SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MEB

MEG

MED

MEJ

MEZ

MEÝ

MEK

MEL

MEM

MEN

MEŇ

MER

MES

MET

MEH


MERWANA [mýerwa:na], dial. Gep gezdirip, adam arasyny bozýan, içigara, melgun (adam hakda). Çek menden eliňi, merwana şyh! — diýip, oňa garşylyk görkezdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


MERWER I, Nahar bişirmek üçin demir gap, piti.


MERWER II, ser. Merwerit. Sowgat berer gelinligne: Tilki içmek, merwer ýene, Ýüpek halatlar hem salar (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


MERWERIT [merweri:t], Molýusklaryň bedeninde däne-däne görnüşde emele gelýän hem-de gymmat bahaly bezeg hökmünde ulanylýan gaty jisim, gymmat bahaly daş, zümerret. Merwerit dek däneleri dökülýärdi (R. Seýidow, Bagtlylar). Gyzyldan gymmat zat bar, Nebitdakyl bar, nebit bar, Hem boýag bar, hem ýod bar, Merwerit bar, sulьfat bar Biziň Türkmenistanda (Durdy Gylyç, Goşgular).


MERGEN, Tüpen atmaga  ussat adam, snaýpýer. Görseň, bir eýýäm ol mergen bolupdyr,    Biderek gidenok ýeke güllesi (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Mergenler bolsa gadymdan  galan  hyrlylarynyň  aýaklaryny somaldyşyp oturandyrlar (A. Gowşudow, Mehri—Wepa), Sen akmak bolma, mergeni aw çagyrýan däldir (B, Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MERGENLIK, Tüpeňi dogry atyp bilmeklik ukyby, tüpeň atmaga ussatlyk, snaýpýerlik. Mergenlikde atjy--snaýpýer  adyn  alýar (Ata  Salyh,Saýlanan  eserler).Snaýperligiň diňe  mergenlik däl-de, mekirlikdigine  hem bilýärmiň?! — diýip, Zimin ýylgyrdy («Sowet edebiýaty»  žurnaly).


MERGENÇILIK, ser. Mergenlik. Mergençilikde öňüme geçen tüpeňli bolmady. Ertir nyşana atyşyp mergençilik baýragyny hem alarmykam öýdýän (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).  Sportuň ýeňil atliotika, göreş, at çapyşygy, mergençilik, ýaglyga towusmak ýaly görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda mekdep okuwçylary görnükli orunlary eýelediler («Mydam taýýar> gazeti). Mergençilik bolsa-da, iliň öňüne çykyp geplemeli bolsa-da, ýene nämeler bolsa-da, gaýra durman, baryna goşulybergin (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


MERGI, Ýokanç epidemik kesel, gyrgyn, merk. Sagat towuklar kesel towuklaryň tezegi we    sülekeýi bilen hapalanan iými iýen wagtlarynda, mergi keseli ýokuşýar (W. R. Borodin, Öý guşlarynyň keselleri we weterinar-profilaktik çäreler). Häzirki wagtda garahassalyk, mergi, mama keseliniň soňuna çykyldy («Mydam taýýar»  gazeti). Merkezi  Russiýanyň köp oblastlar ýaýran mergi keseli Puşkiniň Boldinoda eglenme sebäp boldy  (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


MERDANA [merda:na], Mert, batyr, edermen, gaýduwsyz. Merdana komsomolkalar ahyrky oklaryna duşman bilen atyşdylar («Ýaş  kommunist» gazeti). Onuň eserlerinde merdana we ýürekdeş hindi halkyna çuňňur raýdaşlyk bildirýändigi duýulýar («Pioner»> žurnaly).


MERDANALIK, [merda:nalyk], Mertlik, batyrlyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk. Soragyňyz barmy?! — diýip şeýle assa, emma dözümli, merdanalyk bilen töweregindäkilere ýüzlendi.  (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Onuň örän az sanly goşuny merdanalyk bilen goranypdyr we batyr çozuşlar edipdir (SSSR taryhy).


MERDEM, gepl. D.Çydamly, mert, batyr. Gör bir topar merdem ynsany («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MERDEMLIK, gepl. d. Çydamlylyk, batyrlyk, mertlik.


MERDEMSI, Çydamlyrak, batyrrak. Onuň sahnadaky sabyrly hereketleri,  paýhasly düşündirişleri mugthorlaryň syrlaryny, hile-mekirliklerini daýhanlaryň arasynda paş edýän merdemsi sözleri tomaşaçyny begendirýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Partizanlar ýüzlerini dik tutup, merdemsi gadam urýarlar («Mydam taýýar» gazeti).

Ene onuň merdemsi sözlerini nebsewürlik bilek diňleýärdi. (M. Gorьkiý, ene).Mawynyň aňyrdan gelşi, onuň keşbi Halnazaryň gözüne bir tarapdan, ynjyly bolsa, ikinji ýandan, merdemsi göründi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MERDEMSILIK, ser. Merdemlik. Onuň öňki naýynjar keşbiniň ýerine-de merdemsilik gonupdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MERDIWAN [merdiwa:n], Beýiklige çykmak we aşak düşmek üçin basgançakly enjam. Merdiwandan ýuwaş--ýuwaş, Bir gara telpekli galdy (R. Seýidow, Lebap gyzy). Halnazary merdiwan şekilinde ýasalan tabydyň üstünde ýatyryp, jynaza namazy üçin arassalanan ýere alyp bardylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MERE'ŽKA, Matanyň sapagy sogrulyp, gözenek-gözenek edilip tikilýän ýa-da matanyň gyrasyna edilýän keşde, nagyş.


MEREZ, 1. med. ser. Merezъel. 2. Gargyş sözi. Merez, bar-da eşegi suwa ýak! — diýip, Mämmet baý Gurbany iki ýana ylgadýardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MEREZЪEL, med. Ýokançly wenerik kesel. Merezъel keseli düýpli bejerilýär (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


MERJEN, 1. zool. Deňiz düýbüniň şertlerinde üýşmek bolup ýaşaýan hereketsiz haýwan.

2. min. Şol haýwanlaryň çökündilerinden emele gelýän, bezeg üçin ulanylýan açyk gyzyl ýa-da ak reňkli daş. Ýolkadaky ýylpyldaşýan merjenler, Biziň şatlygmyzyň şanly ýalkymy («Mydam taýýar» gazeti).


MERZ, 1. Ekin suwarylanda suw degmän galýan bölek beýik ýer. Köne gala düýbi merz bolup ýatyrdy. Adamlar jülpüldeşip, suwuň içi bilen ädimleýärler. Merzlerden, syrtlardan aşýarlar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 2. Oturmak üçin edilen seki.


MERIDIA'N, Ýer şarynyň polýuslarynyň üsti bilen ekwatory kesip geçýän hyýaly çyzyk.


MERK, 1. ser. Mergi. 2. Gargyş sözi.

<> Merkini  bermek — erbet ýagdaýa salmak, ýok etmek, pugta emini bermek. Duşmanlaryň merkin berer Harby deňiz flotumyz (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


MERKEZ, 1. mat. Çyzyklaryň, taraplaryň kesişýän nokady. Töweregiň merkezi. 2. Döwletiň hökümet merkezi, edaralarynyň ýerleşen baş şäheri, paýtagt. Men olaryň bu işlerine ýol bermen, mrerkeze çenli giderin! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Aşgabat şäheri Türkmenistanyň merkezidir. 3. Bir zadyň ortasy, orta bölegi. Ol ýer şäher merkezine ýakyn bolup galypdyr (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

4. Ähmiýetli punkt, bir adyň jemlenen ýeri. Turkmenistan SSR Ylymlar akademiýasy respublikamyzň parlap ösýän ylym ojagynyň merkezidir («Sowet edebiýaty» žurnaly).

5. Ýokary ýolbaşçy organlar. Merkeziň görkezmeleri ýerine ýetirilýär.


MERKEZI, 1. Bir zadyň merkezinde ýerleşen, merkezde bolan. Dynç alyş günlerinde zähmetkeşler şähriň merkezi medeni we seýil bagyna gezelenje çykýarlar.

2. Göni merkez bilen baglanyşykly bolan, ýolbaşçylyk edýän. Partiýamyzyň Merkezi Komitetiniň sentiýabr plenumy taryhy karar kabul etdi («Tokmak» žurnaly).Merkezi  gazetler. Merkezi edaralar.


 

MERKEZLEŞDIRMEK, Bir merkeze jemlemek, bir merkeze garaşly etmek. Işi merkezleşdirmek.


MERKEZLEŞMEK, Bir merkeze jemlenmek, bir merkeze garaşly bolmak. Biziň ýurdumyzyň territoriýasyn-da  merkezleşen köpmilletli döwlet emele gelip başlandyr. (SSSR Taryhy).


MERKEZÇILIK, Merkezleşdirilen dolandyryş systemasy, tsentralizm. Demokratik merkezçilik.


MERKURIÝ,astr. Günüň töwereginde aýlanýan planetelaryň biri. Merkuriý, Wenýera planetalary Günüň töwereginde aýlanýarlar («Fizika kursy»).


MERMER, geol. Arhitektura hem-de skulьptura işlerinde ulanylýan hek jisiminden bolan berk daş. Onda mermer daşyna ýazylan ençeme ýadygärlik ýazgylary bar («Pioner» žurnaly). Içi-daşy mermerden beýik jaýlar salýarys, Ýokary tehnikany ykjam ele alýarys (N. Pomma, Saýlanan eserler).


MERT, Dogumly, gaýratly, batyr, edermen, çydamly. Ýagşy ýigit, mert ýigit sabyrly bolmalydyr1 (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy).

Merde ýalbarsaň, peselýär, namarda ýalbarsaň, eseler (nakyl).

Mert özün-den görer, namart — ýoldaşyndan (nakyl).


MERTEBE, 1. Abraý, hatyra, dereje. Men ýetjek mertebäme ýetdim (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Babam, sen dünýäniň bezegi bolduň, Mertebäň belentdir päk ynsanlarda («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Jaýyň gaty, etaž. Ikinji mertebedäki myhman jaýy tämiz süpürilip, bezelip goýlupdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).

3. Gezek, ýola, sapar. Men şu ömrümde ýekeje mertebe ýalan sözläpdim, ol hem ak patyşa zamanyndady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Komandowanie tarapyndan bir näçe mertebe «sag bol» aldy. Gurt şol gün hem aýnada özüni ikinji mertebe synlady (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

4. geol. Belli bir ýagdaýda emele gelýän jynslary bellemek üçin ulanylýan geologik birlik.


MERTEBELEMEK, Derejesini götermek, hatyrasyny tutmak, hormatlamak. Garly «başlyk» sözüni ýörite mertebeläp aýtdy (N. Jumaew, Ak dýerek).


MERTEBELI, Ýokary derejeli, ýokary hatyraly, hormatly. Beýle belent mertebeli adam tumşugyny ýokary tutmasa bolmaz ahyry! (G. Kulyew, Käpetdagyň aňyrsynda).


MERTEBELILIK, Ýokary derejelilik, ýokary hatyralylyk, hormatlylyk. Şeýle atanyň ogly bolmagy uly mertebelilik bilýär («Görogly» eposy).


MERTEBESIZ, Ý6kary derejeli bolmadyk, ýokary hatyrasy ýok bolan, hormatsyz, hatyrasyz.


MERTLIK, Batyrlyk, edermenlik, dogumlylyk, gaýratlylyk, çydamlylyk. Bar, söwdügim, seni mäkäm öpeýin, Seniň mertligiňden mertlik tapaýyn (B Kerbabaew, Aýlar). Aýsoltan ejesi sojanda, mertlik bilen ýuwdunyp, ony köşetmäge çalyşdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Mertlige salmak — çydamlylyk etmek, döz gelmek.


MERHEMET, kön. s. Rehim, şepagat, mähir. Keýgim, Soltansöýnüň dünýede diňe bir arzuwy bolsa, onuň ýüze çykmagy hem diňe saňa bagly bolsa, sen onuň üçin merhemet goluňy uzadarmyň?! (Myraly).


MERHEMETLI, Rehimli, şepagatly, mähirli. Beýle merhemetli adamyň aýagyndan-da heý şikaat ýetmek bolarmy! (N. W. Gogolь, Saýlanan eserler). Merhemetli hemmäniň halyndan habardar, bir gowy adamdy (M. Gorьkiý, Ene).


MERHEMETLILIK, Rehimlilik, şepagatlylyk, mähirlilik.


MERHEMETSIZ, Rehimsiz, şepagatsyz. Merhemetsiz adam. Merhemetsiz bolmak.


MERHEMETSIZLIK, Rehimsizlik, şepagatsyzlyk, mähirsizlik. Merhemetsizlik etmek.


MERHUM [merhu:m], Aradan çykan, ölen (adam). Tabydyň yzy bilen merhumň maşgala çlenleri barýarlar («Pioner» žurnaly). Merhum ýazyjy Hajy Ysmaýylowyň powestleri boýunça geçiren çekşimämiz has gyzykly boldy («Mydam taýýar» gazeti).