SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GYG

GYGYRMAK [gy.tyrmak], 1. Zowwam ses çykarmak, gaty ses emele getirmek, berk seslenmek. Gygyryp, döşüni tutup, ökjäni göterdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

2. Biriniň adyny tutup çagyrmak. Sähet! — diýip, Aman poşy gygyrýar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

3. Käýinmek, azgyrylmak. Geleňsizler, bihepbeler! — diýip gygyranyny-da duýman galdy (B. Purliew, Ilkinji gün).


GYGYRTMAK  [gy.gyrtmak],    1.   Ses çykartmak , ses emele getirtmek.Çagany bijaý  tutup gygyrtdy. (B. kerbabaew,  Aýgytly  ädim). 2.  Käýindirmek, azgyryldyrmak.


GYGYRYŞMAK [gy.gyryşmak], Bileleşip gygyrmak, köp bolup seslenmek. Çarwa, çopan-çolug gahar bolup örülýär, Tokaýda hem düzlýärde  Gygyrşardy  börüler   (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). Suwçular hem çoluk ony görende, Begenşip, gygyrşyp ýerinden galdy ( N. Pomma , Goşgular).