SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÖD

GÖDEK, 1. Daş görnüşi tagaşyksyz, betgelşik. Ol daşyndan göräýmäge agras, gödek we irimçikdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

2. Zoňtar, sypaýyçylyksyz, edepsiz, ýakymsyz, gelşiksiz. Gödek sesi bilen gygyrdy («Tokmak» žurnaly). 3. Hiç bir zada eli gelişmeýän, usully däl, çemesiz, ukypsyz. Gödek adam özüňe belli.


GÖDEKLIK, 1. Tagaşyksyzlyk, betgelşiklik.

2. Zoňtarlyk, sanaýyçylyksyzlyk, edepsizlik. Mürzäniň gödekligi, edepsizligi oňa örän gülkünç göründi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Öz gödekligim bilen men seni aýazda durmaga mejbur etdim (B. Pürliew, Ilkinji gün).

3. Usully dällik, çemesizlik, ukypsyzlyk. Hereketiň gödekligi.


GÖDEKSI, Gödegräk, sypaýyçylyksyz, edepsiz. Ol gyz sarç we gödeksi (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GÖDENSIZ, Gelşiksiz, tagaşyksyz, uly. Çünki gorkusyndan ýaňa düýeleriniň gödensiz aýaklary bütin göwresine çenli saňňyldaýar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Bu keýwany aýallaryň bileklerinde gödensiz ýasalan gadymy bäşgoşma bilezik görünýärdi (A. .Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Onuň gödensiz ellerini göreniňde, ol hiç wagt hem haly çitip, nepis nagyşlar salan däldir diýip pikir edersiň (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).