SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÖL

GÖL [gö:l], Halynyň we palasyň ýüzüne salynýan esasy nagyş. Näme üçin, bu tamlaryň her biriniň daşyndan haly göli salmadyka? (B. Kerbabaew, Aýsotan). Her ýany kolhozyň zähmeti bilen, Türkmen halysynyň göli dek gözel (K.Işanow, Watan üçin). Men seni saý laýan, eý halyçy gyz, Her gölüňde beýik hünär janlansyn (R. Alyew, Kommunizm ýolunda).


GÖLE, Sygryň, sugunyň heniz ýaşyna ýetmednk çagasy, tana. Sygyrlar gölelerine ýetmäge gyssanýardylar. (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Derrew gölesini goýberdi-sygryny sagdy. Ejesi hem eli bedreli, gölesini göberip, sygryny sagmaga barýardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GÖLEG [gö:leg],  Gölenýän, jaýlanýan meýit, öli.


GÖLEGÇI [gö:legçi], Ölini jaýlamaga gatnaşýan adam. Gölegçiler Halnazary mazarlyga alyp baranlarynda , onuň gabry gazylyp gutaryldy (B. Kerbaba Aýgytly ädim). Göýä atalarynyň gölegçisi ýaňy ugran ýaly bolup oturýarlar («Görogly» eposy). Gölegçiler gonamçylyga ugradylar («Sowet Türkmenistany» gazeti).


GÖLEMEK [gö:lemek], Gölegi, ölini jaýlamak. Ölini gölemek.


GÖLENMEK [ge:lenmek], Jaýlanmak, depin edilmek.


GÖLERMEK [gö:lermek], Aýaklaryny uzyn salyp, çäşerip çişip ýatmak.(haýwan   barada).Düýämiz  göleripdir.


GÖLÇE [gö:lçe], Halynyň kese gyrasyna salynýaýa kiçijik göl. Gyra gölçesi.