. Bir zadyň uzynlygyna, inine we beýikligine kub birligi bilen ölçelýän ululygy. Bu jaýyň göwrümi uly. <> Göwrümi giň — gahary gelmezek, dar gursak däl, sowuk ganly, darykmazak, rahat (adam hakda). Göräýmäge göwrümi giň bir adam, Döşli göwresi bar, yogyn gollary (N. Pomma, Saýlanan eserler).


GÖWÜN, Içki dünýä, ýürek, iç, isleg. Göwün bir çüýşedir, synsa tapylmaz (nakyl).

Göwün sygsa, göwre sygar (nakyýa).   Göwün — göwünden suw içer,   gamyş —bogundan (nakyl).   Göwni   açygyň   ýoly   açyk (nakyl)\


GÖWÜNDEŞ, Biri-biriniň göwnünden turýan,  göwni bir, pekirdaş. Belki, ol hem seniň bilen göwündeşdir. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÖWÜNJEŇ ; Has göwünli, meýilli, höwesjeň. Işe göwünjeň adam.


GÖWÜNJEŇLIK;Göwünjeň ýagdaýda bolmaklyk, höwesjeňlik,höweslilik.Ozalky traktorçylaryň birenentegi stantsiýalaryna işe göwünjeňlik bilen girdiler diýip çak etmek gerek.( N.C. Hruşew SSSR-iň

Oba  hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek çak etmek gerek).


GÖWÜN-KINE [göwün-ki:ne], Öýke-kine, närazylyk. Göwün-kine gerek däl.

<> G ö w ü n-kine etmek — gaty görmek, närazy bolmak, öýke etmek. Elbetde, men munuň üçin sizden göwün-kine edip duramok («Tokmak» žurnaly).


GÖWÜNLI-GÖWÜNSIZ, Çala göwünli, meýilli-meýilsiz, islegsiz, höwessiz. Ol Ballynyň göwünli-göwün-siz: — Men giderin! — diýen sözüni kesip: — Ýok, kaka, men gitjek.— diýdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÖWÜNLIK: göwünlik bermek — öwüt-nesihat etmek, göwnüni köşeşdirmek üçin hoşamaý söz aýtmak. teselli bermek, rahatlandyrmak. Ýaralaryňyz hem basym ýagşy bolar — diýip, Piotr göwünlik berdi (A. Gowşudow, Eserler). Näme bolsa, gelensoň görübereris! — diýip, özüniň başlygyna göwünlik berip, gapa tarap hyýallandy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GÖWÜNSIZ, Göwünjeň bolmadyk, närazylyk bilen, höwessiz. Aýna göwünsiz ýylgyrdy, ikirjiňledi, kynlyk bilen dillendi. Ala gözleri näme üçindir ýene şol sekuntda göwünsiz gülümsiredi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÖWÜNSIZLIK, Närazylyk, höwessizlik. Onuň häzirki bolýan söwda göwünsizligidi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Başlyk göwünsizlik bilen baryp telefonyň trubkasyny aldy. («Kolhoz günleri»).

GÖWÜS, 1. Kükrek, döş, gursak. Maňlaýy sakar ol atyň göwsi ilerik omzamak bilen, iki öň aýagynyň arasyndan possunly sümeýmelidi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Aýal maşgalanyň süýt inýän mäzi, emjek, mäme. Ol iki goluny sallap, messan basyp ýöräp gelýärke. onuň ýalpyldawuk gara saçlary iki göwsüniň üstünde oýnap, biri-birine öwsün atýar ( N. Pomma , Sebäbini soň bildim). Öz göwsüniň ak süýdüni emdiren seniň ýaşaýşyňa garşydyr öýdýärmiň? (B. Kerbabaew, Aý-soltan).


GÖWÜSBENT, Bezeg üçin atyň göwsüne dakylýan ýüzi kümüşli ýasy gaýyş. Köýnekçäniň gotazlary sagrysyn-dan dökülip duran Meleguşa bazbendi goşa ýumruk ýaly ini dört barmak göwüsbent dakypdyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÖWHER, Bezeg üçin ulanylýan gymmat baha daş, dür. Lenin orden öwşün atýar göwher dek (N. Pomma, Saýlanan eserler). Samandan saýlanylan. göwher ýaly ýylpyldaýan mele bugdaýa seretdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Bedew — jul içinde, göwher — kül (nakyl).

Itiň boýnuna göwher daksaň, it hem aglar, göwher hem (nakyl).


GÖWŞÜL, Reňki gidişen, könelişen, geýlen. Egnin-de göwşül Hywa dony bardy.


GÖWŞÜLDEMEK, Täzelik görki gitmek, könelmek. Ol özüniň göwşülden gyrmyzy donuny gapdalynda epläp goýdy (A. Gowşudow, Eserler). Gara öýüň göwşülden kilimini serpip, onuň içinden bir ýigit çykdy. Halnazaryň göwşülden ýüpek dony gyzyň başyna büreldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).