SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MEB

MEG

MED

MEJ

MEZ

MEÝ

MEK

MEL

MEM

MEN

MEŇ

MER

MES

MET

MEH


ME, «Al» diýen manyda ulanylýan söz, bermek üçin bir zat uzadylanda aýdylýan söz. Me, saňa hat! (A. Durdyew, Saýlakan eserler).

<> Me saňa , gerek bol-sa! — gördüňmi, näme boldy, al saňa gerek bolsa. Me saňa , gerek bolsa, indi tä gaý ýatynça garaşmaly bolduk («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MEBELЬ, Stol, stul, diwan we ş. m. öý goşlary. Ýönekeý öýe oňaýly mebelь bilen bezelen tam («Sowet edebiýaty» žurnaly). Içerde roýalь, buffet, kuşetka, umuman, baý mebelь bar (G. Muhtarow, Pьesalar). Aşgabadyň mebelь fabriginiň kollektiwi. önümleriň assortimentini giňeldýär («Sowet Türkmenistany» gazeti).