GYÝ |
||
GYÝKMAK , Ýukarak kesilip, gyýlyp alnan gawun bölegi,dilim. Gawundan bir gyýkmak kesmek. 2. Ýukajyk bölek . Giýalygyna syrap ýagýan gariň ak gyýkmaklary daş töwerekden görünýärdi. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler). GYÝKMAÇ , Gawundan garpyzdan we ş. m. ýukajyk kesilen bölek. GYÝKYM , ser. GYÝKMAÇ GYÝKYNDY , Mata biçilende, kesilende galýan bölekler. Olar özleri bilen jaňjagazlar, mata gyýkyndyrlaryny getiripdirler (SSSR taryhy). GYÝMA : Gyýma gaş peýkam ýaly inçejik gaş. Onuň gyýma gara gaşlarynda, ýylçyr maňlaýynda ünji ýazylmandy (B.Kýrbabaew, Aýgytly ädim).Aýsoltanyts gyýma gara gaşlary biraz ýazylypdy (B. Kýerbabaey, Aýsoltan). GYÝMAK, 1. Kesip ýaralamak, dilmek ýa-da ýyrtmak. Pyçak onuň eliniň aýasyny biraz gyýdy (B. Kýerbabaew, Aýgytly ädim). Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar (nakyl). 2. Bütewi matanyň ujundan zolaklaýyn gyýa kesmek. Matanyň
ujundan sähelçe gyýyp aýrypdyrlar. <>Ýüregini
gyýmak ser. ý ü r e k
GYÝÇAK, Daşy düz däl, çüňk-çüňk, gyýyk. Darajyk gysby ýodanyň gyýçak daşlary düýeleriň ýasy dabanlarynyň astynda şakyrdaýar (A. Gowşudow, MähriWepa). Bir tarapyň gaýanyň gyýçak daşlary, ikinji tarapiň bolsa çuň jülgedi (A. Gowşudow, Eserler). <> Gyýçak g ö z ser. G ö z. Ol gyýçak gara gözlerini güldürip: Biziňki adam owgandyr diýip, çalgyrt dil bilen jogap berdi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). GYÝY, Içmek, ädik, çokaý we ş. m. tikilende, berklik üçin iki deriniň, gaýşyň sepleşýän ýeriniň arasynda goýulýan zolak gaýyş, deri. Içmegiň gyýysy oňat düşüpdir. GYÝYK, Göni däl, gyşyk. Şol wagtda bolsa saryýagyz wäşi gelin gyýyk garady-da, ýanyndakylara pyşyrdady. (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Bir gezek gowaça, bir gezek Begenje gyýyk garap, enaýy ýylgyryşy Begenje bir hili gaýrat getirdi (B. kerbabaew, Aýsoltan). Soltansöýün Gülüň özüne gyýyk garaýanyny aňypdyr (Myraly). Matanyň bu çeti gyýyk. GYÝYLMAK, Ýiti zat bilen kesilmek, dilinmek. Mataniň gyrasy gyýlypdyr. <> Göwün gyýylmak ser. G ö w ü n. Indi gyýylmaly däldir göwünler (R. Seýidow, Bagtlylar). GYÝYLYK, Gyýy bolar ýaly bölek gaýyş, deri. Gyýylyk deri. GYÝYM-GYÝYM, Dilim-dilim, kesik-kesik, ýoluk--ýoluk. Matany geýim biçjek diýip, gyýym-gyýym edipdir. <> Iüregiň gyýym-gyýym bolma k ser. Ý ü r e k. Meniň ýüregim gyýym-gyýym bolýar (M. Gorьkiý, Saýlanan eserler). GYÝYNMAK, Özüň üçin zat kesmek, dilip, kesip almak. GYÝYŞDYRMAK, Gyýkym-gyýkym edip kesişdirmek. Serdarjyk eline alyp depderi, Gyýyşdyryp, ondan edýär kepderi («Sowet edebiýaty» žurnaly). GYÝYŞMAK, Gyýmaga, kesmäge kömek etmek, kömekleşmek. Demir gyýyşmak. |