SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MEB

MEG

MED

MEJ

MEZ

MEÝ

MEK

MEL

MEM

MEN

MEŇ

MER

MES

MET

MEH


MEN, Birinji ýöňkemäniň  birlik sanyndaky at çalyşma,özüm. Men size şu ugurdan başga bir gürrüň bereýin (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Men siziň goňşyňyz Türkmenistandan, Ömürlik gül  açan bagy--bossandan («Oktýabrь ýalkymy»).

<> Men näme diýýän, tamdyram näme diýýär! — aýdylýan zada baglanyşykly bolmadyk bir zat aýtmak.

<>Ýer ýarylmady, men girmedim — erbet utandym, utanjymdan girere deşik tapmadym.


MENEK, Bir zadyň ýuzüne düşýän tegmilt, nokat, hapa. Onuň sarymtyl reňkinde bolsa akja menekler peýda bolýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Nikolaýyň goturaky ýüzi gyzyl menekler bilen örtüldi (M. Gorьkiý, Ene).


MENEK-MENEK, Menegi köp bolan, ýüzi köp menekli, tegmilt-tegmilt. Ak garyň ýüzünde menek-menek, gan tegmiltleri ýatyrdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Onuň ýüzi tutuşlaýyn besse-besse, menek--menek bolşup, gan öýüpdir (A. Gowjudow, Mähri— Wepa).


MENZIL, 1. ser. Mezil. Ýoluň özi kyrk-elli metr-den uzyn hem däl welin, düýe janawarlar üçin ýedi menzil çöl sökenden-de agyr boldy (A. Gowşudow, Mähri— Wepa). Ýolundan sowulyp, menziller aşsa, Soň yzyny tapmak kyn bor azaşsa («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Düşelge, gonalga, duralga.

3. ser. M e k a n 2. On-da asla ýokdy ne menzil, ne tam (A. S. Puşkin, ertekiler).

<> Menzilsiz-medenesiz — öýsüz-öwzarsyz, ilsiz. Menzilsiz-medenesiz, duralgasyz adam (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MENZIL-MEKAN [menzil-meka:n], ser. M e k a n. Bu Marynyň ilidir menzil-mekanyň, mesgeniň (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


MENZURKA, Suwuklyk ölçemek üçin ýüzi derejelere bölünen çuýşe gap, stakan. Duldaky tekjede menzurkalar we grafin görünýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MENIKLENMEK, 1. Akyllanyp başlamak, düşbi bolmak, paýhaslanmak. 2. Dogumly bolup başlamak, dogumlanmak. Ol hemişe zähmetden başga zada düşünmeýän ýalydy we:—Men kolhoz başlygynyň aýalydyryn— diýip, meniklenmek onuň ýadyna-da düşmeýärdi. Sen agaň bilen meniklenme, aga gözleşmeli bolsa, her kimiň hem agasy bardyr (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


MENIKLI, 1. Akylly-başly, düşbi, paýhasly. Guwançly. gürrüňler edýärler daýym, Diýýärler: — Menikli hem-de mylaýym («Sowet edebiýaty» žurnalьg). Menikli, mekanly agzybir dogan (N. Pomma, Saýlanan eserler). 2. Eden işini oňarýan, dogumly, başarnykly Menikli we görmegeý kolhoz gyzyny şahyr taryplaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MENINGIT, med. Beýni perdeleriniň çişme keseli.


MENLIK, 1- Meniň tarapymda, meniň arkamda. Sen bir menlik bol ahyry (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). 2. Maňa degişli bolan, dahylly bolan. Ol ýerde menlik iş hem ýok (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

<> Menlik ýöňkemesi , 1-nji ýöňkeme.


MEN-MENLIK, Özüňi ulumsy tutmaklyk, uly göwünlilik, gopbamlyk, ulumsylyk, öwünmeklik. Görsem, men-menlige ýüz uran eken («Tokmak» žurnaly). Onuň agraslygy, gyňraslygy çykyp başlady, özüne artyk baha berdi, men-menlige baş urdy. Zyýany düzetmegiň uly peýda, Men-menligi indi taşlamak gerek («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MENЬŞEWI'ZM, tar. Russiýa sotsial-demokratik işçiler partiýasyndaky rewolýutsiýa garşy bolan ownuk--buržuaz opportunistik akym.


MENЬŞEWI'K, tar. Antimarksistik, opportunistik partiýanyň çleni, menьşewizmiň tarapdary. Menşewikler gorkup, yzyna gaçdy (Ata Salyh, Saýlanan eserler) Menşewik diýýenleri — halkyň duşmany («Sowet edebiýaty» žurnaly). Menşewiklere garşy göreşip, partizan adyny alypdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MENЬŞEWISTIK, tar. Menьşewizme esaslanan, menьşewizme has bolan.


MENÝU, Naharlaryň atlary, bahasy ýazylan kagyz. Görsem, menýuda oňat naharlaryň ady bar eken («Sowet edebiýaty» žurnaly).