SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GYS

GYSAÇ, ser. G y s g y ç.


GYSBAŇ,   ser.  Gysby.


GYSBY, Giň däl, dar, kiçi, insiz, gysbaň. Iki tamyň arasyndaky gysby ýol bilen barmaly boldy (A. Gowşudow, Eserler). Bu Jülge bir beýik dagyň arka ýüzün-den aýlanyp, soňabaka gysby ýoda bolup ýokaryk galýar-dy. Ine, şundan hem barmak bolar — diýip pyşyrdady (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GYSGA [gy:sga], 1. Uzynlyk ýa-da- boý taýdan ýeterlik derejede bolmadyk, uzyn däl, kelte. Biri gysga bolsa, birisi uzyn (N. Pomma, Saýlanan eserler). Bu ýüp gaty gysga.

2. göç. m. Az, sähelçe (wagt hakynda). Wagt gysga bolýar (B. Pürliew, Ilkinji gün). Türkmenistanyň teatral sungaty gysga wagt içinde ýokary dereje göterildi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GYSGALMAK [gy :sgalmak], Uzynlygy kemelmek, keltelmek, girmek. Köýnek gysgalypdyr.

2. Wagty, möhleti azalmak. Baýyr maýsa bilen özün bezäpdi, Gijeler gysgalyp, günler uzapdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GYSGALTMAK [gy:sgaltmak], 1. Uzynlygyny kemeltmek, kelteltmek. Ýüpi gysgaltmak. Köýnegi gysgaltmak.

2. Möhletini, wagtyny azaltmak, kemeltmek. Ol gürrüňini gysgaltmaly boldy.


GYSGALYK [gy :sgalyk], Uzyn dällik, keltelik. Bu kostýum saňa gysgalyk eder ýaly däl!


GYSGANMAK, Husytlyk etmek, gysgançlyk etmek. Şunça baýlyklary bilen ýene gysgandylarmy? (B. Kýerbabaew, Aýgytly ädim).

Baý malyny bahyl gysganar (nakyl).


GYSGANÇ, Jomart däl, husyt, gysyk. Biziň gadymky gysganç topragymyz indi asyrlardan bäri gabanjaň gorap gelen gizlin göwherini jomartlyk bilen bagyş edýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GYSGANÇLYK, Jomart dällik, gysyklyk, husytlyk. Gerek bolsa janymy-da bererin; Şeýle wagtda gysgançlyk ol ne ýaman (B. kerbabaew, Aýlar).


GYSGAÇA [gy:sgaça], Örän gysga, doly däl. Gysgaça biografiýa. Lektsiýalaryň gysgaça kursy.


GYSGYÇ, Zady gysyp tutar ýaly demir gural, gysaç.


GYSDYRMAK, Iki sany zadyň aralygyna salyp goýmak. Mürzeler ýerlerinden turup, elek galamlaryny gulaklarynyň ýeňsesine gysdyrdylar (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


GYSDYRYLMAK, Iki sany zadyň aralygyna salnyp goýulmak, arasyna sokulyp goýulmak.


GYSMAK, 1. Iki zadyň arasyna salyp berk basmak ýa-da el bilen tutmak, sykmak. Ol tahýany gursagyna gysdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Dar bolmak. Halnazary ýene giň öýüň tärimleri gysyp başlady (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Tufliniň çep taýy aýagymy gysýar.

3. göç. m. Bir iş, zat babatda gyssamak, käýemek.

4. göç. m. Sütem etmek, ezmek. Amerikada negrleri gysýarlar.


GYSMYLJYRAMAK, Birine garşy gysylybrak durmak, ýakyn durmak, gysyljyramak. Bibigül Durda gysmyljyrap: — Örän owadan — diýip jogap berdi («Kolhoz günleri»). Ol oňa her näçe gysmyljyrasa-da, Aýnanyň göwni Umsagülde bir ýigrenjilik syzdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYSSAG, Tiz, çalt, howlukmaç. Eziz öz hökümini gyssag ýaýratmak üçin, her oba bir jigit iberdi. Artyk, häzir wagt gyssag, belli bir düzgün düzmek aňsat iş däl (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYSSAGLY, Howlukmaç, tiz, gyssag, alňasak. Soltansöýün üçin Myraly gyssagly gerek bolupdyr (Myraly). Meniň hem gyssagly işim bar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Men häzir gyssagly taýýarlyk işleri bilen meşguldyryn (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GYSSAMAK, 1. Bir zady wagtyndan öň, tiz gutarmak üçin howlukdyrmak. Il şeýle bosga düşse-de, ony kowalaýan, gyssaýan ýokdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Belli bir habar almak maksady bilen käýemek, öz erkine goýmazlyk. Artyk ony erkine goýman gyssady (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

3. Öz erkine, peýwagtyna goýman sürmek (mal hakynda). Malyňy gaty gyssama-da, arkaýynlyk bilen sür («Görogly» eposy).

4. Jan howluna azap bermek (keselli hakda).


GYSSANMAK, 1. Howlukmak, alňasamak. Dur entek! Ýene nirä gyssanýasyň? (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Görogli ýene gyssandy («Görogly» eposy). Jepbar sagadyna seredip gyssandy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Gyssanan laýa batar (nakyl).

2. Kesel zerarly janhowluňa azap çekmek. Syrkaw ýatan adam gyssanýar tutup gyssanmak.


GYSSANMAÇ, Howlukmaç, alňasak, howul-hara Haýdar gyssanmaç agaçdan düşmäge başlaýar edebiýaty» žurnaly). Ol gapyny gyssanmaç açan jigit içerik kürsäp urdy. Umsagül elinde aýlap oturan käsesini gyssanmaç owurtlap,    sözüni dowam edi. Artyk otludan düşen badyna gyssakmaç ätläp,Çernişowyňka bardy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim)'


GYSSANMAÇLYK, Gyssanmaç ýagdaýda bolma howul-haralyk, howlukmaçlyk, alnasaklyk. Arçyn Pökginiň gyssanmaçlygyna ähmiýet   bermän,   poşa  garady. (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYSSAŞDYRMAK, Ýeke-ýeke gyssamak, gyssap çymak, baryny gyssamak. Öz-özüňden howsala tapyp, hozçylary ýerliksiz gyssaşdyryp, şu ýagdaýa düşdüň ( N. Pomma , Sebäbini soň bildim).


GYSY, Iki dagyň biri-birine golaýlaşýan aral ýoly daralýan ýeri.


GYSYK, gepl. d. ser. Gysganç. Aýu, Annagulynyň kakasy, men saňa gaty gysyk diýjek (A. Durdyew, saýlanan eserler).


GYSYKLYK, ser. G y s g a n ç l y k.   Bally han, seniň ýaly baý ogluna beýle gysyklyk gelişmez (B. babaew, Aýgytly ädim).


GYSYLJYRAMAK, ser. Gysmyljyramak.


GYSYLMAK, 1. Bir ýere ykjam  dykylyp durmak. köpçüligiň içine düşüp sykylmak.Gepleşige päsgel bermezlik üçin künje gysyldy (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).

2. Howsala düşmek, dar göwünlik etmek, darykmak. Gurbanow hem gaty bir gysylyp, ýygryljyrap oturmady    («Sowet    edebiýaty» žurnaly).

3. göç. m. Horlanmak, inçelmek,   çekilmek.   Onuň hem arryk ýüzüniň tumşuklary gysyldy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GYSYLYŞMAK, Biri-biriňe gysylmak, ýakyn laak ýa-da oturmak. Patap ata burçdaky gysylyşyp duran aýallara ýüzlendi (A. Gowşudow, Eserler). Onuň ýanynda hossarlary gysylyşyp durdular (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


GYSYLYŞYK, Gysylyşmaklyk ýagdaýy, daryşganlyk, dyknyşyk. Maşynyň içi adamdan ýaňa dykylyşyk boldy.


GYSYM, Eliňi ýumanynda, eliň içinde emele gelýän boşluk. On rupiýany gysymyna jyňňyrdadyp guýandan soň, serpik ýaňadandan has giňräk açyldy    (B. baew,   Aýgytly   ädim).   

* G y s y m y n d a    s a k l a m a k — biriniň erkini öz ygtyýaryna almak, erk taýdan özuňe garaşly etmek. Ol meni öňki çykaran gyzlary ýaly gysymyniň içinde saklajak. bolýar (A.Durdyýew, Saýlanan eserler).


GYSYMLAMAK, Eliň bilen gysyp tutmak, gysymiň bilen gysyp tutmak. Ol atlary iliň sürşi ýaly gop berip gyssaman, uýany iki eli bilen gysymlap ýöne sömelip otyrdy  (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler). Bir aýagy mesili, bir aýagy ýalaňaç, goşasyny gysymlap, hasanaklap daş çykdy. Gapydan gelen sesini çykarman, Artygyň    düşeginiň  ýanynda  çöküp onuň elini gysymlady (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYSYRBOSSAN    [gysyrbossa:n],  Palasa salynýan nagşyň bir görnüşi.