SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÖN

GÖN [gö:n], Aýakgap we ş. m. tikmek üçin işlenen ham,deri.Mary şäherindäki gön ýuwulýan zawodlara, ekskursyýalara gidipdiler («Mydam taýýar» gazeti). Olar Ýewruppa bazarlaryna gant, ýag, gön we başga harytlar iberipdirler (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GÖNDERILMEK , Bir ýere ugradylmak, iberilmek. Aral deňzi tarapa gönderilipdi (B.Kerbabaew. Aýgytly   ädim).  Bize gönderilen hat.Gönderilen çakalykçy .


GÖNDERMEK , 1. Ýola salmak, ugratmak, ibermek. Ol iki sany kenizi erkek lybasynda soltanyň üstüne gönderip, şeýle mälim ediň - diýipdir(Myraly). hatyňy aldym,Gadyrly ýoldaşym, Durdi gylyç aga (Ata   Salyh, Saýlanan    eserler).

2.göç.m.  Bir başa çekmek, hemmesini bir bada içmek.  Ol gijeki meýlisden galan bir käse aragy gönderip, demini alan hamyrly çörek bilen işek goýnuň goşa gapyrgasyny syrdy.(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÖNDERTMEK, 1. Ýola saldyrmak, ugratdyrmak, ibertmek. Haty düýn göndertdim.

2. göç. m. Birdek başyna çekdirmek, hemmesini içirmek. Oňa bir käse ýag göndertdim.


GÖNEZLIK, Bişen süýdi gatyk etmek üçin süýde goşulýan turşy gatyk. Gatyk basyrar ýaly gönezlik gerek. Olardan gönezlik getirdi.


GÖNELMEK, 1. Dogralmak, göni bolmak, ýazylmak. Ol bütin göwresi bilen gönelip, bir tarapa seredip dur (M. Gorьkiý, Ene).

2. göç. m. Çynyňy aýtmak, hakykaty aýtmak, dogryňdan gelmek. Sen gönel-de, dogryňy aýt! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Hä-ä, şeýle diý-de, gönelsene! (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


GÖNELTMEK, Egri ýerlerini düzetmek, dogrulamak, gönülemek. Çybygy göneltmek. Çüýi göneltmek.


GÖNENDIRMEK, 1. Hezil etdirmek, hezil bermek, begendirmek, guwandyrmak (iş barada). Hawa, garaz, näçe-de gönendirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Siz-ä meni gönendiräýdiňiz!

2. Bir zat bilen doly üpjün etmek, kanagatlandyrmak, Ir-iýmişden gönendirmek.


GÖNENMEK, 1. Janyň lezzet tapmak; hezil etmek, begenmek (iş barada). Ana, indi patyşa ýykylypdyr, nähili gönenýän bolsaňyz, göneniň göreýin! Artyk ýalyň yzyna düşüp, patyşa hökümetiniň üstüne çozub-a gönendiňyz?! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bir zat bilen doly üpjün bolmak, ýeterlik kanagatlanmak. Iýmitden gönenmek.


GÖNENÇ, Bir zatdan alynýan hezillik, eşret, lezzet. Ol bize gönenç bermedi. Gönenjiň üstünden barmak.


GÖNENÇLIK, Hezillik, eşretlilik, lezzetlilik. Gönençlik görmän ulaldym, Jebir baryn çeke-çeke (Çary Aşyr, Ganly saka).


GÖNJÜK [gö:njük], 1. Aýallaryň köýneginiň üstünden dakynýan ujy şelpeli bezeg şaýy. Jyňňyrdap jaň sesi gelýär, Bilmedim, gönjükmi, tumar (Çary Aşyr, Poemalar). Onuň boýnunda goşa towuk, gyzylly apbasylaryň aşak eteginde gönjük, barmaklarynda hatara ýüzükdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Keçä salynýan gülün, bir görnüşi.


GÖNI, 1. Egri däl, ok ýaly, dogry. Köçeleri hem giň we edil oklaw ýaly gönüdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Edil, hut, tüýs. Gyrsyn faşistleri ot bolup göni (N. Pomma, Saýlanan eserler).

3. Bir ugra, tarapa gyşarman gidýän, alyp barýan, dogry. Kompartiýan, tutýan maksady göni (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

4. Açyk, ýaşyrman, dogry. Göni ýüzüne aýtmak.

5. Ýüz görmeýän, ak ýürekli, dogry işleýän, dogruçyl. Ol göni adam.


GÖNÜBURÇLUK, Göni burçly dört burçluk.


GÖNÜKDIRMEK, 1. Barylmaly ýere göni ugur bilen ibermek, göni ýola salmak, dogry ýol bilen ugratmak, ugrukdyrmak.

2. göç. m. Dogry usul, ugur bilen hereket etdirmek, işe türgenleşdirmek, kämilleşdirmek, ugrukdyrmak. Potdan gürrüňiň ugruny gönükdirdi(A. Gowşudow, Eserler). Artygy ýönekeý söz bilen gönükdirip bilmejegine gözi ýetdi (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).  ,


GÖNÜKME, gram. I. Okuw kitaplarynda okuwçy tarapyndan işlenilmeli, ýerine ýetirilmeli ýumuş, iş, mesele. Kitabyň bäşinji sahypasyndaky onunjy gönükmäni işlemeli.

2. Ýol görkezme, ugrukma. Bir işde täze gönükmeler bermek.


GÖNÜKMEK, 1. Barylmaly ýere ugur boýunça göni gitmek, ugramak. Soň tamlaryň gapdaly bilen dolandy we öz ýoluna baka gönügip, gök otlaryň üsti bilen ädimleýärdi (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). 2. Dogry usul, ugur bilen hereket edip başlamak, işe türgenleşmek, ugrukmak. Işe gönükmek.


GÖNÜLEMEK, 1. Göni ýol bilen gitmek, dogrulamak. Galmagal turzup nätjek, sürüber-de gönüle-de! («Görogly» eposy). Traktorçy sürlen ýeriň içi bilen gönüläp, ýöräp gitdi. Oba pagtaçylygyň içi bilen gönüläp ugradyk.

2. göç. m. Dogry sözlemek, çynyňy aýtmak, dogryňdan gelmek, dogryňy aýtmak. Gönülesem, gyzym, meniň hem çaga hüwdülesim, sallançak üwräsim gelýär (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


GÖNÜLIK, 1. Egri dällik, dogrulyk.

2. Çyn sözlülik, dogruçyllyk. Gönülikden zowal ýok.


GÖNÜMEL, 1. Çyn sözli, aýtjagyny göni aýdýan, hakykatçy, dogruçyl. Maýa, sen örän gönümel gyz (B. Pürliew, Ilkinji gün). Sözleri gönümel şol adam Firidunyň kalbyny ýakymly duýgular bilen doldurdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Aç-açan, açyk, gümürtiksiz. Andriýanow, näme iş etse, gönümel ederdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GÖNÜMELLIK, 1. Gönümele degişli bolan gylyk-häsiýet, hakykatçylyk, dogruçyllyk. Agzam indi köşeşen Guzubaewiň ýanyna bardy-da, oňa gönümellik bilen ýüzlendi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Sadalyk we gönümellik bolsa onuň aýratyn hesiýetidi («Kolhoz günleri»).

2. Aç-açanlyk, açyklyk, gümürtiksizlik. Gönümellik bilen edilen iş.