SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GYN

GYN [gy:n], Pyçagyň we gylyjyň tygyna laýyk edip, gaýyşdan we ş. m. tikilýän gap. Pursady goldan bermän, jübüsindäki pyçagy çykaryp, gynyny taşlap, maý alyp, bar güýjüni ýygnap, oslaman duran kapitanyň gursagyndan dikdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Gylyç gyndan çykdy, atlandy olar, Watanyň duşman-da hiç köýmez ary (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

Pyçak öz gynyny kesmez (nakyl).


GYNAMAK [gy:namak], 1. Sütem etmek, zorluk etmek, jebir çekdirmek, horlamak. Ertesi bulary ýene birin-birin soraga çagyryp, öňki ýaly gynamaklaryny dowam etdiler (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

2. Gaty ynjytmak, azar bermek, janyny ýakmak. Obadaşlyk hatyrasyna, sen meni mundan artyk gynama (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Ajy sözlýer aýdyp gynamak.


GYNANDYRMAK [gy:nandyrmak], Birinde gynanç döretmek, biriniň nebsini agyrtmak, ýüregini awutmak. Bu habar ony biçak gynandyrdy.


GYNANJAŇ [gy:nanjaň], Sähel zada gynanç bildirýän, nebsi agyrýan, gussaçyl. Gynanejaň adam.


GYNANMAK [gy:nanmak], Ýüregiň awamak, nebsiň agyrmak, gussa çekmek, ökünmek. Adamzat bir-ä begenen-de gep tapmaz, bir-de — gynananda («Görogly» eposy). Öňdeligi elden bersek, gaty gynanarys («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gynanýar ol horluga Gözlerden ýaş akýar (A. Nyýazow, Şygyrlar).


GYNANÇ [gy:nanç], 1. Agyr ýitgi zerarly emele gelýän gam-gussaly duýgy, gam, gussa. Ol hemişe halkyň içinde gezeni üçin, halkyň meýli, niýeti, şatlygy, gynanjy oňa aýandy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bir zat hakda döreýän ökunç, ahmyr. Ýoldaş Akmemmedow, bu ýerde  meniň günem näme? — diýip, ol sesini saňňyldadyp geplemek bilen ähli gynanjyny ýüze çykardy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


GYNANÇLY [gy:nançly], 1. Gynanç döredýän, gam-gussaly. Näme üçindir, oňa şol görnüşler indi has gynançly we eýmenç göründi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Agyr oýda oturan Çernyşow gynançly sözledi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Ahmyrly, ökünçli. Gynançly gürrüň.


GYNANYŞMAK [gy:nanyşmak], Bilelikde gynanmak, ýürekleri awamak, nebisleri agyrmak. Gynanyşyp, köp arman çekip galdylar («Görogly» eposy).


GYNATMAK [gy:natmak], Guzap görkezmek, sütem etdirmek, horlatmak.Ýetim oglan, dul hatyny gynadyp, Baba başyn alyp gitdi, Meňli han (Mollamurt, Saýlanan eserler).