SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GYK

GYK [gy:k], Düýe, goýun, geçi ýaly haýwanlaryň öň iýen zadyndan gäwüşemek üçin ýaňadandan agyz boşlugyna getirýän bölegi.

<>Gygy ajamak — gaharjaňlygy artmak, adamkärçiligi erbetleşmek, gödek, ajy sözli bolmak. Onuň gygy ajap öňküliginden, Has-da zalymlygy çykýar gün-günden («Sowet edebiýaty» žurnaly).

G y g y ň y    p ü r k m e k — ýakymsyz, ajy sözüňi aýtmak. Öňkülik bolsa, Mawyny deperdi, oňa agzyndan gelen gygyny pürkerdi. Şol wagtda Umsa güle gözi düşüp,  Pökgi wala-da   onuň   üstüne gygyny pürkdi  (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYK-BAK [gy:k-ba:k], Galmagal, gykylyk, alazenze-le. Kellesini al-asmanda tutýan gök erkek töwereginde gamalaşýanlara, gyk-baklara otlukly gözlerini tegeläp, ýalt-ýult garady (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYKUW [gy:kuw], ser. Gykylyk. Buýruk alyp politseýler beýginden, Gykuw edip üstümize çozdular (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). Şagallariň gykuwlary, olara bakan uzyn-uzyn üýrýän itleriň sesleri eşidildi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Boşanan ýabylar iki baka daýyrdaşyp, heňkirişip uly tozanly gykuw turzardy («Görogly» eposy). Şatlykly gykuwlar bilen, Gaýtarlyp her ýan geçipdi (Çary Aşyr, Poemalar).


GYKUWLAMAK [gy:kuwlamak], Gykuw urmak, «gyw!» diýip alazenzele turuzmak. Duşmany gykuwlap sürüň, ýigitler! (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Gykuwlap möjegi, aldylar daşyn, Aňk bolup oturdy, syrtardyp dişin (N. Pomma, Saýlanan eserler).


GYKUWLATMAK [gy:kuwlatmak], Gykuw urdurmak, gykuwlap gygyrtmak.


GYKUWLAŞMAK [gy:kuwlaşmak], Gykuw urup gygyryşmak, gykuwlap gygyryşmak, Gykuwlaşyp birden: — Göter-de, göter! Äpet-äpet pürsi üýşüp sogurýar (M. Seýidow, Mähriban şäher).


GYKYLYK [gy:kylyk], Gaty-gaty çykýan ses, çasly ses, galmagal, zenzele, gykuw. Bular şol gykilyklary bilen alkymlap geldiler (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Tanapyň sypanyna gözi ilenden, gykylyk edip başlady (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYKYLYKLAMAK [gьpkylyklamak], 1. Galmagal etmek, gykylyk etmek, galmagallamak. Ejeligimsumak Halnazarlara bakan gykylyklap gitda (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç. m. Dawa etmek, dawalaşmak.


GYKYLYKLAŞMAK [gy:kylyklaşmak], 1. Gykylyk edişmek, galmagal edişmek, galmagallaşmak. Adamlariň gykylyklaşýan sesleri eşidilýärdi.

2. göç. m. Dawa edişmek, dawalaşmak, jenjelleşmek.


GYKYLYKÇY [gy:kylykçy], 1. Köp gykylyk edýän, galmagalçy, gopgunçy. Ilýuşkanyň gykylykçy heleýi hem sessiz dem alyp, uklap ýatyrdy (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).

2. Dawa edip ýören, dawagär. Gykylykçy adam.


GYKÝAKA [gy.:kýaka], Köýnekde gapdalrakdan açylýan ýakanyň bir görnüşi. Begenjiň gykýaka köýneginiň ilikleri ýazdyrylyp, ýakasy ýatyrylandygy üçin,  ýasy gursagy, doly boýny, bugdaýreňk ýüzi güne ýanypdyr-da, gyzgylt goňras bolup görünýär (B. kerbabaew, Aýsoltan).