SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GYB

GYBAT [gy:bat], Biriniň daşyndan edilýän nädogry, takyk däl gurruň, myjabat. Öýüň gözeneginde gybat edip oturan aýallar hem seredşidiler (A. Gowşudow, Eserler), Gybatyny edip, ýamanlap oturan mahalynda Pökgeniň üstüne gelmegi Ýolliniň başyndan huşuny uçurdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GYBATKEŞ [gy:batkeş], Gybat edip ýören, başga adamynyň gürrüňini edip ýören, myjabatçy. Gybat-keşiň hem jaýy jähennem bolsa gerek («Görogly» eposy).


GYBATKEŞLIK [gy:batkeşlik], Gybatkeş bolmaklyk, gybatkeşe has bolan gylyk-häsiýet.


GYBATÇY  [gy :batçy],  ser.   G y b a t k e ş.


GYBYRDAMAK, 1. Ýygjam-ýygjam ädimläp ýöremek, gybyrt-gybyrt edip ýöremek. Gybyrdap ýöremek. 2. Gyrmyl-gyrmyl, gybyrt-gybyrt etmek, gymyldamak. Ýeňimiň içinde nämedir bir zat gybyrdaýar.


GYBYRDY, Mör-möjeklýeriň ýöreýiş hereketi. Jorabymyň gonjunda bir gybyrdy bar.


GYBYRDYKLAMAK, Gybyrdyk-gybyrdyk edip ýöremek, kiçi ädim bilen çalt ýöeremek. Tozana bulaşyp, gumuň içinde gybyrdyklap galar. At şol barmaşa gybyrdyklady («Görogly» eposy).


GYBYRDYKLAŞMAK, Bilelikde gybyrdyklap ýöremek, gybyrt-gybyrt edişip ýöremek. Gybyrdyklaşyp gitmek.