SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MEB

MEG

MED

MEJ

MEZ

MEÝ

MEK

MEL

MEM

MEN

MEŇ

MER

MES

MET

MEH

MEŞ


MEŞGUL [meşgu:l], Bir iş bilen güýmenýän, bir zada wagt sarp edýän, gümra (adam). Sähet daň bilen turup, öz adamlary bilen ýola düşmek üçin azyk-suwluklaryny düýelere ýükleşdirmek işi bilen meşguldy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Men ýazjylyk işi bilen meşguldyryn («Tokmak» žurnaly).


MEŞGULLANMAK [meşgu:llanmak], Bir iş ýa-da; bir zat bilen meşgul bolmak, bir zada güýmenmek, gümra bolmak. Gazyp çykarmaklyk bilen arheologiýa ylm meşgullanýar (Gadymy dünýä taryhy). Şäheriň ýaşlary sport işleri bilen örän gyzgalaňly meşgullanýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Onuň esasy käri oglan okatmak we edebi döredijilik işi bilen meşgullanmak bolupdyr («Edebiýat»). Indi biz wö taýýarlan meýdançamyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarys («Mydam taýýar» gazeti).


MEŞGULLYK [meşgu:llyk], Bir işe ýa-da bir zada güýmenmeklik, bir zada meşgul bolmaklyk, gümralyk.


MEŞIK, Suwuk zatlar guýmak üçin geçiniň derisinden eýlenmän edilýän gap, tulum. Her haýsynyň meşiginiň düýbünde-de ýeke içerlik suwlary galypdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Meniň meşigimiň bujagy çözük («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kersenleri ýykyşdyryp meşikleri döküşdirip gidiberdi («Görogly» eposy). Meşikleriň kömegi bilen derýadan geçipdirler (Gadymy dünýä taryhy).


MEŞIKÇI, gepl. d. Arkasy meşikli aýlap suw satýan. Bazarda suw satmak bilen garyp güzeranyny yraň-daraň aýlaýan Haýdar meşikçini Hudaýberdi öz hojadalygynda mugt işlemäge  mejbur etmegi onuň düýp ideýasyny aýdňlaşdyrýar  (A. Gowşudow, nan eserler).


MEŞHUR [meşhu:r], Il içinde ady belli, gazanan, şöhratly. Meniň maksadym, meşhur halylarymyz ýaly, dünýäde iň uly, iň şirin gyzyl almalar ýetişdirmekdir (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). Olar bu ýerde garaköli we meşhur sary1a tohumly goýunlary  ösdüripdirler («Sowet edebiýaty» žurnaly). Meşhur Aýnabat hem obadaşymdyr, Bile oýnap, ösen deňim-duşumdyr («Oktýabrь ýalkymy»).


MEŞHURLYK [meşhu.rlyk], Il içinde ady bellilik, şöhratlylyk. Tiz wagtdan onuň meşhurlygy litseýiň çäklerinden daşary çykýar (A. S. Puşkiýa, Saýlanan eserler).


MEŞAN, Patyşa Russiýasynda: ownuk söwdagärler-den, senetçilerden, kiçi gullukçylardan we ş. m. ybarat bolan şäher soslowiesi, gatlagy. Meşanlar bilen şäher ilaty hem bikär durmak. islemedik bolmaga çemeli (N. W. Gogolь, Saýlanan eserler). Seniň aňryňda meşan gatanjy bar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MEŞANLYK, 1. Patyşa Russiýasynda: meşanlar gatlagy, meşanyň sotsial ýagdaýy.

2. Meşanyň psihologiýasy, meşanyň ideologiýasy.


MEŞANÇYLYK, ser. M e ş a n l y k. Ol bu eserini ýiti täsirli ýol ýazgylary görnüşinde ýazyp, Prussiýanyň feodal-dworýançylyk ahlaksyzlygynyň, meşançylygynyň, ýalançy alymsumaklarynyň egoistik durmuşynyň üstünden düşýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MEŞÝERÝAKLAR, Orta Powolžьýe raýonlarynda ýaşaýan, türk dilleriniň toparyndan bolan halk.