SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MEB

MEG

MED

MEJ

MEZ

MEÝ

MEK

MEL

MEM

MEN

MEŇ

MER

MES

MET

MEH


MEÝ, kön. s. Şerap, çakyr. Meý içilýän şah bulgurlar, humlar, küýzeler tapyldy. Gana suwsanlardan gorap  illeri, Ýaňy dälmi, ýeňşi meýin içenmiz («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Seýgi  meýi — ser. Söýgi. Söýginiň meýinden sen gana-gana, Her pasylda täze görnüş alarsyň («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MEÝDAN [meýda:n], 1. Gidip ýatan düz ýer, çöl ýer, giňişlik. Eziziň köne jigitleri, täze ýygnan adamlary stantsiýanyň öňündäki düz meýdana üýşdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Belli bir iş alnyp barylýan uçastok. Kolhozň meýdan işine-de käwagt çykýan

(A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Onuň ady 1949-Jy ýyldan edebiýat meýdanyna girip ugrady («Sowet edebiýaty» žurnaly). 3. Jaýyň içi däl, daşary.

ýygnak açyk meýdanda geçýärdi.  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Göwün arzuw etdi, çykdym meýdana, Säheriň çagynda bakdym her ýana (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Gurluşyk meýdanynda iş gyzgalaňly gidýär.

4. Ekin üçin bejerilen ýer, ekin uçastogy. Biz işiň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin 2-nji. brigadanyň pagtaçylyk meýdanyna aýlanýarys (B. Pürliew, Ilkin gün).

<> Meýdan düşelgesi — ekin ekilýän uçastoklarda işleýänleriň arakesme wagtynda dynç

,alýan, naharlanýan ýerleri. Kolhozlaryň meýdan düşelgelerinde syýasy-köpçülik işi gowulandy («Türkmenistan komunisti» žurnaly) .

<>Meýdana gitmek — Aýak ýoluna gitmek.

<>Bir meýdan — ser. B i r. Akmämmet aga bilen bir meýdan gürleşip oturandan soň, ýerinden turdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

<>Uruş meýdany — ser. U r u ş.


MEÝDANLYK [meýda:nlyk], Giden düz meýdan, giden düz ýer, boş ýatan açyk meýdan, meýdançylyk. Zawoddan geçenlerinden soň, şäher gutaryp, meýdanlyk başlandy (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


MEÝDANÇA [meýda:ça], Belli bir maksat üçin bellenilen uly bolmadyk ýer, uçastok. Hoşgeldi kartada aýratyn çyzyk bilen görkezilip, ortasynda gyzyl baýdajygyň şekili goýlan meýdançany görkezdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Myradaly aga bedenterbiýe geçirilýän meýdança tarap gitdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


MEÝDANÇYLYK [meýda:nçylyk], ser. M e ý d a n l y k.

Maşyn dag eteginde ýaýnap ýatan giň meýdançylyga düşdi (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Obadan meýdançylyga çykan badyna ýel turup, hiç ýeri görer ýaly bolmady (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


MEÝIL, Bir zada bolan höwes, ýykgyn, isleg, hyýal. Hiç kime syn salyp bakmadyk Ýagmyr, Asla aňmaýardy Akgyzyň meýlin («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol öz meýliň, Sapar, ýöne biziň kolhozymyzň agaranly düýe çaly-ha boldur! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Eje jan, gyzlaryň satylýan, olaryň meýline garaman, bolar-bolmaz birine ýeňsesinden çatylýan zaman bir eýýäm ötdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ol hemişe halkyň içinde gezeni üçin, halkyň şähdi, meýli, niýeti oňa aýandy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MEÝILDEŞ, Meýilleri bir meňzeş bolan, höwesi, islegi bir bolan. Ýagşy, ejem seniň bilen meýildeş däl ekeni, kakam seniň garşyňa gidenok ahyry («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MEÝILLENMEK, Meýil etmek, hyýal etmek, göwün etmek, hyýallanmak. Gezelenje gitmäge meýillenmek. Toý etmäge meýillenmek.


MEÝILLI, Bir zada höwesi, islegi, hyýaly bar bolan. 15 ýaşly Maýakowskiý rewolýutsion meýilli studentler bilen ýakynlaşýar («Mydam taýýar» gazeti).


MEÝIT, Ölen adamyň göwresi, öli adam. Organizmiň gurluşyny öwrenmek üçin meýitleri kesip açmagy ulanýarlar (A. N. Kabanow,, Adamyň anatomiýasy we fizýologiýasy). Halnazaryň meýidini ýankejebä salyp alyp gitdilýär (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Meýitleriň ýanynda ýaraglar we dürli-dürli durmuş zatlary goýlupdyr (SSSR taryhy).


MEÝLETIN [meýleti:n], Mejbury däl suratda, öz islegi boýunça, meýletinlik esasda döredilen, keýpi-hon. Watany goramaga meýletin gidýän, ata! (Çary Aşyr, Poemalar). Wagon-remont zawodynyň wagon tsehiniň işçileri öz aralarynda ýangyna garşy meýletin družinany döredipdirler («Tokmak» žurnaly). Meýletinleriň arasynda agaç ussalary, kerpiç örüjiler, suwagçylar, kolhozçylar, orta mekdepleri gutaranlaryň uly topary bardy («Ýaş kommunist» gazeti).


MEÝLETINLIK [meýleti:nlik], Mejbury dällik, öz islegiň boýunça bir zady amala aşyrmaklyk, keýpihonlyk. Wepa derrew meýletinlik bilen urşa gitmäge arza berdi (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Daýhanlar kooperatiwlere meýletinlik bilen birleşýärler («Sowet Türkmenistany» gazeti).


MEÝLIS, Dostlukly, şadyýan ýagdaýda geçirilýän köpçülikleýin duşuşyk, göwün açmak üçin edilýän ýygnanyşyk, oturylyşyk. Sazdyr ynsanyň hoşy, Sazdyr meýlisiň başy (N. Pomma, Saýlanan eserler). Ertir dostlar bilen meýlis edýäris-de, birigün bileje ýola düşýäris (B. Pürliew, .Ilkinji gün).

Çopana meýlis haram (nakyl).

<> Meýlis gurmak —deň-duşuňy ýygnap gyzykly gürrüň etmek, saz-söhbet etmek.   Myhmanlar bilen  meýlis  gurup oturmak.


MEÝLISHANA [meýlisha:na], Meýlis, oturylyşyk geçirilýän ýer, jaý. Şu jaý hanyň meýlishanasy ýa-da köşgi bolandyr («Sowet edebiýagy» žurnaly).


MEÝMIREMEK, Belli bir zadyň täsiri netijesinde ymyzganmak, irkilmek, irkiljiremek. Swetaýewiň ahyrky sözlerini lezzetli meýmiremek bilen diňledi (N. Jumaew, Ak dýerek). Men meýmiremesem bolýar («Tokmak» žurnaly).


MEÝMIRETMEK, Meýmiremek halyna ýetirmek, bir zadyň täsiri astynda ymyzgandyrmak, irkildirmek, irkiljiretmek. Gün meýmiredip barýan gyzgyndy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MEÝMIREŞMEK, Bir näçe bolup meýmiremek, bilelikde meýmiräp oturmak, ymyzganyşyp, irkiljireşip oturmak. Men obamyzdaky gyzlara baş bolup läle kakanymda, meniň sesimi diňlän adamlar edil süýji uky basan ýaly meýmireşýärdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MEÝNE, zool Çüňki we aýaklary sary, sara meňzeş guş.


MEÝHANA [meýha:na], kön. s. Çakyr içilip, keýp çekilýän jaý. Onsoň meýhanadan kowmajak bolsaň, bizi gysyndyryp oturma! («Görogly» eposy) Şondan soň bu ikisi ýanaşyp, köçe bilen meýhana tarap ugradylar (M. Gorьkiý, Eserler).