SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÖT

GÖTERGI, Adama we ş. m. kömek üçin berilýän tekge, goldaw, goltgy.Ýüki galdyryşmak üçin götergi bermek.


GÖTERGILEMEK, 1. Köp bolup dabara bilen birini ýokary galdyrmak, götermek. Ýigitler Amany, gyzlar Gülnary Götergiläp, şondan öýe saldylar (R. SeýidaBagtlylar).

2. göç. m, Abraýyny galdyrmak, ýokary götermek. Memmetweli ony götergiledi.

3. göç, m. Üstünden gülmek maksady bilen ýalandan öwmek, oýnamak. Götergilär ýaly, oýnar ýaly, men seniň üçin oglan-oglanjyk däl.


GÖTER-GÖTER: göter-göter  etmek —köp bolup ýokary galdyrmak, götermek.


GÖTERILIŞ, Ýokary galyş, ösüş.


GÖTERILMEK, 1. Ýerden ýokary galmak, ýerden saýlanmak, ýokary galmak. Gündogardan göterilen daň şapagy dünýe ýüzüne çalymtyk çekmen bolup çaýylýardy(B. Kerbabaew, Aýsoltan). Mähnet gazandaky palawy aşbaz kepje bilen agdardy, olardan göteriliýan şireli bug atbaşçylaryň burnuna urdy (B.Kerbabaew,Aýgytly ädim).  

2. göç.Salykatlylygyňy ýitirmek, gopbamsyramak, honda bärsi bolmak, güplemek.

3. göç. m. Gaty şatlanmak, guwanmak, hondan bärsi bolmak, keýpiň artmak. Keýpler,barha göterildi («Tokmak» žurnaly).

4. göç. m.Içilmek. Moskwada Uly Kremlь köşgünde bolan kabul edişlikde parahatçylygyň we birek-birege hyzmatdaşlygyň saglygyna tost göterildi («Sowet Türkmenistan gazeti).

<> Göwnüň geterilmek — ser. GÖWÜN. Ýaş maldarlaryň zalyna gireniňde göwnüň has-da göterilýär («Mydam taýýar» gazeti).


GÖTERIM, 1. Süýthordan bir zat, pul karz alnanda, şonuň üstüne galdyrylýan, üstüne artdyrylyp goýulýan protsenti. Pökgeniň kakasy Gully jinnekden on put bugdaýy göterimine nesýe alypdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Göterim üstüne münmez ýaly, sen bir gezek baryny töle! (M. Ibrahňmow, Ol gün geler).

2. göç. m. Sähel zada göterilýän, kelpeň, ýeňles.Göterim adam.


GÖTERIMLEMEK,  Arryklygy we horlugy zerarly guzlajak-guzlajagynyň öň ýanynda sürä eýermän galmak,sürüden galmak (goýun, geçi hakda). Bu geçi göterimläpdir.


GÖTERINMEK1. Gerek zadyňy ýanyň bilen götermek. Awçy öz ýany bilen suw göterinen eken. Durmuşyň-da bolýan şatlyga saklanyp bilmek, özüňi satykatly, agras alyp baryp bilmegi başarmak. gadyryny bilip, günüňi göterinmek gerek.


GÖTERIŞMEK, Götermäge kömekleşmek, bile götermek. ýük göterişmek.


GÖTERMEK. 1- Ýokary galdyrmak, ýere degirmän saklamak ,ele ýa arka almak. Baýdagy göterip halkyň berk eli Kompartiýamyzdan alýar parasat ( N. Pomma , Goşgülar)

2. göç. m. Kabul etmek, almak. Amani okuwa göterdiler. Işe götermek.

3. göç. m. Noş etmek, içmek. Gelen myhmanlaryň saglygyna göterdiler.


GÖTERTMEK, 1. Ýokary galdyrtmak, ýere degirtmän saklatmak, ele ýa-da arka aldyrmak. Baýdak götertmek. Çaga götertmek.

2. gäç. m. Kabul etdirmek, aldyrmak. Işe götertmek. Çlenlige götertmek.


GÖTERHÄ-GÖTER: göterhä-göter etmek — baryn birden galdyrmak. göter-göter edip götermek. Göterhä-göter edip maşyna ýüklemek.


GÖTIN [göti:n], Arkan, yzyna. Arabany götin sürdüler.

* Götin gaýtmak — gaýra basmak, yza gaýtmak, depgini, tempi gowşamak. Barha götin gaýtmak.


GÖTINJEKLEMEK [göti:njeklemek], 1. Yzyna ýöremek, götin çekilmek, götinligine hereket etmek. Alaşa bir ädim götinjekledi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Başlygyň ati bir-iki ädim götinjekledi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Ikirjiňläp durmak, yza serpip başlamak. Goşun götunjekläp durdy.

3. Öz aýdanyň-dan boýun towlajak bolmak, öz diýeniňden dänip başlamak, dänmek. Ol indi öz aýdan sözünden. götinjekläp başlady.

4. Azary gaýdyp başlamak, peselmek. Kesel indi birneme götinjekläp başlady (B. Kerbabaew, Aýsoltan) .


GÖTINLEMEK [geti:nlemek], 1. Götin ýöremek, yzyňa. ýöremek. Atlar götinläp, yza çekildi.

2. Yza çekilmek,arkan çekilmek, yza  süýşmek.  Duşman götinläp başlady.


GÖTINLETMEK , [göti:nletmek], 1. Yza ýöretmek, göin ýöerstmek. Maşyny götinletmek.

2 Yza çekildirmek, gantarmak   Märekäni götinletmek.


 GÖTINOGRY, [göti-.nogry]: götinogry etmek — Özüň ýazygly halyňa bigünäni aýyplamak, günäsiz adamy  ýazykly etmek, garalamak. Ol gaýtam meni götiogry etdi


 GÖTINSÜMER,[Göti:nsümer], bot. Arpanyň  başyna çykarýan haşal ot.Ekiniň içi  götinsümerden doly.