SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MEB

MEG

MED

MEJ

MEZ

MEÝ

MEK

MEL

MEM

MEN

MEŇ

MER

MES

MET

MEH


METAL, Ýylylyk we elektrik geçirijilik, sozul-ganlyk häsiýeti bolan himiki element. Metaldan ýasalan zatlaryň giň ýaýramaklary ene urugynyň dargamaga başlan wagtyna gabat gelýär (SSSR taryhy). Zawodda metallary eredýärdiler (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).


METALLI'ST, Metal senagatynda işleýän işçi. Ol metallist bolup işläpdir.


METALLOGRA'FIÝA, 1. Metallaryň gurluşy we fiziki häsiýetleri hakyndaky ylym.

2. poligr. Ýüzi oýulyp ýazylan metal plastinkalaryndan çap etmeklik usuly.


METALLO'ID, him. Metala degişli bolmadyk ýönekeý himiki jisimler (kükürt, fosfor we ş. m.).


METALLURG, Metallurgiýa spetsialisti.


METALLURGIÝA, Metallaryň senagat önümçiligi we olary mehaniki, himiki işlemeklik. Gruziýa SSR-i metallurgiýa, maşyn gurluşyk we iri elektrik stantsiýalar respublikasy boldy («Pioner» žurnaly). Ýaş watançylaryň bir topary partiýanyň çagyryşy boýunça metallurgiýa we himiýa zawodlarynyň gurluşyklaryna ugradylar («Ýaş kommunist» gazeti).


METAMORFIZM, geol. Himiki ýa-da fiziki sebäpleriň täsiri netijesinde dag jisimleriniň gurluşynyň üýtgemesi.


METAMORFO'3, Görnüşi üýtgetme, bir haldan başga hala geçme, bir formadan başga forma öwrülme. Eger gurbaga çagasynyň galkan görnüşli mäzi aýrylsa, onda onuň metamorfozy, ýagny uly ýaşdaky formasyna öwürlmegi örän gijigýär (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fizýologiýasy).


METAMORFOZA, býol. ser. Metamorfoz.


META'N, him. Uglerodyň wodorod bilen birleşmeginden emele gelýän batgalyk gazy.


METASTA'Z, med. Keseliň organizmiň durli ýerlerine geçmegi, ýaýramagy. Öýkeniň rak keseli haýal ösýär we limfatik mäzlere metastazlary giç berýär (I. F. Werezin, Rak keseln näme we onuň garşysyna nähili Göreşmeli).


METAFI'ZIK, filos. Tebigatyň hadysalaryna metafiziki garaýyşlaryň tarapdary, idealist.


METAFI'ZIKA, filos. 1. Akyl ýetiriş metody bolup, bu metod, dialektikanyň tärsine, hadysalara özara baglanyşyksyz, garşylyksyz, üýtgewsiz hem-de ösüşsiz halynda garaýar.

2. Tejribäniň çäginden daşgin bolan, göýä fiziki hadysalaryň esasyny emele getirýäň üýtgewsiz  ilki başlangyç  hakyndaky idealistik filosofik taglymat.


METAFIZIKI, filos. Metafizika  degişli bolan, metafizika esaslanýan. Men onuň bilen metafiziki, syýasy, ahlaky we gaýry gürrüň etdim (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


META'FORA, edeb. Meňzetme, deňeşdirme esasynda göçme manyda ulanylýan söz ýa-da aňlatma.


METAFORIK 1. Göçme manyly, göçme manyda ulanylýan, metafora degişli bolan. Metaforik aňlatma. Sözleriň metaforik ulanylyşy.

2. Metafora bap bolan. Metaforik stilь.


METBUGAT [metbu:gat], poligr. Döwürleýin çap edilýän neşir (gazet, žurnal we ş. m.). Onuň ýüzi metbugatda diňe rewolýutsiýadan soň görnüp başlady (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


METGI, Biabraý, masgara. Mei seniň ýaly bihaýa metgi däldirin! Ile metgi bolmak. Sen meni il öňünde metgi etjek bolma!


METGI-MASGARA, ser. Metgi. Etdiňiz siz meni metgi-masgara, Çekdiňiz ýüzüme bäş barmak gara («Sowet edebiýaty» žurnaly). Meniň il içinde bir parça abraýym bardyr, seniň ýaly metgi-masgara däldirin.


METEO'R, astr. Süýnýän ýyldyz, planetalar arasyndaky giňişlikden ýeriň atmosferasyna uly tizlik bilen uçup girýän, süýnüp asmandan ýere gaçýan metal ýa-da daş jisimleri. Köp meteor bölejikleri kometa ýadrolarynyň dargamasynyň önümidir («Astronomiýa»).


METEORIK, Meteora degişli bolan, has bolan.


METEORI'T, astr. Asmandan gaçýan metal ýa-da daş massa, meteor jisim. Meteorit ýeriň atmosferasyna düşüp, gysga wagtly ýagtylanýan yz galdyrýar («Fizika kursy»).


METEORO'LOG, Meteorologiýa spetsialisti.


METEOROLOGIK, Meteorologiýa degişli bolan, meteorologiýa boýunça barlag geçirmäge hyzmat edýän. Aýakçylaryň ýaşaýşa ukyplylygy meteorologik şertler bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr (W. A. ÝUsin, Aýakçy ysytmasy we oňa garşy göreş).


METEOROLOGIÝA, Howa we başga atmosfera hadysalary hakyndaky ylym. Biz şu ýyl mekdebimizde meteorologiýa meýdançasyny guradyk («Mydam taýýar» gazeti).


METJIT [metji:t], dini. Köne wagtlarda dine uýýan adamlaryň üýşüp namaz okaýan, ybadat edýän jay. Obanyň ortasynda bolan metjidiň içi bu gün adamdan dolup, birazynyň başy ak selleli görünýär (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


METI'S, I. býol. Hilini gowulandyrmak maksady bilen haýwanlaryň ýa-da ösümlikleriň dürli jynslarynyň çaknyşdyrylmagy netijesinde emele gelen haýwan ýa-da ösümlik, gibrid.

2. Aýry-aýry milletden bolan adamlaryň maşgala durmuşyny guramagyndan emele gelen çaga, nesil.


ME'TOD, Bir zady teoretiki derňemegiň ýa-da praktiki taýdan amala aşyrmagyň täri, usul. Özara metod alyşmak.


METODIK, 1. Metodika degişli bolan, metodika esaslanýan. Gündelik pedagogik we metodik meseleler her bir mekdebiň pedagogik sowetlerinde çözülýär (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbirew, Pedagogika). Metodik gollanma.

2. Plana görä yzygiderli, sistemli barýan. Hadysalaryň metodik derňewi.


METODIKA, Bir zady öwretmeklik, bir zady praktiki ýerine ýeirmeklik metodlarynyň, usullarynyň jemi. «Geografiýany okatmagyň metodikasy boýunça kontrolь işler» diýen kitapça rus dilindei terjime edildi. Edebi okuwyň metodikasy.


METODI'ST, Bir predmetiň metodikasyndan spetsialist, mugallym.


METODOLOG, Metodologiýa, spetsialisti.


METODOLOGIK, Metodologiýa degişli bolan, metodologiýa esaslanýan. Metodologik görkezmeler. Metodologik analiz.


METODOLOGIÝA, Ylmy metod ýa-da aýry-aýry ylymlaryň metody hakyndaky taglymat. Marksistik--leninçilik metodologiýa duşmançylykly bolan meýillere hiç bir hili eglişik edilmegine ýol berilmeli däldir («Sowet edebiýaty» žurnaly).


METONI'MIÝA, edeb. Bir zadyň adyny aňladýan sözüň deregine oňa ýakyn bolan başga bir zady bildirýän sözüň ulanylmagy (meselem, Magtymgulynyň eserlerini okadym» diýmegiň ýerine «Magtymgulyny okadym» we ş. m).


METR, 1. 100 santimetre barabar bolan uzynlyk ölçeg birligi. Şeýle gorkuly ýoluň özi kyrk-elli metr-den uzyn hem däl welin, düýe janawrrlar üçin ýedi menzil çöl sökenden-de agyr boldy (A. Gowşudow, Mähri— Wepa). Ýaryşyň ilkinji güni 2500 metre at çapyşygy geçirildi («Sowet Türkmenistany.» gazeti).

2. Bir zady ölçemek uçin şol uzynlykda ulanylýan metal ýa-da tagtadan ýasalan gural.


METRA'Ž, Bir zadyň metr hasaby boýunça ölçegi. Jaýyň metražy.


ME'TRIK I, Ölçeg birligi hökmünde metr kabul edilen uzynlyk we agyrlyk ölçegleriniň onluk sistemasyna degişli bolan.


METRIK II, edeb. Şygir ölçegine degişli bolan.


METRIKA I, Çaganyň doglanlygy hakynda şahadatnama. Çaganyň metrikasy.


METRIKA II, edeb. Şygyrlaryň ölçegi hakyndaky taglymat we şygyr ölçegi.


METRO', ser. Metropoliten. Ýeriň astyndan ýöreýän otlyny — metrony gördük («Sowet edebiýaty» žurnaly). Aýsoltan şol ýerden metro girdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


METROLOG, Metrologiýa spetsialisti.


METROLOGIÝA, Ölçeg we ölçeg gurallary hakynda-ky ylym.


METROPOLITE'N, Şäher ýerasty elektrik demir ýoly. Moskwada ýerasty demir ýoly — metropoliten salyndy (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).


METROPO'LIÝA, syýasy. Koloniýalary bolan impýerialistik döwlet. Olar özleriniň metropoliýalaryna garaşly bolman, diňe söwda we medeni gatnaşyklary saklapdyrlar (Gadymy dünýä taryhy).