SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GYP

GYP: gyp basmak — birden gamça basmak, ýüzin salmak, aldygyna çapdyryp gitmek. Batyr, düşüp, atyny gyp basandan soň, nökersumaklar tüpeňlerini towhuldadyp atan boldular (A. Gowşudow. powestler we hekaýalar).


GYP-GYZYL, Reňki juda gyzyl, çym gyzyl, ýüzleri gyp-gyzyl.


GYPJYK, Tisginmekden, gypjynmakdan öwrendikli bolup galan. Gypjyk mal.


GYPJYNDYRMAK, 1. Agram salyp agyrtmak, tagaşyksyz hereket edip agyrtmak (bedeniň bogunlaryna). Bili gypjyndyrmak.

2. Urjak ýaly edip tisgindirmek, gorkuzyp ziňkildetmek.


GYPJYNMAK, 1. Bedeniň bir ýerine   agram düşüp agyrmak. Bilim gypjynypdyr.

2. Bir ýeriňe deger öýdüp tisginmek, gorkup zinkildemek.Näme beýle gypjynyp otyrsyň?


GYPMAK, 1. Birine yşarat edip, gözüňi ýumup bermek, gabaklary çalt hereket etdirip, göz açyp

ýummak. Eroşka gözüni gypyp, Oleniniň  ýüzüne soragly seretdi (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).

2. Ýapyrmak. At gulagyny gypyp, gazygyň daşyna aýlandy.


GYPYDYKLAMAK,   Bir hili   epberilip, agsabrak ýöremek. Babahan arçyn gypydyklap, olaryň ýanyna bardy (B.  kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYPYK, Gulagy ýapyrylyp duran. Bu atyň gulaklarry doga gypykdy.


GYPYRTMAK, Bir ýan ujundan başlap kesmek,baryny ýatyrmak, pürdemek, pürrelemek. Wüşi kel oragy  alyp, gören çybygyny gypyrdyp başlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GYPYŞMAK, Ýapyryşmak. Gazykda duran atlar gulaklaryny gypyşyp, oňa topuldy.

<> G ö z   g y p m a k — biri-birine göz gypmak. Sen ony al, men muny — diýip, göz hem gypyşdy («Tokmak» žurnaly).