SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MEB

MEG

MED

MEJ

MEZ

MEÝ

MEK

MEL

MEM

MEN

MEŇ

MER

MES

MET

MEH


MEHANIZATOR, 1. Mehanizatsiýadan spetsialist. Balykçylaryň maşgalalarynyň köpüsi mugallym, mehanizator we felьdşer bolup ýetişipdirler («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Mehanizirlenen gurallara hyzmat edýän işgär, spetsialist. Pagtaçylar mehanizatorlar bilen hyzmatdaşlykda pagtanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça uly işler etdiler («Ýaş kommunist» gazeti).


MEHANIZA'TSIÝA, Bütin önümçiligi maşyn bilen, mehanizmler bilen üpjün ediş, enjamlaşdyryş. Pagta ekişiniň hemme işi mehanizatsiýa arkaly geçirilýär.


MEHANIZIRLEMEK, Önümçiligi maşyn bilen enjamlaşdyrmak, üpjün etmek, maşynlaşdyrmak. Pagta ýygmak işini mehanizirlemek.


MEHANIZIRLENMEK, Önümçilige mehanizm girizilmek, maşynlaşdyrylmak.


MEHANI'ZM, teh. Bir näçe hereket edýän abzallaryň biri-birine birikdirilen toplumy. Mehanizmde bir kemçilik bolsa, nurbaty sagat ýaly saz işläp bilmeýär ( N. Pomma , Taýlak hyzzyn). Ana, kiçijik bir dükanda sagatçy äýnegini maňlaýyna goýup, sagadyň mehanizmine seredýär (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Tutlary başga ýere göçürip oturtmak boýunça köp işleri

kuwwatly mehanizmler ýerine ýetirýär  (W. Z. Ýüpekçilik boýunça öňde baryjy tejribe).


MEHA'NIK, teh. Mehanikadan spetsialist, maşynyň işleýşine esewan bolýan adam. Stantsiýanyň garry mehanigi okuwçylary güler ýüz bilen garşy aldy («Pioner» žurnaly). Bize häzir traktor brigadasynyň brigadiri bolup işlär ýaly mehanik gerek  (B. Seýtäkow Moskwanyň ýalkymy).


MEHANIKA,  1. fiz. Fizikada jisimleriň hereketi hakyndaky taglymaty öwredýän bölüm.

2. Tehnikanyň praktiki meseleleri çözmekde hereket we güýç hakyndaky taglymaty  ulanmak  meselesi bilen  meşgullanýan bir pudagy.


MEHANIKI, 1. Mehanika we mehanizme degişli bolan, esaslanýan. Mehaniki ýazgy boýunça simfoniki sazlary ýeşitdirip duran reproduktoryň sesi birdenkä kesildi. Bu maşynlar uçastokdaky mehaniki parkyň özeni bolup durýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Öz--özünden bolýan, duýdansyz bolýan. Materiýa hereketiniň has ýönekeý formasy mehaniki hereketdir («Fizika kursy»).

3. Dialektikanyň kanunlaryna garşy bolýan, bir zada hadysalaryň ýönekeý jemi görnüşinde garaýan. Mehaniki ýat tutmak. Mehaniki suratda düşünmek.


MEHANI'ST, filos. Mehanizmiň tarapdary.


MEHANITSIZM, filos. Dünýäniň ähli köp görnüşliligini materiýanyň bir görnüşli bölejikleriniň mehaniki hereketi bilen, tebigatyň çylşyrymly hadysalaryny mehanikanyň ýönekeý kanunlary bilen düşündirjek bolýan, dialektika garşy bolan idealistik filosofik ugur.