SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GYŞ

GYŞ, ýylyň dördünji pasly. Öten ýyl şu çäkmen bilen bütin gyşy başymdan geçirdim (A. Durdyew, saýlanan eserler).

Gyş. gyzamyk gelmeseň,  tomus mama  — (nakyl) .

Gyşyň- güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz (nakyl)

Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz (nakyl


GAŞARMAK , [gy:şarmak],  1. Bir gapdala ýaplanyp durmak. Begenjiň bir ýanlygyna gyşaran gowaça gözi  düşdi (B. kerbabaew, Aýsoltan). Dikilen agaçlar gyşarypdyr.

2. Ýatmak, uklamak. Halnazar hiç ýerden ugur tapman, irden gyşarmaga mejbur boldy,(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

3. Göni ýoldan bir gapdala sowulmak, göni ýooldan çykmak. Bir gradus gyşarsaň agyr batgalyga batarsyň.        4. Kine etmek, öýkelemek.Näme menden yüzüňi  sowup, gyşaryp ýörsüň.


GYŞARNAKSYZ, [gy:şarnyksyz], Esasy ýörelge boýunça, hakyky düzgün boýunça, dogry.


GYŞARTMAK [gy:şartmak], Egreltmek, kesertmek. Agzyny gyşardyp, düşnüksiz samrady, kimedir sögdi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň şofiory kerpiç düşürilýän ýere ýetip-ýetmän, maşynyň kuzowyny aşaklygyna gyşartdy-da, kerpiçleri agdaryp göýberdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GYŞARYLMAK [gy:.şarylmak], 1. Gyşariň durmak, bir gapdala egrelmek, bir tarapa eglip, keserip durmak. Köne teler gyşarylyp dur. Direk gyşarylypdyr.

2. Ýaplanmak, kesermek. Gyşarlyp iki daýhan Bir peliň gyrasynda Şu hili gürrüň gidýär. Olaryň arasynda (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

3. göç. m. Öýke-kine etmek, göwün etmek, öýkelemek, torsarylmak. Sen näme gyşarylýarsyň?


GYŞLAG, Gyşyna gyşlamak üçin mally-garaly göçülip barylýan ýer.


GYŞLADYLMAK, Idedilip gyşdan çykarylmak, gyş wagtynda bakylmak, gyş wagtynda idedilmek. Mallaryň ýyly gyşladylmagy gowy netijäniň gazanylmagyna getirdi («Kolhoz günleri»). Maldarçylygyň ösmegi mallaryň ýyly we dok gyşladylmagyna köp derejede baglydyr («Sowet Türkmenistany» gazeti).


GYŞLAKY, Öz wagtyndan ir, gyş aýlarynda dogýan (owlak guzy). Irki bolan gyşlak guzy.


GYŞLAMAK, Gyşyna bir ýerde  ýaşamak, gyşyňy bir ýerde  geçirmek. Polýusiň üstünde gyşlan mertlere, Hormatly kän salam Ata Salyhdan (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


GYŞLATMAK, Idedip gyşyny geçirmek, gyşyna bakmak (mal hakda). Mallary oňat gyşlatmak gerek.


GYŞYK [gy:şyk], Duruş ýagdaýy göni däl, dim-dik däl, egri, kese. Çagarygy gyşyk bolsa-da, tüssesi göni çykýandyr (Myraly). Ak telpegini gyşyk geýip, eýläk-beýläk geçýärdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

<> Gyşyk seretmek—biriniň alyp barýan syýasatyna närazylyk bildirmek, garşy çykmak. Ol özüne gyşyk sereden adamlary tutup başlapdyr (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYŞYKLYK [gy:şyklyk], Gyşyk ýagdaýda bolmaklyk, egrilik.


GYŞYK-ÇAÝŞYK [gy:şyk-çaýşyk], Bir rejeli däl, dogry däl, göni däl, egrem-bugram. Madyr işanyň taýynlan raportlaryna Eziz gyşyk-çaýşyk gol çekdi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYŞYN-ÝAZYN [gyşy:n-ýa:zy:n], Gyşyna we ýazyna, bütin ýylyň dowamynda. Gyşyn-ýazyn ýaşyl öwüsýän arçalar daglary, dereleri gelşigine getirýär (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).