SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MEB

MEG

MED

MEJ

MEZ

MEÝ

MEK

MEL

MEM

MEN

MEŇ

MER

MES

MET

MEH


MEL, 1. Senagatyň himiýa, rezin we ş. m. pudaklarynda ulanylýan ýumşak ak hek daşy.

2. Şol hek daşynyň tam agartmak, tagtada hat ýazmak we ş. üçin ulanylýan poroşok görnüşindäki ýa-da gaty haldaky bölegi. Ol metr bilen stoluň üstüne ýazylgy matany ölçäp, mel bilen bir näçe gezek çyzýar («Mydam taýýar» gazeti).


MELAL [mela:l], kön. s. Şek-şübhe, güman. Onuň göwnüne melal getirmeli däl (B. Kerbabaew, Aýsoltaw). Şonuň bilen bile Olьganyň hem göwnüne melal getirjegini ýadyna salyp, öňki pikirinden dändi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MELALSYZ [mela:lsyz], Şek-şübhesiz, gümansyz.


MELAMAT [mela:mat], kön. s. Töhmet, myjabat, garalyk, garamat. Siz maňa näme melamat etseňiz -de, men size hiç zat diýmeli dälmi? (B. Pürliew, ilkinji gün).

<>Birine melamatyny atmak—  birine aladaňy çekdirmek, birine durmuşa çykma äre barmak. Başy boş gezeniňden, birine melamatyňy ataýsaň kem däl (N. Pomma, Taýlak    hyzzyn). Gyz maşgala diýeniň bir çene baransoň, melamatyny biriniň başyna atsa gowy bolar  («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MELGUN [melgu:n], Adamyny ökdelik bilen aldaýan, şeýtan,  arabozar, hilegär, mekir,   ýigrenji (Adam hakda). Maýam, her bir olar ýaly melgundan gorkup seni oda atsam, onda kakaň pahyryň gabryna depdigim bolar  (N. Pomma, Taýlak hyzzyn), Munuň ýaly halky bulaşdyrýan melgunyň köküni köwlemek gerek (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MELGUNLYK  [melgu:nlyk], Melgunyň gylyk-häsiýeti, şeýtanlyk, hilegärlik, mekirlik, ýigrenjilik. Mäter şyhyň melgunlyklary ýadyna  düşende, onuň içi ot alyp barýardy ( N. Pomma , Sebäbini soň bildim).


MELE, Sargylt açyk reňk, öçügsi sary reňk. Men ony otuz ýyl mundan ozal görenimde, mele saçly, mele gelindi ( N. Pomma , Taýlak hyzzyn). Amyderýanyň aňyrsyna gözъýetmez mele suwy çaýkanýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Oturanlaryň öňünde çanaklap gowurma hem ýaňy tamdyrdan çykan mele petir goýuldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MELEWŞE, Mele öwsüp duran, solgun gyzgylt (reňk). Mepewşe ýüpek köýnek.


MELEK, dini. ser. P e r i ş d e. Perimi, melekmi, sora gyzlardan (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). Ol ýerde melekler ýaşaýar (G. Muhtarow, Pьesalar). Diller ejiz gelýär, galamym kütek, Gözellikde ol melegiň taýy ýok (Şekspir, Otello).


MELIORATIW, Melioratsiýa degişli bolan. Kolhoz önümçiliginiň esasy serşidesi bolan ýeriň toprak-melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak wezipesi öňde durýar (R. Ataew, Ýylanly raýon «Bolşewik» pagtaçylyk kolhozynyň iş tejribesi). Bu bolsa häzirki suwarymly ekerançylyk meýdanlarynyň ulanylyş kozffitsientini çürt-ýoluk artdyrmaga we suwarylyp ekilýän ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MELIORATOR, Melioratsiýa spetsialisti. Bu adam otrýadyň naçalьnigi, inžener-meliorator Poladowdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MELIORATSIÝA, Guratmak ýa-da suwarmak ýoly bilen ýeriň hasyllylygyny gowulandyryş çäreleriniň sistemasy. Melioratsiýa işleri.


MELLEK, Kolhozçylara hususy peýdalanmak üçin bölünip berlen ýer, uçastok. Kolhoz melleklerine ekiş iýmişli baglar şol tamlaryň üstünden abanyşyp dur (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Şu ýyl mellegimiz mazalyja hasyl berer öýdýän (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde) .


MELLEKÇI, 1. Mellek eýesi, mellege eýeçilik ediji. 2. Ýeri kärendesine alýan adam.

Mellekçe ýer berseň, ýer eýesini ýerden çykarar (nakyl).


MELUL [melu:l], 1. Näsag görnüşde bolan, bir ýeri agyrmak zerarly keýpsiz bolan, tutuk adam. Eger ýataýsaň hem, ysyň-kokuň derdinden melul bolýaň («Tokmak» žurnaly). Ol yssynyň derdinden melul bolan ukuly başyny galdyryp, garşysyndan çykan ýolagçylara seredýär (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

2. göç. Göwni çökgün, gaýgyly. hasratly, tukat. Melul etdi ýaman habar, Oýamydy ýa-da düýşi?! (Çary Aşyr, Poemalar). Görogly melul bolup durýardy («Görogly» eposy).


MELULLYK [melu:llyk], 1. Melul haldalyk, keýpsizlik.

2. göç. m Göwnüçökgünlik, hasratlylyk, tukatlyk. Görogly, melul bolmagyn, Melullyk, muhannes işidir («Görogly» eposy).


MELHEM, kön. s. Ýara ýa-da beden agyrysyna ýapmak üçin dürli zatlar garylyp, elde taýýarlanylan ýapy, derman. Onuň çiginleriniň ýarasyna başga hiç hili melhem etmän, diňe goýy ýod çalypdyrlar. Oba tebipleri dürli zatlardan taýynlanan melhemi ýapyp, Artygyň ýarasyny, täzeden daňmakçy boldular (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).