SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MEB

MEG

MED

MEJ

MEZ

MEÝ

MEK

MEL

MEM

MEN

MEŇ

MER

MES

MET

MEH


MEŇ I, Adamyň endamynda, ýüzünde bolýan gara reňkli tebigy düwürtik. Orazgülüň käbir ýeri gasyn atan bugdaýreňk ýüzüniň sag tarapyda garaja nokat ýaly meňi bardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Burnunyň sag gapdalynda meňi bar, egninde-de leýtenant çini bardy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


MEŇ II, Ýapragy we dänesi guradylyp çikilýän ösümlik. Niçeler köp çekdi neşe hem meňi, Gaýgyda gan eňräp, bolmady deňi (N. Pomma, Saýlanan eserler).


MEŇ III, Käbir haýwanlary aldap tutmak üçin gapana, çeňňegiň ujuna dakylýan et, çörek we ş. m. zatlaryň bölegi.


MEŇZEMEK, Başga bir zada ogşamak, meňzeş bolmak, çalym etmek. Gurt uruşda bolan ahyrky iki ýylynda misli söýgüniň we ýigrenjiň ýörite mekdebini gutaryp, hatymkerde bolan adama meňzeýärdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Ýaý ýaly gara gaş, ok deý kirpikler Awlajaga meňzýär golaý ýeteni (B. Kerbabaew, Aýlar).


MEŇZETME, edeb. Bir zadyň ikinji bir zada deňeşdirilýändigini, meňzedilýändigini aňladýan söz ýa-da aňlatma, meňzeşligi suratlandyrma. Şahyryň «Gara saç» atly şygrynda dürli meňzetmeleri görýäris («Edebiýat»). Näzikjamalyň şol meňzetmesine Aýsoltan jakgyldap gülenini duýman galdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

<>Meňzetme eýerjeň sözlemi gram. — öz aňladýan pikirinin baş sözlemdäki gymylda, herekete meňzedilýändigini görkezýän eýerjeň sözlem.


MEŇZETMEK, Bir zada meňzeş etmek, gaty çalym etdirmek, kybapdaş etmek, bir zady ikinji bir zadyň özi ýaly etmek, ogşatmak. Kuwwatyňy arslan-şire meňzetdim (N. Pomma, Saýlanan eserler). Men özümiň bu ýatyşymy bir adama meňzetdim («Görogly» eposy).


MEŇZEŞ, 1. Biri-birine kybapdaş bolan, biri--birine ogşaýan, biri-birine örän çalym edýän. Meňzeş adam gyt däl-le. (B. Kerbabaew, Aýlar). Köçäniň iki ýany biri-birine meňzeş üç otagly, gapysy eýwanly tamlar bolup, kolhoz melleklerine ekilen iýmişli baglar tamlaryň üstüne abanyşyp dur (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Ýaly, tüýsli, kimin. Onuň şaýyny tutuşy biziňkä meňzeş däl (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). <> Ile meňzeş etmek — ser. I l. Aýu, kakasy, Annagulyny hem ile meňzeş edip göýbereli! (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MEŇZEŞLIK, Biri-birine menzeş bolmaklyk, kybapdaşlyk, çalymdaşlyk. Pikirleriň meňzeşligi. Çagalaryň meňzeşligi .


MEŇIZ, Adamyň ýüzi, ýüz görnüşi, keşbi. Munuň bolşundan bir zat aňlan Baharyň meňzi gyzardy(A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Gysga hata göz gezdirip başlandan, Oraýany meňzi soldy dessine (B. Kerbabaew, Aýlar).

<> Gül meňiz — gül ýaly ýüz, ajap ýüz. Galkyn, gözüň görkez, hindi zenany, Gül meňzi saralan arap jenany. («Oktýabrь ýalkymy»).


MEŇKEŞ, Meň çekiji, meňi köp çekýän.