SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÖK

GÖK [gö:k] I, 1. Asmanyň goýy reňkine, deňiz reňkine meňzeş reňk. Gök gowaça parahat deňiz ýaly öwüşgin berýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gök mawut. Gök mata. Gök deňiz. Gök asman.

2. Doly bişmedik, çig (ir-iýmiş hakda). Gök erik. Gök alma. Gök üzüm turşy bolýar.

3. Bakja ekini, ir-iýmiş, miwe. Indi garyp--daýhan gök ekmek gerek (Mollamurt, Saýlanan eserler). Şäheriň töwereginde gök köp ekilýär.

<> Gök dalak etmek — ser. D a l a k. Emma dodagyny dişläp, gök dalak etmek bilen ol çydady (B. Seýtäkow, Gyz salgydy).

Gök daş bolmak — ser. Daş I. Gök daş bolan Myrat bir ýan ýykyldy, Çala eşidildi ondan hyrkyldy (M. Seýidow, Gijeki myhman).


GÖK [gö:k] II, Gözýetimdäki howa giňişligi, ýeriň ýüzünden görünýän atmosfera, asman. Gökde kir-kimir ýok. Gök aşagymyza öwrüläýdimike? (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Gögüň ýyldyzlary balkyldap durýar (A. S. Puşkin, Ertekiler).


GÖK-AK [gö:k-a:k], Dürli miwe, ir-iýmiş, ak önümleri.


GÖK-ALA [gö:k-a:la], Tende gan öýmek zerarly emele gelýän menekler, pers-ala. Mama onuň endamyny gök-ala edipdir, teninden temen çümdüripdir (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Soltansöýün aýalynyň arkasyny barlap görse, hakykatdan-da gök-ala ekeni (Myraly). Kellämde bitin ýerim galmady, endamym gök-ala boldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GÖKBOGMA [gö:kbogma], med. Köplenç ýaş çagalara degýän, dyngysyz üsgürdýän ýokanç kesel. Gökbogma bilen kesellän çagany sag çagalaryň arasyna eltmeli däl.


GÖKGABARÇYK [gö:kga:barçyk], med. Aýaga, ele çykýan çiş. Onuň gökgabarçygy ýaryldy.


GÖKGARGA [göžgarga], zool. Ýelegi gök garga.


GÖKDAMAK [gö:kdamak] I, zool. Alkymy gök hažžyk, yssy wagtlarda çöplere çykýan hažžyk. <


GÄKDAMAK [göždamak] II, bot. Haşal otuň bir   görnüşi.


GÖKLÜK [gö:klük], 1. Ýetişen dällik, çiglik. Ekinmizi göklügine orardyk, Eklenjiň yzynda görgi görerdik (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

2. Gök reňlilik; gögerip oturan otluk.


GÖKMÜRRI, Daşy, paçagy gek görnüşli gawunyň bir sorty. Gök biýaranyň içinde gökmürrüler düňdirilişip ýatyrlar (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


GÖKNAR [gö:kna:r], Tirýek şiresi alynýan ösüm we onuň gozasy, haş-haş. Göknar bilen niçiksiň? («Görogly » eposy). Göknar, kelem, günebakardan başga her ýyl iki kölçe temmäki ekilýärdi (N. W.Gogel Eserler).


GÖKSUWLY [gö:ksuwly], Üzümiň bir sorty. Göksuwny iýjekmiň ýa gelinbarmagy?!


GÖKTORLY [ge:ktorly], Daşy owadan torly, iri gawunyň bir sorty. Gök biýaralaryň içinde göktorlylar

düňderilişip ýatyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Göktorly, waharman, tarlawuk gawun, yolaňda ýarylýar, tapmasaň tabyn (N. Pomma, Saýlanan eserler).


GÖKHOKAR [gö:khokar], zool. Injigi, çüňki, boyny uzyn, gögümtil ganatly guş. Gökhokarlar suwuň gyrasynda durýardylar (I. S. Turgenew, Awçynyň hatlaryndan).