SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MEB

MEG

MED

MEJ

MEZ

MEÝ

MEK

MEL

MEM

MEN

MEŇ

MER

MES

MET

MEH


MEZIL, Orta hasap bilen ýarym günlük ýola barabar bolan aralyk ölçegi, ýük ýazdyrma aralygy, geçim, menzil. Aýgören Marydan bir mezil ýoldy. Ol düşer ýerde düşmän, dynç alman, mezil üstüne mezil aşdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Möjekler bir mezil ýere gelenlerinde, eýýäm biziň nirededigimizi aňlarlar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Serçe bir günde kyrk mezil ýol ýörese, syçan kyrk günde bir mesil ýol ýöreýär eken («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


MEZILLIK, Orta hasap bilen ýarym günlük ýola barabarlyk, ýük ýazdyrma aralygy, geçimlik. Şondan gündogarrak bir mezillikde ýene bir guýy bolaýsa, has ýagşy bolardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MEZHEP, kön. s. Diniň içindäki şaha, ugur. Eý gapyllar! — diýip, ýaňlanar bir gün: Ne iman hakykat, ne mezhep, ne din («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MEZHEPLI, Bir"mezhebe uýýan.

MEZHEPSIZ, Mezhebi ýok, dinsiz. Mezhepsiz adam.


MEZHEPSIZLIK, Mezhebi ýokluk, dinsizlik. Onuň şol aýylganç keşbi üçinmi, mezhepsizligi uçinmi, halk oňa «Akýal» lakamyny hem dakypdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).