SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MEB

MEG

MED

MEJ

MEZ

MEÝ

MEK

MEL

MEM

MEN

MEŇ

MER

MES

MET

MEH


MES, 1. Şähdaçyk, keýpi kök, gurgun. Soň gürrüňleşeris, eje, kakamdan mes adam ýok, mallar hem gurat! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Biz gaty mes. (A. Durdyew, Saýlanan eserler). 2. Örän gurply bolan, barly, baý.

3. Semiz, ot-iýmden hor bolmaýan (mal hakda). Oslagsyz takyrdy mes gatyrlary ürküzdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bu ýerde mes atlar başyn tutup dik, Hatar arasyndan çekdi okuçnik («Sowet edebiýaty» žurnaly)

4. Bol hasyl býerýän, gurply, tebigy minýerala baý (ýer hakda). Rim impýeriýasynyň mes toprakly ýerleri olaryň gözlerini gyzdyrypgdyr (Orta asyrlar taryhy). Ýerleri mes edip, döküp döküni, Ak pagtadan kän hasyllar alalyň (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Ýorunja biziň arryk düşen ýerlerimizi mes edýär (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

5. gepl. d Melul, pьýan, serhoş.


MESAWY [mesa-wy]: mesawy gürrüň— peýwagtyna edilýän gürrüň, özara gürrüň. Aý, ol bir mesawy gürrüňdi, goý, ol şol gyşyň içinde edilen ýerindg galsyn. Şu gün kolhozçylar iş arasynda çaýa çykyp, özara mesawy gürrüň edişdiler (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegnnde).


MESAÝKYSY [mesa:ýkysy], Hamana, aý ýöne, mysal üçin.


MESAŇA, ser. M e s e-m ä l i m. Argynlyk alamaty mesaňa mälim görnüp durdy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MESWÄK, kön. s. Gaty agaçdaň diş arassalamak üçin ýasalan çöp, taýajyk.


MESGE, Süýtden ýa-da gatykdan ýaýylyp alynýan ýag. Süýt, mesge, ýumurtga, ýüň tabşyrmakda-da biz planymyzy artygy bilen doldurdyk (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

 Et, süýt, mesge, ýumurtga we un önümleri bilen üpjün edilýärler («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

<> Mesgeden ýugrulmak—mylaýym, ýakymly bolmak, ýumşak bolmak. Ol bir mesgeden ýugrulan süňksüz ýigit ekeni («Tokmak» žurnaly).


MESGEN, 1. Öý-öwzar, jaý, mekan. 2. Bir zadyň köp bolýan ýeri, ýaşaýan ýeri. Gowşut han şol bendini tutan wagtynda, bu ýeriň üsti ok atsaň geçmeýän tokaýlyk bolup, ýyrtyjy haýwanlaryň mesgenidi (A.Durdyew, Saýlanan eserler). Partizanlar känmi? Nirde mesgeni? (Çary Aşyr, Poemalar). Biziň ýurdumyzda adamyň iň gadymky mesgeni Kawkazda we Krymda tapyldy (SSSR taryhy).

<>Mesgen tutmak — ser. Mekan. Köne wagtlarda Tagtabazar hem-de Ýolöten çarwadarlarynyň hut şu ýerde mesgen tutmaklarynyň özi ýöne ýerden däl bolmaga çemeli («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MESGENSIZ, 1. Ýaşaýyş ýersiz, öý-öwzarsyz, jaýsyz, mekansyz. Ýap-ýaňyja gelen şäherimde ýekeje-de tanyş adamym bolman, jübim gara köpüksiz hem-de mesgen-siz galdym (M. Gorьkiý, Eserler).

2. Belli bir ýerde ornaşmadyk, belli bir işiň başyny tutmadyk.


MESELE, 1. Amala aşyrylmaly wezipe, problema, iş. Onuň meditsina meseleleri boýunça okaýan lektsiýalary köp sanly diňleýjileriň ünsüni özüne çekýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ençeme meseleler barada çeper ýazylan goşgular ýerleşdirilipdir («Pioner» žurnaly).

2. mat. Hasaplap çykarmak arkaly çözülýän gönükme. Myrat bäşinji klasyň arifmetika kitabyn-dan meseleler çözýär.


MESELEM, Bir zat sanalanda, aýdylanda, düşündirilende, «mysal üçin» manysynda ulanylýan giriş söz. Meselem, rewolýutsiýadan öňki döwür bilen deňeşdireniňde, gowaçanyň hasyl berşi bäş esse artdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Eger-de bir adam biziň ähli talaplarymyza jogap berýäen bolsa, meselem, gelen adamlary oňat myhmanlap göýberýän bolsa, mydama arassa geýinýän bolsa, biz ol adamdan eýne nähili medeniýeti talap etmelidiris (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy). Ynha, meselem, özüňden mysal al: bäş gün mundan öň seniň ýaňaklaryňdan gan damaýyn diýýärdi (B Kerbabaew Aýgytly ädim).


MESELMEK, 1. Mes bolup başlamak, gurplanyp başlamak, ykdysady durmuşyň ýagşylaşmak. Ýaran kolhoza çlen bolup gireli bäri örän meselipdir.

2. Dökün dökülmek arkaly gurplanmak, mes bolmak. Pagta ekijek ýerler örän meselipdir.

3. Güýjäp başlamak, köpelmek, joşmak. Suw indi meseldi ahyry (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MESELTMEK, 1. Mes etmek, gurplandyrmak. Ýorunja ýeri meseldýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 2. Güýçlendirmek, köpeltmek. Suwy meseltmek.


MESE-MÄLIM, Ap-aýan, görnüp duran, açyk, aýdň, äşgär, mesaka. Zalda oturanlaryň ýüzünde şatlyk alamaty mese-mälim duýulýardy («Mydam taýýar» gazeti). Suwuň akyşy mese-mälim ýuwaşady («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gyratyň yzy mese-mälim bolup ýatyr («Görogly» eposy). Onuň ýüzünde şatlyk tolkuny mese-mälim görünýärdi (B. Gurbanow, Duşuşyk).


MESENE, Degirmen suwuny batly indermek üçin beýgeldilen ýap. Her kes degirmene gelse, Oňa kilwan gerek bolsa, Derrew mesene çykardy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly), Hatda poemanyň baş gahrymany — ýaş kilwan mesene çykyp, öz obasyna syn edende hem, ol «ugursyz haýatlary, egri köçäni, her ýerde  köne tamy» görýär («Türkmenistan kommunisti» žurnaly).


MESI [mesi:], Ýuka gaýyşdan tikilen, ökjesiz, ýumşak ädik. Halnazar ýassyga söýenip ýatan ýerinden mesi-sini çykarýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň tomsuň jöwzasynda-da aýagyna galoş bilen mesi geýeni-ni görenjde, ol bir molladyr, işandyr ýa-da hoja--seýitdir, ýa hem bolsa sopudyr diýmek göwnüňe gelýärdi (A Gowşudow, Mähri—Wepa).


MESIGMEK, ser. Meselmek. Amydýerýa mesigen deý mysaly, Şaglaýar, ses edýär, uly heň gurýar (R. Seýidow, Bagtlylar).


MESIRGEMEK, 1. Meslik etmek, mes bolmak. Ýersiz ýere mesirgäp, Götermediň doklugy («Mydam taýýar» gazeti). Ertir ýanyňa eýäň gelende, mesirgäp bökjekleň boluber! («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Çişik beg agzyndan köpük saçyp, mesirgän iner ýaly esredi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Möwç almak, hyjuwlanmak. Gowaçasy iňňän mesirgäp ösüpdir (N. Jumaew, Ak derek). Joş alyp, çyrpynyp akyp, Ýaz mesirgäp galan derýa (R. Seýidow, Eserler).


MESLEK, kön. s. Bir ideýa, ugra, bir zada bolan ynam, pikir, garaýyş. Wagtlaýyn hökümetiň meslegi patyşanyňky bilen deňdeşräk bolsa-da, onda patyşanyňky ýaly gurp ýok. Gulluhan öz gulluk wezipesine görä siziň hem biziň adamymyz bolsa-da, onuň haýsy meslege gulluk edýänine düşünmek aňsat däl (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MESLEKDEŞ, kön. s. Biri bilen bir meňzeş pikirde, meslekde bolan, pikirdeş. Meslekdeş ýoldaş üstüne gygyrmak adamçylyk häsiýeti däl ahyrym (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) Ähtimal, ofitserleriniň içinde meslekdeşleri bardyr (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


MESLIK, 1. Şähdaçyklyk, keýpi köklük, keýplýalik 2. Gurplulyk, barlylyk.

3. Semizlik, guratlyk. Tüssesi goýry çykýan öýleriň itleri hem sowukdan, hem meslikden çar tarapa ylgaşýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<> Mesligi götermek — gurplulyga, barlylyga çydap bilmek, mes hem bolsaň, bir bolşun-da bolmak. Mesligi göterip bilenoklar (B. Kerbabaew Aýgytly ädim). Yhlasly ýapyşar, jürdür işine, Daýanar her zaman erkin güjüne, Mesligi göterer, kynlygy ýykar, Her hili ýagdaýdan baş alyp çykar (A. Kekilow, Söýgi).

Mesligi goýun göterýär (nakyl).


MESNEWI, edeb Özara rifmalaşýan iki setirli beýtlerden düzülen şygyr formasy. Berdi Kýerbabaewiň «Gyzlar dünýäsi» atly poemasy mesnewi formasynda ýazylan eserdir.


MESSAN [messa:n], Peýwagtyna, asuda, saýhally. Zähmet çekýär, gezýär messan, Azat illeň, türkmen halky (Durdy Gylyç, Goşgular). Monça bolup, söýgülimiň sözüne, Messan basyp, bu kenara aýlandyk (N. Pomma, Saýlanan eserler).


MESSEP, Ykrar, wyjdan, lebiz, äht. Seniň messebiň bolmazmy?!

MESSEPLI, Wyjdany, messebi bolan, ähtinde, lebzinde tapylýan.


MESSEPSIZ, Wyjdany, messebi bolmadyk, ähtin-den, lebzinden dänip duran. Biziň aramyzda ýalynjaňlar, messepsizler ýok («Tokmak» žurnaly).


MESSEPSIZLIK, Wyjdany, messebi ýokluk, lebizsizlik.


MESÇILIK, ser. M e s l i k. Saragtyň hal-ýagdaýny ýazyp ibýerýän saňa, Mesçilikmi Marynyň mehriban ili, dostum! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).