SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MEB

MEG

MED

MEJ

MEZ

MEÝ

MEK

MEL

MEM

MEN

MEŇ

MER

MES

MET

MEH


MEKAN [meka-n], 1. Ýaşalýan ýer, menzil-mekan, ýurt, watan. Watan diýmek halkyň dörän mekany, Içinde guralgy agyr dükany ( N. Pomma , Saýlanan eserler). Dostlar! Durmuş ne gözel! Güle aýlandy mekan («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Ýaşamak üçin öý, jaý. Öňki wagtda çöp-çatma bolardy mekanymyz, Agyr zulum astynda seçilýärdi ganymyz (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

3 göç m. Bir zadyň köp bitýän, bolýan ýeri. Al-elwan gülleriň mekany bolan peljagazlar bilen, özümiziň ösdürip ýetişdiren agaçlarymyz bilen hoşlaşdyk (B. Pürliew, Ilkinji gün). Garagumuň günorta-gündogar bölegine: — Maldarçylygň tüýs mekany — diýip, hak aýdýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Biz galtamanlaryň mekanyna duçar bolupdyrys (A. P Çehow, Saýlanan eserler).

<> Mekan tutmak — 1) belli bir ýerde ýaşamak; 2) belli bir kär-de, ýerde işlemek. Maldarçylyk tehnikumyny gutaran-dan soň belli bir ýerde mekan tutan adam däl (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


MEKANLY [meka:nly], 1. Mekany bar bolan, ýerli--ýurtly, öýli-işikli. Menikli, mekanly agzybir dogan, Ilimde tanymal işde bekişen (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Ugurly, durnukly, subutly. Ol mekanly zat aýtmady.


MEKANSYZ [meka:nsyz], 1. Belli mekany bolmadyk, ýersiz-ýurtsuz, öýsüz-işiksiz. Ýewgeniý Oneginiň belli mekansyz, ýekeligi arkaly Puşkin öňde barýan dworýan intelligentsiýasynyň kysmatyny görkezýär (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


MEKGE I, gtl. d. ser. Mekgejewen.


MEKGE II: mekgesine münmek — biriniň yzyndan kowalamak, söbügine münmek. Aýu, Aýdow, gaçyp gutulmarsyň! — diýip, men hem täzekli haltamy arkama alyp, mekgesine münäýendirin (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


MEKGEJÖWEN, bot. Däneli ekinler maşgalasyna degişli bolan, ýogyn hem uzyn baldakly, daşy ýuka gabyk bilen örtülen, gulpakly, iri däneli baş getirýän ösümlik we onuň hasyly. Onuň kellesinde mekgejöweniň gulpagy ýaly mymyjak tüýler ülpüldeşýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Mekgejöwen ekmekligi karar etdik («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Ýoluň iki gapdaly hem günebakar we mekgejöwen meýdanydy. («Pioner» žurnaly).     Mekdebiň tejribe uçastogynda gowaça, kädi, mekgejöwen we beýleki ekinler ekildi («Mydam taýýar»  gazeti).


MEKDEP,   1. Doly däl orta we orta bilim berýän okuw jaýy. Deň-duş  joralarym mekdepde Hökümet olara köp ýagşy bakýar (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Aýsoltan Begenç bilen bir mekdebiň okuwçysy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Mergen aga, biziň hemmämiz mekdebiň ýaş   naturalistleri («Pioner» žurnaly).

2.  göç. m.  Tejribe,  okuw.  Front sebitindäki işlerde bolmak bilen, türkmen daýhanlary uly syýasy mekdebi geçdiler.(«Sowet Türkmenistany» gazeti).

3. Haýsy hem bolsa bir ýöriteleşdirilen  okuw  jaýy. Söwda işgärlerini taýýarlaýan birýyllyk mekdep. Partiýa sowet  işgärlerini  taýýarlaýan  üçýyllyk mekdep.

<>   Başlangyç    mekdep — I—IV klaslaryň  bilimini býerýän mekdep. Mährijamal sekiz ýaşyna ýetende başlangyç mekdebe girdi. (A.  Gowşudow, Saýlanan eserler). Doly däl orta   mekdep — gutarmadyk orta bilim berýän mekdep. Orta mekdep umumy bilim berýän (onýyllyk) onbirýyllyk mekdep.


MEKEJIN, Ene doňuz, urkaçy doňuz.


MEKIR, ser. H i l e g ä r.

Meniň adym mele tilki. Menden mekir ýokdur, belki («Sowet edebiýaty» žurnaly). Mawy özüne nähili takdyryň garaşýanyna düşünmän, mekir sözlere ynanmak bilen şatlandy. (B. Kýerbbaew, Aýgytly ädim).


MEKIRLIK, ser.   Hilegärlik.

Ýolliniň mekirligi tilkilerden hem aşarakdyr. Bu iş şeýle mekirlik bilen edilipdir, yzyny-tozuny tapjak gümäniň ýok («Sowet  edebiýaty» žurnaly). Ol kiçijik  gözlerini mekirlik bilen gyrpyjaklatdy  (A.  Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Garawul mekirlik bilen gaşyny çytyp  dymdy (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy).