SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÖÇ

GÖÇ, 1. Öý-öwzarlaryny, içeri goş-golaňlaryny ulaglara ýükläp, maşgalasy bilen bir ýerden başga bir ýere göçüp barýan ýolagçylar. Gün agyberenden soňra, ol uly ýoldan aşak tarapa yzy üzülmen, düyeli göçler geçip başlady (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Iki göç — bir talaň (nakyl).

2. Küşt, şaşka, düzzüm ýaly oýunlarda oýunçynyň bir gezek edýän oýny, göçüm, göçer. Gowy göç etmek. Bir göç yza galmak.

<> Göçüň geçmek — gaty howlukmak, gyssanmak. Göçüň geçip barýan bolsa, gidip bilersiň!


GÖÇGÜN, Keýpi belent, bady belent, joşgunly. Ruhy göçgün meräkeniň hoş owazy dokladçynyň sözüni kesdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Aýsoltanyň göç-gün göwnüni gawun, garpyz meýdany, kolhoz bagy has-da göterdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


GÖÇGÜNLI, 1. Keýpi tiz göterilýän, tiz gyzýan. Göçgünli adam.

2. Batly, haýbatly. Obanyň arasynda göçgünli ses ýaňlanýardy. Dumly-duşdan göçgünli ses çykdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Göçgünli gürrüň etmek.


GÖÇE-GÖÇ,  Ondan-oňa  göçüp-gonup  ýörmeklik, köpçülikleýin gyssagly göçuş. Biz-ä göçe-göçden ýadadyk.


GÖÇE GÖÇLÜK, Köpçülik bolup gyssagly göçmeklik, çalt-çaltdan göçmeklik ýagdaýy. Heý şeýle-de bir göçe-göçlük bolarmy?  («Tokmak» žurnaly).


GÖÇER, ser. G ö ç ü m. Göçer bolmazlyk. Göçeri gutarmak. Göçer kimden?


GÖÇMEK, 1. Ýaşaýan ýeriňi üýtgetmek, bir ýerden ikinji bir ýere baryp ýaşamak.

Göçjek diýip odunyňy otlama (nakyl).

Göçen ýurduň gadyryny gonaňda bilersiň (nakyl).

Ody gorjasaň — öçer, goňşyňy gozgasa ň— göçer (nakyl).

2. Küşt, damka we ş. m. oýunda çöpi bir öýden başga öye süýşürmek, göçüm etmek. Pyýada göçmek. Çalt göçmek. Aty göçüp şaratmak. Ýalňyş göçmek.

3. Ýarylmak, partlamak, ot almak (ok, tüpeň barada), Ol çenäp, tüpeňiň çakmagyny gysdy, emma göçmedi. <> Kelle göçmek — ser. K e l l e.


GÖÇÜM, Küşt, damka we ş. m. oýunlarda çöpüň bir ýerden ikinji bir öýe edýän göçi, göçer, göç. Garry küştçi Pälwan aga üçünji göçümde ýalňyşdy.


GÖÇÜP-GONMAK, Bir ýerden ikinji ýere göçmek, bir syhly göçüp ýörmek. Narly Nepesowiç, sen näme on-dan-oňa göçüp-gonup ýörsüň? (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Olaryň bir bölegi çarwaçylyk bilen meşgul bolup, öz mallary bilen birlikde ondan-oňa göçüp-gonup gezipdirler («Edebiýat»). Göçüp-gonmakdan ýaňa halys bolduk.


GÖÇÜRMEK, 1. Öňki ýaşaýan ýerinden başga ýerde ýaşatmak, başga ýerde mekan tutdurmak. Men sizi aýak ýeterden daşrak ýere göçürjek (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Kolhoz bütin obani täze posiologa göçürdi.

2. Gögerip oturan ýerini üýtgetmek, başga ýerde oturtmak. Üzümleri ekiniň ortasyndan göçürdik. Gülleri göçürmek.

3. Ozal ýazylgy haty bolşy ýaly edip başga kagyza ýazmak, geçirmek. Komissaryň hatyny gyssag ara-da bir näçe ýerden göçürdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim), Ol Durdynyň ýazan beýannamasyndan göçürdi («Mydam taýýar» gazeti). Haty göçürip boldum.