SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MEB

MEG

MED

MEJ

MEZ

MEÝ

MEK

MEL

MEM

MEN

MEŇ

MER

MES

MET

MEH


MED…, Goşma sözleriň «meditsina» manysynda ulanylýan birinji bölegi (medpunkt, medinstitut we ş. m.).


MEDALI'ST, Okuw jaýyny üstünlikli gutaranlygy üçin medal alan okuwçy.


MEDA'LЬ, Bir işde özüni görkezenligi üçin sylag berilýän, nyşan. Watana hyzmat edeniň üçin, Sowet hökümetimiz seni medalь bilen sylaglady. Döşünde Beýik Watançylyk urşunyň ordeni hem medallary, lowurdaşýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Oňa Lenin ordeni we «Altyn Ýyldyz» medaly gowşuryldy («Pioner» žurnaly).


MEDALЬO'N, Içine bir şekil ýa-da başga zat salynýan hem boýna dakylýan bezeg şaýy. Boýnunda ýokdy oň altyn medalьon, Gulagyndan brilliant syrga asmandy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MEDENI [medeni:], 1. Medeniýete degişli bolan. Bu ýerde ýaşlaryň arasynda medena işleri geçirmäge mümkinçilikler bar («Sowet Türkmenistany» gazeti). Bol girdeji kolhozçylaryň durmuş derejelerini, olara medeni hyzmaty gowulandyrmaga şertler döretdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Ýabany däl, täze ösdürilip ýetişdirilen. Medeni ekinler.


MEDENIÝET, Adamzadyň önümçilik, jemgyýetçilik we aň-düşünjelilik bilen gazanan üstünlikleriniň jemi. Medeniýete üns bermek duýgusy Aýsoltanda hiç wagtda sönmeýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Respublikamyzda medeniýet güläzp ösýär («Pioner» žurnaly). Milli formaly we sotsialistik mazmunly medeniýet.

<>Medeniýet  öýi — ser. Ö ý. Raýon medeniýet öýün-de maslahat boldy.


MEDENIETLEŞMEK, Birneme medeniýetli bolmak, medeniýetliräk bolmak, medeniýeti, düşünjeliligi artyp başlamak, medeniýetli bolmak. Onuň özi hem üýtgäpdir: medeniýetleşipdir, salykatlanypdyr, gürlände--de has edepli gürlemäge endik edipdir («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MEDENIÝETLI, Medeni taýdan ösen, medeniýeti bar, edepli. Biz medeniýetli adamlar (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Biz çagalaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ähli ýagdaýlary döretdik («Pioner» žurnaly). Medeniýetli durmuş.


MEDENIÝETLILIK, Medeniýeti barlyk, medeniýet derejesi ösenlik. Puşkiniň döreden beýik çeper eserleri ýokary medeniýetliliginiň netijesidir (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


MEDENIETSIZ, Medeni derejesi pes bolan, medeniýeti ýok. Hawa, medeniýetsiz adam (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


MEDENIETSIZLIK, Medeniýeti ýokluk, medeniýetiň bolmazlygy. Ol şonuň üçin içinden: —Hany meniň medenietsizligim? — diýip, özüne göwünlik berdi (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy). Seniň bu bolup oturyşyň medeniýetsizligiň alamaty («Kolhoz günleri»). Çary Pökgeniň medeniýetsizligini we başga kemçiliklerini düzeder diýip umyt edýärin — diýdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MEDET, kän. s. Kömek, goldaw, kuwwat. Indi siz hem gulak salyň sözüme, Joşan ýürek medet berdi özüme (N. Pomma, Saýlanan eserler).

Düýä «haýt» diýmek hem medet (nakyl).


MEDETKÄR, kön. s. Kuwwat beriji, güýç beriji. Seniň halkyň dogan bize, Biz mydam medetkär size («Sowet edebiýaty» žurnaly). Maňa medetkär bol! (N. Pomma, Egri eýikmez).


MEDETKÄRLIK, kön s. Kuwwat berijilik, güýç berijilik.


MEDIA'NA, mat. Üçburçlugyň depesinden onuň garşysynda ýatan tarapynyň ortasyna geçirilen göni çyzyk.


MEDIK, Meditsinadan spetsialist, wraç, meditsina institutyniň studenti. Ol ýerde  X asyryň ahyrynda meşhur filosof, tebigat tejribeçisi we medik bolan ýaş Awitsenna işläpdir (SSSR taryhy).


MEDIKAME'NT, med. Dermanlaryň umumy ady, derman. Munda beýik stol, dürli medikament goýlan şkaf, pessejik stol bar («Sowet Türkmenistanynň aýallary» žurnaly).


MEDINSTITUT, Meditsina işgärlerini taýýarlaýan ýokary okuw jaýy, meditsina instituty. Medinstitutyň studentleri ýaryşda üstün çykdylar. Meniň öz Ladyginam bar. Aşgabatda,   medinstitutyň  soňky  kursunda («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MEDITSINA, Keselleri bejermek we olaryň öňüni almak hakyndaky ylymlaryň jemi. Tylda meditsina punktlary guralypdy (B. Gurbanow, Duşuşyk). Indi. sowet meditsinasy ýekeje kesellini-de umytsyz goýmaz (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly). Doglan çagalara we enelere meditsina işgärleri oňat seredýärler («Sowet Türkmenistany» gazeti). Meditsina gullugynyň, starşiý leýtenanty batyr söweşijileriň ýüzlerçesiniň ýarasyny bejerdi («Sowet Türkmenistanynyn. aýallary» žurnaly).


MEDPUNKT, Meditsina punkty, kesel bejerilýän we onuň öňi alynýan we meditsina kömegi berilýän punkt. Medpunkt çaga dogrulýan öýüň bäş ädimlik garşysynda ýerleşýär («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Indi medpunktsyz we mekdepsiz ýekeje kolhoz-da tapmarsyň («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MEDRESE, kön. s Musulmanlaryň orta bilim berýän dini mekdebi. Hoşly soňky wagtlarda medresede az salym okan çala sowathon adamdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Abaý medresede arap we pars dillerini öwrendi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MEDSESTRA', Meditsina sestrasy. Medsestralar ylgaşyp bardylar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Medsestrst olara orun görkezip, biraz garaşmaklygy maslahat berýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MEDUZA, zool. Endamy doňan ýaly gaty we şupalьtseli deňiz haýwany. Gidralardan tapawutly, bolup, meduzalar deňizlerde erkin ýüzüp ýören ýaşaýyş obrazyny geçirýärler (W. F. Şalaew, N. A. Rykow, Zoologiýa).