SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GYT

GYT,  Bol däl, selçeň tapylýan, selçeň bolýan, az . Ilde senden hem owadan ýigit gyt däldir  (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Şol alty aý içinde onuň howply günleri gyt bolmady. Näme üçin biziň suwumyz gyt bolýar. (B  kerbabaew, Aýsoltan).


GYTAK [gy:tak],   Göni däl, dogry däl, gyşyk. Ol oba tarap gytak bir yodajyk gidýärdi.


GYTAKLAMAK  [gy:taklamak],   Gytak ýöremek, aýlanybrak ýöräp ýakynlaşmak, gabatlap    golaýlaşmak. Ozaldan düzgün  eden düýe, her wagt   bir agzyny ota urup, keýiklere tarap gytaklap ugrady.     <>    Gytaklap   seretmek — gözüň bir ýan çeti bilen seretmek. Näme, beýle maňa gytaklap seredýärsiň!


GYTALMAK, Gyt bolmak, selçeň tapylmak, azalmak.


GYTLYK, ser. G y t ç y l y k.    Sen. ölýänçäň, gytlyk gytlyk gyrasyndan barmarsyň (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYTÇYLYK, Bolçulyk däl, gerekli zatlariň gytlygy, gahatçylyk. Gök  ekinçilik  kolhozlary  özleriniň parnikleri we ýyladylan topraklary üçin biologi ýangiňy barada ýygy-ýygydan gytçylyk çekýärler

( S. Hruщew, SSSR-iň oba hojalygyny mundan beýläkde ösdürmek çäreleri hakynda).


GYTYK, Ösgün däl, ýaňy çykyp başlan, gysga. Pökgen özüniň gytyk murtuny sypalady (A. Gowşudow, Köpstdagyň eteginde). Bu orta boýly, doly, gytyk çal saçly adamdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GYTYRDAMAK, Gytyrt-gytyrt etmek, gytyrdyly ses çykmak, gitirdemek.

Çuwaliň içinde syçan gytyrdaýar.


GYTYRDATMAK, Gytyrt-gytyrt edip çeýnemek, gytyrdyly ses çykarmak, gitirdetmek.


GYTYRDY, Ýiti diş bilen gaty zat gemrilende çykýan ses (käbir haýwan hakda). Syçanyň gytyrdysy eşdildi.