SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÖM

GÖMGE, ýüzi kerepläp,  porsap giden  lüýk.


GÖM-GÖK [göm-gö:k],Gaty gök, juda gök.  Göm-Gök dury asman Şäheriň üstüni büräp durdy  ( N   Saryhanow . Saýlanan eserler). Göm-gök gowaçalar aýdymyň sazyn çalyan yaly yuwas pyşyrdaşyardy. Dyz boýy galan göm-gök gowaçalar hatar-hatar bolup ösüşip otyrdy (Sowet edebiýaty» žurnaly).


GÖÇDÜRMEK.,Görünmez ýaly üstüne gum atdyrmak, gum,gor We ş. m. bilen basyrtmak, örtdürmek. Dowaryň damak ganyny gömdürmek. Gora kartoşka gömdürmek.


GÖMELTEÝ, 1. Hilegär däl, mekir däl, gönümel, sada (adam) Gömelteý oglan.

2. Irimçik, gödeksi, näsypaýy, tagaşyksyz. Gömelteý barmaklary bilen aşagragyndan birini saýlap aldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

3 Göni aýdylan, hiç hili hilesi, gaçalak-sapalagy Solmadyk (söz, iş we ş. m.). Ýöne weli, birdenkä Halnazara geçenini onuň özi hem gömelteý gördi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gömelteý edilen hereket.


GÖMME, 1. Gora gömlüp bişirilýän çöregiň bir görnüşi. Oglum, bir gömme çörek bişir («Görogly» eposy).

2. Gazyk deregine ýere gömlen sim.


GÖMMEK, 1. Zadyň üstüni gum we ş. m. bilen örtmek. Ol hiniň agzyny gömüp, däneleri gyşa gamlap goýupdyrlar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Hapa zatlary gommek arkaly zyýansyzlandyrmak bolar (N. A. ÝabloKow, ýokançly içege keselleri).

2. Jaýlamak, dulamak (adamy). Garyplar bolsa öz ölülerini hiç bir balzamlaşdyrman, ýere gömüpdirler (Gadymy dünýä ta-ryhy) .


GÖMÜK, 1. Üsti örtülen, gömlüp goýlan. Tomusky alan kömrüm häzir hem gömük dur.

2. göç. m. Belli bir Zatdan başy çykmaýan, hiç zat bilmeýän. Ol arap dilinden gömükdir. Matematikadan gömük adam.


GÖMÜLGEN, zool. Çägä gömlup ýatýan zäherli ýylan. Hany ol zäherli gömülgen ýylan? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GÖMÜL-GÖMÜL, zool. Çägä gömülýän hažžyk.


GÖMÜLMEK, Gum, gor we ş. m. bilen basyrylmak, örtülmek. Ýüzleri tozan bilen gömlen, aňyny gideren ilat ýerli-ýerden onuň ýüzüne üşerilýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Hapanyň üsti gömüldi.

* Göbegiň gömlen ýeri — ser G ö b e k .


GÖMÜSGE ,1.Öňden  toplanylyp goýlan, mülk, zat, baýlyk.

2.Edilen günäkärçilikli, jenaýatly iş, pyssy-pujurlyk. Gulluhanyň gömüsgelerinden biriniň üstüni Aşyr agtardy.Eden gömüsgäň üsti agtarylanda , dürli hayarlyga tutunýarsyň (B.Kerbabaew,  Aýgytly Ädim).

3. Üşüp ýatan zir-zibil.


GÖMÜŞMEK, Gömmäge kömek  etmek, gömmäge  kemekleşmek.Hana gümüşmek.Çukury gömüşmek.