GYJ |
||
GYJAK, Gapak deregine kädisiniň ýuzüne ýary çekilen, perdesiz,
üç kirişli syhalyp çalynýan saz guraly. Bahar güni Garasuwuň boýuna
Seýle çykdyk, alyp gyjak, dutary (
GYJAKÇY, Gyjak çalýan adam. Sen biziň iň gyjakçymyzsyň («Sowet edebiýaty» žurnaly). GYJALAT [gyja:lat], Birine bildirilýän igen närazylyk, meçew, küşgüriş, gyjyt. Indi mundan artyk gyjalata özümi goýmaryn (A. Durdyew, Saýlan| eserler). Öwez gyjalata çydap bilmedi («Görog eposy). <> Gyjalat bermek biriniň bir oňarmaýanlygy barada namysyna deger ýaly söz aýtma .Ata öz dostuna gyjalat berdi («Kolhoz günleri»). GYJAMAK: diş gyjamak biri ýa-da bir zat barasynda ahmyr çekmek; zor bermek, gazaplanmak. Möjekler agajyň aşagynda durup, dşilerini gyjapdyrlar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). GYJYGYJY, bot. Ýaz aýlarynda gögýerýän ýabyny ot. GYJYK, Teniň gyjyklananda ýüze çykýan, täsir , duýgy. GYJYKLAMAK, Adamyň gyjygyny getirmek üçin tenini dyrmalamak. Ol ýene Marýanany gyjyklamaga başlady (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler). GYJYNMAK, 1. Bir zada hyjuw etmek, ahmyr çemek. Geçen zada gyjymak. 2. Gahar-gazaba münmek, gaharlanmak. Ol aşaky küti dodagyny dişläp gyjyndy (B. kerbabaew,aýgytly ädim). GYJYRDAMAK, 1. Çeýnelende, dişiň arasynda zat galyp gyjyrdyly ses çykmak, gyjyrt-gyjyrt etmek. Dişiň arasynda iýýän zadyň gyjyrdamak. 2. göç. m. Sähel zada gaharlanmak, gaharyň gelmek.Näme beýle gyjyrdap otyrsyň? GYJYRDATMAK, 1. Gyjyrt-gyjyrt edip çeýnemek. Pişik syçany gyjyrdadyp çeýnedi. 2. Gahar getirmek, gaharlandyrmak. GYJYRDY, Iýmit çeýnelende, käbir gaty dişiň arasynda galmagyndan ýüze çykýan ses. Dişimiň arasynda bir gyjyrdy-ha bar. GYJYT, [gy:jyt], ser. G y j a l a t. Öz häsiýetinden habarsyz Pökgi wala Umsagülüň sözi ýaraman, oňa kinayaly gyjyt berdi, Halnazar gapdallaýyn sowallara, gyjytlara gulak gabartman, janygyp dowam etdi (B. kerbabaew Aýgytly ädim). |