SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GOÝ

GÖÝDÜK, 1. Ýaşlykda ene süýdünden mähri ganmadyk, açlyk zerarly kadaly ösmedik, boýuny-inini almadyk, bitmedik, ejiz (adam, haýwan hakynda) Göýdük göwresindäki uly kellesi men-menlikden saňňyldaýardy («Tokmak» žurnaly). Içinde käbir göýdük, gotur açanyny bolsa bulara goşman, aýry bejerýäris (A. Durdyew, Ьaýlanan eserler).

2. Ejiz gögeren, suwdan we ş. m. zatlardan horluk, mätäçlik çeken, boýuny alyp ösmedik (ösümlik hakda)] Keselli we göýdük ösen gozajyklardan tohum üçin pagta ýygylmaýar (I. K. Mak- simenko, Türkmenistanda gowaçanyň selektsiýasy we tohumçylygy).


ÝDÜKDIRMEK, 1. Ýaşlykda ene süýdünden mährini gandyrmazlyk, ýeterlikli idetmezlik, iýmitlendirmezlik (adam, haýwan hakynda). Çagany ýaşlykdan göýdükdirmek.

2. Wagtynda suw, iýmit bermän we ş. m. zerarly horlamak (ösümlik hakda).


GÖÝDÜKMEK, 1. Ýaşlykda ene süýdünden mähri ganman horluk çekmek, kadaly iýmitlenmän horlanmak, göýdük ösmek (adam, haýwan hakda). Çaga göýdügipdir. Bu janawar göýdügen eken.

2. Suw, dökün ýetmezçiligi zerarly ösmän galmak (ösümlik hakda). Ekiniň göýdügen ýerleri bar.


GÖÝÜL, bot. Ýere ýazylyp ösýän, tegelek ýaprakly, tikenli ýabany ösümlik.


GÖÝÄ [gö:ýä], Hamala diýersiň, tüýs, hamala, edil. Kyrk ýigit göýä ham paýlaşýan ýaly meýhananyň için-de gopgun göterdiler («Görogly» eposy). Kolhozçylar gelip munda dynç alýar, Göýä toý gününi ýadyňa salýar ( N. Pomma , Goşgular).


GÖÝÄKI [gö:ýäki], ser. G ö ý ä. Göýäki ýerini ýanyn-da diýip duýdy (N. Pomma, Saýlanan eserler). Bularyň hemmesi göýäki bir ten («Sowet edebiýaty» žurnaly).