SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÖR

GÖR [ge:r], Ölen adam jaýlanýan çukur, gabyr, mazar. Guduzlan itleriň baryn sal göre (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Miwämize giren açgöz börini, Gan eňredip göre sürüň, mertlerim! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).


GÖR-BAK, ser. G a r a 4. Görogly bir keleme söz aýdar, gör-bak näme diýýär («Görogly» eposy). Sen gör-bak niräni tozatdyň! (M. Gorьkiý, Ene).


GÖRGI, Çekilýän horluk, dert, jebir, jepa, kynçylyk. Ony zyndana salyp, her hili görgüler bilen gynaýar («Görogly» eposy). Böwregi bir ogry garga, Iýjek bolup, galdy görge (Nury Annagylyç, Goşgular).

¨      Görgi görmek — azar ýamanyny görmek, horluk, azap çekmek, jepa çekmek. Öýüň görgüsini görmek kemini goýmadyň (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Seni görjek bolup, görgi baryny hem gördüm (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GÖRGÜLI, 1. Jebir-sütem çeken, horluk derdini çekýän. Öňki wagtlarda pukara görgüliler ýersiz-suwsuzlykdan horlanyp geldiler.

2. Biçäre, pahyr, betbagt. Görgüle eýýämden nebsim agyryberdi (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). Görgüliniň gözi agyrsa, goňşusy duýmaz (nakyl).


GÖRGÜR, 1. Gowy görýän, göreji güýçli, gözi ýiti. Dilde sözlän sözlerim, Görgür eden gözlerim —Barysy agzybirlik (Durdy Gylyç, Goşgular).

2. göç. m. Duýgur, hüşgär, eserdeň. Peleňden haýbatly, möjekden görgür, Özi bolsa aýny diýen ýaşynda (N. Pomma, Goş-gular). Görgür adam.


GÖRGÜRLIK, 1. Gözi ýitilik, göreji ýitilik. Görgürlik gowy zat. Görgürlik gerek.

2. göç. m. Duýgurlyk, hüşgärlik, eserdeňlik. Işde görgürlik.


GÖRDÜM-BILDIM, Gezlenýän ýa-da garaşylýan zat babatda azdan-köpden habar, maglumat. , Heý ondan bir gördüm-bildim boldumy? Biziň ýiten malymyz da gördüm-bildim barmy?


GÖRDÜRMEK, 1. Bir zady, birini başga biriniň görmegini gazanmak, başga biri arkaly iş görmek. Men ony agama gördürdim, emma   ol bu teklibe razy bolanok.

2. Birine görkezmek, seretdirmek.   Başga birine gördürip alaýmasam, özüm tanamok.


GÖRELDE, Tejribe, sapak almak mümkin bolan nusga, tälim alar ýaly hereket, gylyk-häsiýet. Ýolda gazaklardan görelde alyp, gamşy peýdalanmagy men size maslahat bererdim (N. S. Hruşew, Pagtanyň öndürilişini   mundan    beýläk-de    artdyrmak ugrunda). Kolhozyň ýüpekçilik boýunça geçiren işleri görelde alarlykdyr  (W. Z. Raenko,  Ýüpekçilik  boýunça öňde baryjy tejribe).


GÖRELDELI,  Görelde  alarlykly, edepli, salykatly, tertipli. Bizde öz işinde höwesjeň, gaýratly göreldeli ýaş mugallymlar kadry bar  (I. T. Ogorsukow, P. N.  Şimbiriow,    Pedagogika).Göreldeli, Göreldeli mekdep.


GÖREN-EŞIDEN, Bir zatdan habary bolan. Heý olary gören-eşiden adam barmy?


GÖREÇ, Gözüň ortarasyndaky garaja bölegi. Tärimiň kökleri  onuň görejine  gülle bolup  gezeldi  (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Diýer Pomma, meniň geregim Watan, Gözümiň göreji,   ýüregim Watan    (N. Pomma. Saýlanan   eserler).


GÖREŞ, 1. sport. Biri-biriňi ýykmak maksady bilen geçirilýän sportuň bir görnüşi. Pälwanlar orta

çykyp, iki-bir, iki-bir tutluşyp, göreş başlanýar (A.Gowşudow, Mähri—Wepa). Ol köne toýlarda göreş

tutup, az wagt pälwançylyk hem edipdi (A. Gowşudow. Köpetdagyň etegiňde). Frantsuz göreşi.

Göreşde ataňy-da  sylama (nakyl).

2. Söweş, uruş. Elbetde, göreş meýdanyna giren garşylyk görer (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Synpy göreş.

3. Kynçylyklary, böwütleri yeňip, bir zadyň ugrunda çalyşma, hereket. Ol indi uruş oduny tutaşdyrmak isleýän nejislere garşy halkyň alyp barýan göreşi hakynda gürrüňe başlady.(B. Pürliew, Ilkinji gün).


GÖREŞGEN, Gowy gereşip bilýän, göreşmäge ökde.Göreşgen adam. Göreşgen pälewan.


GÖREŞDIRMEK, Güýç synanyşdyrmak üçin göreş salmak, göreş tutdurmak. Şu gün parkda uly pälewanlary göreşdirjekler.


GÖREŞJEŇ, Göreşiji, söweşjeň. Okuw okap bilim alýan ýaşlardan, Mert göreşjeň gurultaýa kän salam  (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Göreşjeň partiýaň çleni bolmak Duýgusy  kalbymda tolkunlaýardy. (N. Pomma, Saýlanan eserler).


GÖREŞJEŇLIK, Göreşijilik, söweşjeňlik.


GÖREŞIJI, Göreş alyp baryjy, göreşýän Parahatçylyk ugrunda göreiçji.


GÖREŞMEK, 1. Göreş sporty boýunça güýç biri-biriňi ýykjak bolmak, göreş tutmak. Şu gün stadionyň göreş meýdançasynda ýaş pälwanlar göreşjekdir.

2. Göreşi alyp barmak, söweşmek, uruşmak. Kutuzow güýjüni gaýgyrman göreşen serkerdedi ( Mydam taýýar» gazeti). Azatlyk ugrunda göreşmek.

3.Bir zadyň ugrunda çalyşmak, alada etmek. Kolhozyň maldarlary täze ýylda has köp üstünlik gazanmak ugrunda göreşýärler. («Sowet Türkmenistany» gazeti).


GÖRIP , [gö:ri:p], Kişiniň üstÜnligini görüp bilmeýän, bahyl,içigara. Göripleriň bagry tütäp, örtensin

Pygan edip, ýeňiş bilen işiň sürgün,söýgulgş, bu gün.( Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

Görip bolmak.Görip adam.


GÖRIPLIK [gö:ri:plik],  ser.   G ö r i p ç i l i k. Göriplik gurasyn, göriplik!(B. Kerbabaew, Aýgytly). Onuň pis häsiýetleriniň iň bärkisi göriplik —bahllykdy (A. Gowşudow, Eserler). Sen maňa göriplik edýärsiň, göriplik  («Sowet edebiýaty»  žurnaly).


GÖRIPÇILIK [gö:ri:pçilik], Göribe degişli bolan gylyk-häsiýet, bahylçylyk, içigaraçylyk, göriplik.

Adamarda göripçilik diýen zat bar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýolliniň içigaraçylyk, göripçilik häsiýeti

şeýle güýçlüdi, ondaky hemme häsiýetlerden iň ýokary dirsjede durýardy  (A.  Gowşudow,  Köpetdagyň eteginde). Bagtymyň açylanyna göripçilik etmäň, sowluň!(B.Kerbabaew. Aýgytly ädim).


GÖRK, Görnüş, sypat, keşp, owadanlyk. Parlak gün şuglasy-da, bu gyzyň asly görküne görk goşýan ýalydy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Köçeler bezelgi,  çaňdan ýok nowa, Tebigatyň bezegine   görk   goşýar    (N. Pomma, Saýlanan eserler).   Azat Watanmyzyň görki, Mert nesli, merdana ýaşlar (Nury   Annagylyç,    Saýlanan eserler).

Görk — agyzdan,    görmek — eginden    (nakyl).

Görk — agyzdan, haýa — gözden  (nakyl).


GÖRKANA [görka:na], Owadan, görmegeý. Sen bir görkana gözel ahyryn (M. Goryşý, Eserler). Eý görkana, giň, baý Watanym sende Ynsanyň bar çyn mynasyp görküňe (R. Seýidow, Eserler).


GÖRKEZILMEK, 1. Görmäge, seretmäge mümkinçilik berilmek, başga birine görkezmek. Saýlawçylara ençeme gezek kino görkezildi.

2. Mälim edilmek, aýdylmak, bellenilmek. Şol hatda görkezilenleri wekiller dil bilen hem tassykladylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÖRKEZME', 1. Işi we ş. m. ýerine ýetirmek üçin berilýän tabşyryk, salgy berilýän ugur. Sen şondan

soň ne-hä geldiň, ne-de öwüt-ündew üçin listowkalar, listofkalar aldyň (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Pokginiň agranomyň görkezmelerini tutmaýan ýerleri bolýardy.(A.Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GÖRKEZMEK , Zady aýdyň görer ýaly etmek, zada gözüni düşürmek, görmäge mümkinçilik bermek. Sen maňa öýňizi görkez - diýdi («Görogly» eposy).

2. Ser etmek, äňtemek, tanyş bolmak üçin birine görmäge bermek. Makalamy oglanlara görkezdim. 


GÖRKLI ,ser . G ö r m e g e ý. Toty-gumrulary  arzuwly peri, gün kemin görklidir  kolhozyň bagy    (Nury Annagylyç. saýlanan eserler). Görkli gelin.


GÖRKSÜZ ,görk - görmegi  bolmadyk,owadan däl, betgelşik,yaraşyksyz. Görksüz oglan däl.


GÖRMEGEÝ ,  Owadan,syratly, ýaraşykly, görkli,görmekli, şekilli, görnükli. Bu aýal syratly, görmegeý hem ýaş aýaldy (A. Gowşudow, Kepetdagyň eteginde). Gurduň göwnüne bolmasamy, bu mylaýym gülümsiremek we görmegeý ýüz görnüşi hem içki gahar-gazaby görkezmezlik üçin tutulan syrly perde meňzedi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GÖRMEGEÝLIK, Owadanlyk, syratlylyk, ýaraşyklylyk, şekillilik, görnüklilik.


GÖRME-GÖRŞ, Biri-biriňkä baryp görüşme, biri-biriňi görmek maksady bilen edilýän baryş-geliş, hal-ahwal soraşyş. Görme-görşe gelen gelin-gyzlar gyzyl-al geýnip bezenipdirler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Haçan ol harby geýim bilen öýüne görme-görşe birinji gezek gelende, onuň aýaly: — Indi birneme gurda meňzäp başladyň! — diýdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GÖRMEK I, 1. Görüş ukybyna eýe bolmak. Ol indi öz ýoluny görýär.

2. göç. m. Biri bilen duşuşmak, birine gabat gelmek. Men Atany şäherde gördüm.

3. göç. m. Başdan geçirmek. Patyşa wagtynda sakgalimyzyň reňki üýtgän wagtynda, biziň gözümiz nämeler görmedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

4. Kömekçi işlik funktsiýasynda gelip, aşakdaky ýaly ulanylýar: a) ysnyşyp gelýän isimleriniň manylary bilen baglanyşykly hereket aňladýar. Makul görmek, aňsat görmek, tukat görmek.; b) ysnyşyp gelýän işligi bilen modallyk görkezýär. Sorap görmek, barlap görmek, synap görmek.


GÖRMEK II, ser. G ö r k. Bagt berdiň, görmek berdiň, görk berdiň (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Syrkawlyk zerarly onda görmek galmandyr. Sonanyň hiç gyzdan görki hem kem däl, görmegi hem.


GÖRMEKLI,  ser. Görmegeý. Görmekli adam.


GÖRMEKLILIK, ser. Görmegeýlik. Onuň görmekliligi, adamkärçiligi, diýseň gaty artykmaçdyr (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GÖRMEKSIZ, 1. Owadan däl, görmegeý däl, betgelşik. Gyzlardan iň görmeksiziniň biri şeýle aýdym aýdýar (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GÖRMEKSIZLIK, Owadan dällik, görmegeý bolmazlyk, betgelşiklik.


GÖRNETIN [görneti:n], 1. Göz-görtele, aç-açan. mese-mälim. Päle meselesinde, bije atyşlykda, görnetin zorlukda il arasynda närazylyk köpeldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bilgeşleýin. Gülnäz şony duýdugyça adamlardan görnetin gaçýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GÖRNÜK, Daş görnüş, syrat, sypat, keşp. Onuň daş görnügi yok.


GÖRNÜKLI,'1. ser. Görmegeý. Görnükli adam. Görnükli maşgala.

2. Oňat görünýän, belent. Patyşa şäherden sesýetim uzakda, görnükli ýerde belent minara saldyrypdyr (Myraly).

3. Ady belli, tanymal, abraýly. Jemgiýetçilik maldarçylygyny ösdürmgkde gazanan görnükli üstünlikleri üçin pul baýragy gowşuryldy («Sowet Türkmenistany» gazeti). Kemine görnükli türkmen şahyry Mollanepes bilen hem aragatnaşyk saklapdyr («Edebiýat»). Görnükli ýazyjylarymyz döredijilige ýaňy başlan edebiýatçylara häli-şindi maslahat berýärler («Tokmak» žurnaly).


GÖRNÜKSIZ, 1. Görnügi ýok, daş görnüşi pes. Görnüksiz aýal.

2. Gelşiksiz, ýaramaz. Görnüksiz iş etmek.


GÖRNÜM: gara görnüm ýer — görmek mümkin bolan aralyk, garasy görünýän aralyk. Gara görnüm ýerden yzyna gaýtmak.


GÖRNÜŞ I, 1. Bir zadyň daş sypaty, daş şekili. daş keşbi. Beýik dagyň öňünde ýatan şu giň meýdanyň ýüzi bäş-alty ýylyň içinde düýbünden başga görnüşe öwrüldi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Her agajyň bir hili görnüşi, göwnüňi göteriji ýakymly ysy bar (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

2. Bir zadyň hili, tipi, formasy. Eýelik düşümi goşulmasyz görnüşinde hem ulanylýar. Şu-ha işiň bir görnüşi, bu-da başga bir görnüşi.


GÖRNÜŞ II, Özüňi görkezme. Agaýunus gyzlar bilen görnüşe geldi («Görogly» eposy). Ozalky sapar görnüşe iberen ýerimde kelläňi ýalaňaçlap, agzyňa geleniňi ýaňrap, meni masgara edipsiň (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GÖRNÜŞ III, Spektaklyň bir bölümi, perde. Oýnuň bir görnüşi gutardy. Operanyň ahyrky görnüşi.


GÖRNÜŞ IV, 1. log., filos., biol. Predmetler ýa-da düşünjeler klaslara bölünende, sistema salnanda has umumy manydaky predmetiň, düşünjäniň — jynsy (urug) düşünjäniň içine girýän bir umumy düşünje. Meselem, ylym—has umumy düşünje (jynsy düşünje), dil bilimi — ylmyň içine girýän umumy düşünje — görnüş.

2. lingw. Käbir dillerde, meselem, rus dilinde, gymyldy-hereketiň bolup geçiş häsiýetini: başlanýanlygyny, dowamlylygyny, gaýtalanýanlygyny, köp gezek ýa bir gezek bolup geçýänligini we ş. m. görkezýän grammatik kategoriýa. Işlik görnüşleri.


GÖRNÜŞLI, Görnüşden ybarat bolan, görnüşi bar bolan. Ýedi görnüşli pьesa.


GÖRÜBERMEK, Ykbalyňdan näme gelse, razy bolmak, durmuşyňda näme gabat gelse, razy bolmak. Bagtymyz-dan näme gabat gelse görübereris.


GÖRÜBILMEZÇILIK, Bahylçylyk, içigaraçylyk. Garryja atasy Wepany awa alyp gidýänligi üçin, özünden uly doganlary oňa görübilmezçilik edýärdiler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Feodallar söwdadan baýlaşan buržuaziýa görübilmezçilik bilen garapdyrlar (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GÖRÜJILIK, ser Görgürlik. <> Ö ň d e n g ö r ü j i l i k — her bir zada öňünden akyl ýetirijilik.


GÖRÜLMEK, 1. Seredilmek, äňedilmek.

2. Bilinmek, duýulmak, aňylmak. Wagtynda görüldi bolmasa ot alyp gitmegi mümkin eken.


GÖRÜM, 1. Görelde, edep, tälim, terbiýe. Çaga görüm görkezmek gerek.

2. ser. G ö r k. Bu matanyň daş görümi ýok.

* Görüm görmek—aýbaşy bolmak, bili açylmak, etegi gitmek (aýallarda).


GÖRÜM-GÖRELDE, Görelde bolarlykly terbiýe, nusga bolup bilerlik edep-tertip, gylyk- häsiýet. Moskwadan alyp, görum-görelde, Gymyldy köpeldi, sag bilen solda (Mollamurt, Saýlanan eserler).


GÖRÜMSIZ, Görüm-görelde görmedik, degim degmedik, zat görmedik, açgöz. Görümsiz adam. Görümsiz gylyk-häsiýet.


GÖRÜMSIZLIK, Görümsize degişli bolan gylyk-häsiýet, biedeplik, açgözlük.


GÖRÜNMEK, 1. Göze ilmek, göz öňünde peýda bolmak. Gözlerinde bulduraşýan ýaş damjalary görünýär-di (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ýan boýlarynyň her ýerinde bir düýp tut, uzakdan bolsa hellewläp erik agaçlary görünýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Bir ýere käte-käte barmak, kämahal barmak, az barmak. Sen bu günler görünmeýärsiň-le! Men-ä görünýän weli, seni köp göremok. Çagyrylmadyk ýerde görünmek.


GÖRÜSTAN [gö:rüsta:n],  ser.   Gabrystan .


GÖRÜSTANLYK [ge:rüsta:nlyk], ser. Gabrystanlyk.


GÖRÜŞDIRMEK, 1. Görüp çykmak, seredip çykmak, aýlanyp çykmak. Öýme-öý görüşdirmek.

2. Iki adamyň biri-biri bilen görüşmegini gazanmak, ikisiniň biri-birini görmegine mümkinçilik bermek; elleşdirmek, salamlaşdyrmak.


GÖRÜŞMEK,   1.  ýüzbe-ýüz bolmak, biri-birňi görmek, duşuşmak. Şu käsäni götereliň, bize biri-birimiz bilen elmydama oýalykda görüşmek nesip etsin diýdi(A. Gowşudow,  Saýlanan eserler). Altyn jan men seniň bilen uzak gürrüňleişp hem bilmedim,ýene-de ikimiz görüşmeli bolarýs — diýip,    atyny sürüp gitdi  (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2 Elleşip, salamlaşmak. Sary onuň bilen gadyrly görüşse-de, Ilaman Poşşi otaga girdi-de we görü üçin elini uzatdy (A Gowşudow, Mähri—Wepa). Bir zat hakda birini görmäge kömek etmek, görmäge kömekleşmek.


GÖRÄ, «Sebäpli, garanda, seredende> diýen manydaky  kömekçi söz. Patapyň soramagyna göre, bu aýal

goňşy öýlerinden bir garry aýaly alyp geldi (A.Gowşudow. Saýlanan eserler). Onda gelnen anyk netijä görä, ol Gulluhana rehimsiz daraşdy. (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).