SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GYŇ

GYŇAJUJY [gy:ňaju:jy], Gyňaç gaçmaz ýaly, kellä saralyp gyňaja ildirilýän, ujy ildirgiçli ja kümuş şaý.


GYŇAK, Çöregiň gyrasyndaky ketirdewük


GYŇAÇ [gy:ňaç], Durmuşa çykan türkmen ayal maşgalalarynyň başyna oranýan ýaglygy, uzyn mata. Gyňaçlaryny Meleguşuň guýrugy ýaly edip, sadym baý, Mehinli, Ataýry gelin onuň yzyna düşdi. Mama ýagjymak, ýüzüni gyňajyniň  ujy bilen  süpürenden soň, haşylap dem aldy. Ataýry, gelin gyňajyny galgadyp, oňa bakan topuldy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYŇAÇLYK [gy:ňaçlyk], Giňaç eder ýaly mata. gyňaç bolar ýaly mata.


GYŇRALMAK, 1. Azm urmak, dazarylmak, herrelmek. Ters bakyp, gyňralyp sowluberdi («Görogly».

2. Gyňyr bolmak, hyrsyzlanmak.


GYŇYR, Ýüzi agyr, gagal, hyrsyz. Wäşi ýigitler-den biri Balla degip güldi: — Bä,  bu gelin şu wagtdan şeýle giňyr görünýär-le! (B. kerbabaew, Aygytly ädim). Mähri şeýle gyňyr we irimçik hem gepledi welin, onuň sözleri kalbynda adamkärçilik ysy bar adamynyň ýüzüni ýakyp-ýandyrardy (A. Goşudow, Mähri—Wepa).


GYŇYRLYK, Gyňra has bolan gylyk-häsiýet; gaharjaňlyk, hyrsyzlyk, gagallyk. Kimsi giňirlik bilen geçýänlere seredip, papaklaryny ýuwaşlyk bilen çykarýardylar (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).